Gülhan
16.05.2022 21:36
WİTAMİNLER - biohimiki, biofiziki prosesleriň geçmegini üpjün edýän, beden üçin gerekligi örän ýokary bolan himiki organiki birleşmelerdir. Olar organizme iýmitiň üsti bilen gelmeli.
Terjimesi ( Latyndan “wita” – ömür, ýaşaýyş)

Witaminler ereýjiligi boýunça iki topara bölünýär:

1) Suwda ereýänler, olara B toparyň, C, P we beýleki witaminleri degişli;

2) Ýagda ereýänler, olara A, D, E, K, F witaminleri
degişli.

Organizmiň witaminler bilen üpjün edilmeginiň derejesine
görä-de üç ýagdaýlary bolýar:

1) Awitaminoz – haýsydyr bir witaminiň köp wagtlaýyn ýetmezçiligi;

2) Gipowitaminoz – witaminiň bölekleýin ýetmezçiligi;

3) Giperwitaminoz – haýsydyr bir witaminiň aşa köp mukdarda organizmde bolmagy;

Suwda ereýän witaminler topary.
Olaryň umumy häsiýeti - suwda gowy ereýänligi. Bulara: B, C, P toparlaryň witaminleri girýär.
B topar:

B1 - antinewrit tiamin. Aşgazanyň, ýüregiň işine, madda çalşyga täsir edýär.
AWİTOMİNOZY (ýetmezćilik edende)- beri - beri ýa-da polinewrit keseli döräp bilýär. Onuň esasy alamatlary: işdän kesilýär, organizmiň umumy gowşaklygy, aýaklarda gowşaklyk, demiň gysmagy, ýüregiň çalt urmagy.
Çeşmesi: nohut, noýba, mäş, merjimek,soýa we ş. m. Ösümlikler hem-de et, balyk we süýt
önümleri.
Günlük möçber: 0,6 mg.

B2 - riboflawin. Görüş organyny güýçlendirýär, biologik okislenmä gatnaşýar.
AWİTOMİNOZY- konýuktiwit keseli, görüş ukybynyň
bozulmagy, azganlylygy, ýüzüň, gulaklaryň, göwüsleriň
derisiniň zaýalanmagy bolup geçýär.
ÇEŞMESİ: et-süýt önümler çörek, gök önümler.
Günlük möçber: 2mg.

B3 - antipellagriki, nikotinamid, PP, nikotin kislotasy, niasin. İýmit siňdirişe gatnaşýar.
AWİTOMİNOZY: pellagra keseli (psihiki bozukluğa çenli eltip bilýär), deriniň ýüzüniň agarmagy, dermatit keseli.
ÇEŞMESİ: dury piwo drožylar we galla
önümleri.
Günlük möçber: 6,5 mg.

B5 - pantetin kislotasy. Mäzleriň, nerw sistemanyň, işine gatnaşýar. Ýetmezçilik edende horlanmak, gorujilik peselmek, Daban gyzmak, ýaly alamatlar yüze çykýar. Ýumurtgada, çowdary(gara çörekde), maýa kömelekde saklanýar. Günlük norma: 4-5 mg.

B6 – antidermatiki, piridoksin.
AWİTOMİNOZY: stomatid keseli, eritrositleriň mukdarynyň azalmagy ýüze çykyp bilýär. Horlanmaga sebäp bolp bilyä, sebäbi ol biologik işjeň katalizatorlarň 50den gowragynyň duzumine girýär.
ÇEŞMESİ: bagyr, et, balyk, miweler, süyt önümler.
Günlük möçber:2mg.

B7 - biotin ýada aş witamini. Ýetmezçilik edende dermatid, gepertomiýa, anemiya, konýuktiwit keselleri.
Peýnir, ýumurtga, et önümleri.

B9 – foliý kislatasy. Gan emele getirme işine, aminokis-ň işine gatnaşýar. Bagyr böwrek, petruşka, ysmanak we ş.m önümlerde bolýar.
Ýetmezçilik edende anemiya, iç gatama, ýaly keseller yüze çykyp, boy ösüşine tasirni ýetirip biler.

B12 – antianemiya, kobalamin.
AWİTOMİNOZY: azganlylyk (anemiya) we iýmit siňdiriş, nerw, ýürek-damar sistemalaryň bozulmagy ýüze çykýar. B12 witamini – aşgazanda sintezirlenýär.
ÇEŞMESİ: balyk, towuk eti, sygyr bagry we böwregi.
Günlük möçber: 2,25 mkg.

B15 – pangomowyý kislota. Nuklein kis-ň sintezine, okisnlenme proseslerne gatnaşýar. Ösümlikleriň tohumlarynda, bagyrda, tüwide duş gelýär. Gündelik norma: 2 mkg.

Witamin C – askorbin kislotasy, antiskorbutiki (antisingotiki). Güýçli antioksidant (çiş kesellerne garşy), kollegeniň emele gelmegine gatnaşýar. Adatça haýwan önümlerinde C witamin duş gelenok. Ösümlik, gök önümlerde saklanýar.
AWİTOMİNOZY: singa keseli (dişiň ýarawsyzlygy), gan damarlarynyň portlygy
(döwlegenligi), organizmiň umumy gowşaklygy, işdäniň peselmegi, ösüşiň haýallamagy.
Çeşmesi: ösümlikleriň miweleri, ýapraklary we kökleri.
Günlük norma: 70-120 mg.

Maglumatlarň çeşmesi: Ahmetýarowa G, Biohimiýa, goşmaça depderler;)
12
277
Gülhan
Gülhan
16.05.2022 08:16
Я нахожусь на той стадии своей жизни, когда держусь подальше от споров. Даже если вы скажите мне 1+1=5, вы обсалютно правы, наслаждайтесь!😒
Gülhan
15.05.2022 12:09
ÝAZMASY HAS AGYR DÜŞEN GOŞGY...

Ýene-de ene hakynda

Ak süýt beren ene
Gadyrdan gaçýa diýdiler
Sadagaň bolaýyn, ene
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene

Ýenede galamy almana ele,
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler üç oğul üç gyzly ene,
Bir ýerlerde haram ölüpdir şugün.

Waka bolupdy uzak bir ýerde,
Ýöne parhy näme ýakynmy uzak?!
Perzentleň enäni terk edenligi,
Enäň bolsa haram ölenligi hak!

Men muny ýazmadym belli bir ýerde
Ýazdym dürli ýerde bölekme bölek
Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda,
İndi bolsa başyn jemlemek gerek.

Alty sany çağa dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir demlik Wepa.
On aýlap ýatypdyr keselhanada
Kä penjirä bakyp käte-de gapa..

On aýda üç gezek görlüpdir üç gyz,
Erkek göbek bilen gelmändir hiçkim.
Aýağa galypdyr äkitmändirler,
Ýygnaň diýip sutdan gelipdir höküm.

Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap.
Ne ene etaža çykyp bilipdir,
Ne oğly ýokardan düşüpdir aşak.

Şo ýerde sowukdan gatapdyr ene,
Niçiksi derejä düşdiň sen ahlak?!

Waka nämahal nirede boldy,
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene.
Nirede nämahal näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?!

Ene ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şugüni hemem ähli geçeni
Depäňden müň bela inermiş agşam
İrden birje agladaýsaň ejeňi...

Terjime edipdim Resul şahyry,
Matam bilen indi dağlaň içeni
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr,
Resul oğlum agyrtmagyn ejeňi!

Meşhur bolmasa-da meniňem atam,
Goşgy ýazman çalarsada saçyny,
Şo sözdi onuňam in soňky sözi,
Ýalňyz köşek agyrtmagyn ejeňi...

Soň soňlaram baryp mazarystana,
Bagrym oýkap owradamda içimi,
Ses çykýan ýalydy köne mazardan,
Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi,

Ýowuz günde aýlanypdyk bileje,
Atgyrany, gaňňalyny, tejeni...
Belki özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi...

Elimden gidende ilkinji söýgim,
Gürrüň berenimde başdan geçeni.
Enem bir aglapdy, diňe men şonda,
Birje gezek agladypdym ejemi...

Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny.
Olam meň günämi ötmedik bolsa,
Gaýdyp beriň razy etjek ejemi...

Ýok ýok ol müň kerem razy diýipdi,
Soňam gitdi, boşap galdy içeri.
İndi özüm wesýet edýän oğluma,
Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi...

Bu wesýet wesýetden wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden çowluga ýetip,
Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna...

Hawa üç ogully üç gyzly ene,
Göwsünde bitirip alty ýapragy.
Olary saraltman özi saraldy,
Şuğünem girmeli ene toprağa.
Bu waka nämahal nirede boldy,
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene.
Daşdamy ýakyndamy näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?!

Kaspı kenarymy, wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi, ýokdur tapawut.
Alty balasyna uzak yaş diläp,
Gabrystana barýar eneli tabyt..

Tabydy özgeler göterip barýar,
Diňe burny çapyk ortanjy oğul.
Bir minut göterdi, onda derrew,
"Götermekçi bolsaň täzeden dogul"!
-Diýýändek bir goja yzyna itdi,
Tabyt dowam etdi ýoluny ýene.
Alty köşegine uzak ýaş diläp,
Soňky öýne barýar ak saçly ene...

Biz nälet okaýas ol ýaş dileýä,
Bir ýol bilen barýar iki kantras.
Oýlandym ölçerdim çykmady başym,
Köpüňki rasmy, enäňki ras?!

Enäni baýdak deý göterip barýas,
Näçe belentlige galdyrdygmyzça.
Göýä daşlaşýan deý balalaryndan,
Agram atyp ýere çökýärdi şonda...

Tabydyň yzynda ýüzlerce kelle,
Göýä akyp barýan gara derýa dek.
Ene bolsa şol kelläniň üstünden,
Balalarna ömür diläp barýardy.

Ol ömür dileýä biz nalyş etýäs,
Biziň düşünjämiz ters gelýä enä.
Ýeri aýt ,perzentler bigünä bolsa,
Onda kimiň günää bu günä?!...

Belki hol barýanyň günäsidir ol,
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp.
Goşgular okaýa, enesi bolsa,
Gedaý gezip öldi kaloşy ýyrtyk..

Belki hemmämiziň günämizdir ol,
Megerem märekäň içinden dartyp.
Özüni süreklap çykarmalydyr,
Megerem mendirin hatarda artyk.

Birdenem märekäň hatarny kertip,
Wazlap geçip gitdi 02 maşyn.
Görlüp gitdi gara tumşukly adam,
Sünüp gitdi limon reňkli maşyn.

Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr,
Ykbalyň ak tumşuk bermäni üçin
dälde,
On ýyl ozal jaýlanan enäň,
Mazaryn bir gezek görmäni üçin...

Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün,
Ortasy çöküpdir gapdaly hiň hiň..
Goňşylar düzedip geldiler şugün,
Beýik oğly işden goýmazlyk üçin.

Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için,
Wagtym ýok diýenmiş çinownik oğul.
Eý ynsap nähili sergide ýetdiň,
Şeýle nadanlar, bogýadyk bogul.

Tabydy göterip barýardy millet,
Şäheriň kiçijik köçesi bilen
Goşulan goşulýa, goşulmadygam,
Hoşlaşyp galýady ejesi bilen...

Köçäniň uğrunda çal saçly adam,
İmport pijamaly import köwüşli.
Göýä ýüz gözüde imporda meňzäp,
Märekä bakyp dur dürli röwüşli....

Ýaşyl jülgeläniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,.
Tüweleme..
Bir garny bilen bekläp dur
Şäheriň bir köçesini...
Özi bolsa mundan 7 ýyl ozal
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok deý on otagly jaýyndan
Ketege göçirdi öz ejesini..

Şondan bäri onuň habary bardy,
Nehä şo ketekden, nehä ejesinden.
Ýygnan puly bolsa haram halal,
Agypdy amanat depderçesinden..

Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp
Ynsapy basgylap wyždany çyzyp,
Oğul gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Nehä enemiziň ahwalyn sorap,
Nede iki barmak essalam ýazyp...
Hawa hut bizdiris, belki bizdiris

Bizä bizdiris hasrat getirip
Müňlerçe enä
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kaperkadan geçen ikinji nusga
İkinji günä!

Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin.
Müňlerin günäsin ötmeýänligi
Üçe gelen parasatly enä sen

Megerem şeýledir uşak günäden,
Halas däl bolsada bu juwan nesil.
Senden gören zadyn öwrendi çağa,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!

Atadan handaslyk öwrenen oğul,
Bolup atadan-da beterräk handas.
Enes'in ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.!

Howwa bu şeýledir, jezaň körügi
Bizdedir.
Çagany näletleme bes
Günämiziň asyl nusgasy hakda,
Oýlanaryn diýseň Enä gulak as...


Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümüz ýadymdan çykan eken tas.
Biahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň Enä gulak as...

Enä gulak as!
Şu goşgynyda men dälde,
Eneleň paýhasy goşdy.
Şeýdibem döredi eneleň pähminden
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...😔

Kerim. Gurbannepesow.
17
184
Gülhan
Gülhan
13.05.2022 22:20
Öz ynanjyň, kelläň bilen ýaşamak Bu dünýäde iň kyn zadyň birisi. Epeý-epeý kişilere syn etseň Şol bir zady gaýtalap ýör barysy. Birje sözde berip boljak manyny Sozup-sozup ýetirýärler gulaja.
Gülhan
Gülhan
13.05.2022 22:06
ÝÜREK WE BEÝNİ GATNAŞYGY🧠?🤔 Asyrlar boýy ýürek adam bedenindäki duýgularyň mekany hasaplanylýar. Emma, Adamyň gan aýlanyşygy we dem almagy amala aşyp dursada, Haçanda beýni ölende ol adam gorkmaýar,
Gülhan
Gülhan
12.05.2022 00:24
UMUMAN... Belli bir adamyň adyny tutman, Bellibir meseläň başyny çatman, Bellibir nyşana çenemän-atman, Gürledi umuman, Gezdi umuman. Saýlaman durmuşda anyk bir ugry, Hiç zada çynlakaý ýakmady bagry.
Gülhan
11.05.2022 22:46
Güýmenje...🙃 Siziň üçin Tapmaçalar!!!
AGZALARY tapmak ?
Kim-kimleri tanaýaka!

Başladk:

1. Ýyllar boýy küteldip, galamyn ujyn,
Garry möjek derdi bilen awara...
Ýazan ýazgylary setirme-setir,
Beslenşip dur meşhur kitap gatynda...📝(Ylham Gurbanaly)

2. İl içinde dür saçylýar dilleri,
Ol gelse, tümlük güneşe dönýä..
İsleg, yhlas, maksat, hyjuw-hyýally,
Periniň lakamy "üstünlik" göýä. ;)) (Dusia)

3. Bir görseň bar, bir görseňem ýok ýaly,
Agraslyk, edep-ahlak onda birinji.
Jedel etmän, oňuşmagy başarsaň,
Gül näzik göwnünde görmersiň ünji.🤗 (Guli)

4. İlkinji, iňň irki ağza diýmegim,
Ony bilmegňize ýeterem belki.
Mähirli, mylaýym, sözleri sada,
Üýtgeşik, geň, Bagta mynasyp kişi!😚 (Gülşat)

5. Başagaýlyk durmuşyna ornapdyr,
Şondada ol elden berenok erki.
Gelse günin, göwün awlap geçirer;)
Programmaň enaýyja dälisi...😋 (Banucicek)

6. Soraglardan hijem asla ýadaman,
Birzatlaryň gözleginde hemişe...
Çyn adyny häli-şindem aňdyrman,
Şazadasyn gözläp ýören..........?🤭. (Melikee)

7. Feýk, like, dislike, şahsylaşmak,
Gönümellik, ýa özboluşly häsiýet,
(Otur, nokat, sözler barsy ýerbe-ýer)
Bulaň bary ýygnanyp bir tarapa,
Bir meşhur agzany salýa ýadyňa...🙂. (İdeallider)

8. Akyla ornadyp manyly sözler,
Peýdaly maslahat, ündew-nesihat,
Hem bir-birinden gözel hekaýa,
Terbiýeçi, elmydama ulgamda...🤓. (Ylham1989)

9. Müdimi kärine öwrüldi göýä,
Kitap jümlelerni toplap gezmeklik...
Okaldymy, görüldimi, parhy ýok,
Öz kalbyna siňmekligi ,şol ýetik.🌹. (Bägül)

10. "Zatynda söz pähmin bilmez adamga"
Niçe many diýseň gadryn näbilsin"
-diýip ýörelgeläp Magtymgulyny,
Güýçli gidýär, meşhur ýoly "Kämillik"🌱. (Şirnazar)

11. Kiçijik dünýäsi bar, mähirden doly,
Hormat-sylag oň üçin ilkinji ýerde.
Yitdi-gitdi akyllyja okuwçy, (
Diýip bize ejekede-ejeke 😇. (Lord)

12. Görnüşinden agraslygy ündeýän,
Gijesini, üzňeligi halaýan,
Öwrenmeliň töründe ýer eýelän,
Meşhur ağza aňymyzdan öçmezdir... 👤 (D.S)

13. Düşünjeli, paýhasy misli bir dana,
Göýä ýüzmekligi öwreden ykbal
Durmuş deňizinde birnäçe gezek,
Gayyksyz-küreksiz kenara çykan...(

Ady agžalmadyk agzalar öňünden bagyşlaň!😶 (Ýalňyşlyklar üçinem)
15
528
Gülhan
Gülhan
11.05.2022 19:39
Все говорили: "будь женственнее", а я всегда мечтала жить на Сицилии и возглавлять Мафию.))
Gülhan
Gülhan
10.05.2022 14:36
ÝÜREGE ÝÜZLENME ! Bu golaýda senden habar alamok, Hallaryň niçikdir, pitneli Ýürek? Henizem sag-aman urup durmusyň Bir mahal sogrulyp gitmeli Ýürek. Abyrsyz ýükleriň astynda sojap. Ezýet baryn çekdiň
Gülhan
Gülhan
02.05.2022 10:19
Mydama Allah ýolunda ybadat edýän, Alla bilen gürleşip bilýän keramatly bir adam bolupdyr. Ol şeýlebir bir garyp eken aýaly bilen kiçijik külbesnden başga bulaň hiçzady bolmandyr. Günlerde bir gün