ÝÜREK WE BEÝNİ GATNAŞYGY🧠?🤔
Asyrlar boýy ýürek adam bedenindäki duýgularyň mekany hasaplanylýar.
Emma, Adamyň gan aýlanyşygy we dem almagy amala aşyp dursada, Haçanda beýni ölende ol adam gorkmaýar, söýmeýär, eşitmeýär, görmeýär, duýmaýar, garaz ölýär. Eğer ýürek duýgularyň merkezi hökmünde kabul edilen bolsady, onda ýüregi işleýän adam ýaňky duýgulary başdan geçirmeli bolardy. Emma ol duýgular beýnide döreýär. Onuň bedene ugradýan signallary arkaly bu duýgulary duýýarys. Şeylelikde, Ýürek we bedeniň beýleki bölekleri "duýmaga" mümkinçilik berýän araçylardyr.
Eğer ýürekde duýgy ýok bolsa, onda ynsanda köp zatlaryň içden gelmesi, ýürekden çykmasy...bu nähili ýagdaý ?
Syzmak! Ýagny duýgurlyk! Genetiki bar bolan, ýada başdan geçiren tejribelerine laýyklykda her adamda beýnide emele gelen duýgy bolýar. Ol (İç sesi). Bu erkeklere seredende aýallarda has güýçli ýüze çykan. Şonuň üçin hem olar başa geljek käbir zatlary öňünden iç sesleri arkaly duýýarlar.
ÝÜREKDE DUÝGY ÝOK.
Bilşiňiz ýaly, bu ýerde ýenede sorag dogulyp biler... Adam aşyk bolanda ÝÜREK arkaly söýýärmi ýada BEÝNİ bilenmi ?
Elbetde beýni bilen! Ýöne men neýro-ylmy işgär hökmünde söýýänime "seni çyn ýürekden söýýärin" diýerin... "Mezokortiki ýollarymdaky obsesif zynjyrlar sebäpli seni söýýärin" diýmek gaty romantik däl :)
Bir ýagdaýy erbet ýada gowy tarapa üýtgetmekde muňa beýnimiziň ynanmasy ýeterlimi ?
Köplenç hawa. Meselem, bugünki ýagyşly howa siziň daşa çykmagňyza päsgel eden bolsada, bugün daşa gezelenje çykmana ýagyşly howa başgalary üçin has gowy bolup biler. Aslynda gowy ýa erbet diylen zat ýok, ony gowy ýa erbet edýänem, boljak ýa bolmajak edýänem biziň olara berýän bahalarmyza baglydyr ýagny DÜŞÜNJELERMİZE.
Men "Haýyrlysy bolsun" jümläniň güýjüne gaty ynanýaryn meselem... Sebäbi bu rahatlandyrýan we motiwe edýän bir dünýägaraýyşdyr..
Dowamy bar.
ADAM BEÝNİSİ: 160gr ýagdan, 110gr proteinden, 15gr şekerden, 10gr duzdan, 1 litr suwdan ybaratdyr. )
Çeşme: http://www.heartmath.org/research/research-intuition/The_Resonant_Heart.pdf