ÝAZMASY HAS AGYR DÜŞEN GOŞGY...
Ýene-de ene hakynda
Ak süýt beren ene
Gadyrdan gaçýa diýdiler
Sadagaň bolaýyn, ene
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene
Ýenede galamy almana ele,
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler üç oğul üç gyzly ene,
Bir ýerlerde haram ölüpdir şugün.
Waka bolupdy uzak bir ýerde,
Ýöne parhy näme ýakynmy uzak?!
Perzentleň enäni terk edenligi,
Enäň bolsa haram ölenligi hak!
Men muny ýazmadym belli bir ýerde
Ýazdym dürli ýerde bölekme bölek
Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda,
İndi bolsa başyn jemlemek gerek.
Alty sany çağa dem beren ýürek,
Görmändir olardan bir demlik Wepa.
On aýlap ýatypdyr keselhanada
Kä penjirä bakyp käte-de gapa..
On aýda üç gezek görlüpdir üç gyz,
Erkek göbek bilen gelmändir hiçkim.
Aýağa galypdyr äkitmändirler,
Ýygnaň diýip sutdan gelipdir höküm.
Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip,
Oglunyň işigne geçipdir taşlap.
Ne ene etaža çykyp bilipdir,
Ne oğly ýokardan düşüpdir aşak.
Şo ýerde sowukdan gatapdyr ene,
Niçiksi derejä düşdiň sen ahlak?!
Waka nämahal nirede boldy,
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene.
Nirede nämahal näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?!
Ene ynsanýetiň tutuş geljegi,
Hem şugüni hemem ähli geçeni
Depäňden müň bela inermiş agşam
İrden birje agladaýsaň ejeňi...
Terjime edipdim Resul şahyry,
Matam bilen indi dağlaň içeni
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr,
Resul oğlum agyrtmagyn ejeňi!
Meşhur bolmasa-da meniňem atam,
Goşgy ýazman çalarsada saçyny,
Şo sözdi onuňam in soňky sözi,
Ýalňyz köşek agyrtmagyn ejeňi...
Soň soňlaram baryp mazarystana,
Bagrym oýkap owradamda içimi,
Ses çykýan ýalydy köne mazardan,
Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi,
Ýowuz günde aýlanypdyk bileje,
Atgyrany, gaňňalyny, tejeni...
Belki özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne duýup agyrtmandym ejemi...
Elimden gidende ilkinji söýgim,
Gürrüň berenimde başdan geçeni.
Enem bir aglapdy, diňe men şonda,
Birje gezek agladypdym ejemi...
Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny.
Olam meň günämi ötmedik bolsa,
Gaýdyp beriň razy etjek ejemi...
Ýok ýok ol müň kerem razy diýipdi,
Soňam gitdi, boşap galdy içeri.
İndi özüm wesýet edýän oğluma,
Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi...
Bu wesýet wesýetden wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden çowluga ýetip,
Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna...
Hawa üç ogully üç gyzly ene,
Göwsünde bitirip alty ýapragy.
Olary saraltman özi saraldy,
Şuğünem girmeli ene toprağa.
Bu waka nämahal nirede boldy,
Diýip maňa sorag berýärsiň ýene.
Daşdamy ýakyndamy näme parhy bar,
Ene hemme ýerde dälmidir ene?!
Kaspı kenarymy, wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi, ýokdur tapawut.
Alty balasyna uzak yaş diläp,
Gabrystana barýar eneli tabyt..
Tabydy özgeler göterip barýar,
Diňe burny çapyk ortanjy oğul.
Bir minut göterdi, onda derrew,
"Götermekçi bolsaň täzeden dogul"!
-Diýýändek bir goja yzyna itdi,
Tabyt dowam etdi ýoluny ýene.
Alty köşegine uzak ýaş diläp,
Soňky öýne barýar ak saçly ene...
Biz nälet okaýas ol ýaş dileýä,
Bir ýol bilen barýar iki kantras.
Oýlandym ölçerdim çykmady başym,
Köpüňki rasmy, enäňki ras?!
Enäni baýdak deý göterip barýas,
Näçe belentlige galdyrdygmyzça.
Göýä daşlaşýan deý balalaryndan,
Agram atyp ýere çökýärdi şonda...
Tabydyň yzynda ýüzlerce kelle,
Göýä akyp barýan gara derýa dek.
Ene bolsa şol kelläniň üstünden,
Balalarna ömür diläp barýardy.
Ol ömür dileýä biz nalyş etýäs,
Biziň düşünjämiz ters gelýä enä.
Ýeri aýt ,perzentler bigünä bolsa,
Onda kimiň günää bu günä?!...
Belki hol barýanyň günäsidir ol,
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp.
Goşgular okaýa, enesi bolsa,
Gedaý gezip öldi kaloşy ýyrtyk..
Belki hemmämiziň günämizdir ol,
Megerem märekäň içinden dartyp.
Özüni süreklap çykarmalydyr,
Megerem mendirin hatarda artyk.
Birdenem märekäň hatarny kertip,
Wazlap geçip gitdi 02 maşyn.
Görlüp gitdi gara tumşukly adam,
Sünüp gitdi limon reňkli maşyn.
Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr,
Ykbalyň ak tumşuk bermäni üçin
dälde,
On ýyl ozal jaýlanan enäň,
Mazaryn bir gezek görmäni üçin...
Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün,
Ortasy çöküpdir gapdaly hiň hiň..
Goňşylar düzedip geldiler şugün,
Beýik oğly işden goýmazlyk üçin.
Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için,
Wagtym ýok diýenmiş çinownik oğul.
Eý ynsap nähili sergide ýetdiň,
Şeýle nadanlar, bogýadyk bogul.
Tabydy göterip barýardy millet,
Şäheriň kiçijik köçesi bilen
Goşulan goşulýa, goşulmadygam,
Hoşlaşyp galýady ejesi bilen...
Köçäniň uğrunda çal saçly adam,
İmport pijamaly import köwüşli.
Göýä ýüz gözüde imporda meňzäp,
Märekä bakyp dur dürli röwüşli....
Ýaşyl jülgeläniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,.
Tüweleme..
Bir garny bilen bekläp dur
Şäheriň bir köçesini...
Özi bolsa mundan 7 ýyl ozal
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok deý on otagly jaýyndan
Ketege göçirdi öz ejesini..
Şondan bäri onuň habary bardy,
Nehä şo ketekden, nehä ejesinden.
Ýygnan puly bolsa haram halal,
Agypdy amanat depderçesinden..
Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp
Ynsapy basgylap wyždany çyzyp,
Oğul gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Nehä enemiziň ahwalyn sorap,
Nede iki barmak essalam ýazyp...
Hawa hut bizdiris, belki bizdiris
Bizä bizdiris hasrat getirip
Müňlerçe enä
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kaperkadan geçen ikinji nusga
İkinji günä!
Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin.
Müňlerin günäsin ötmeýänligi
Üçe gelen parasatly enä sen
Megerem şeýledir uşak günäden,
Halas däl bolsada bu juwan nesil.
Senden gören zadyn öwrendi çağa,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!
Atadan handaslyk öwrenen oğul,
Bolup atadan-da beterräk handas.
Enes'in ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.!
Howwa bu şeýledir, jezaň körügi
Bizdedir.
Çagany näletleme bes
Günämiziň asyl nusgasy hakda,
Oýlanaryn diýseň Enä gulak as...
Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümüz ýadymdan çykan eken tas.
Biahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň Enä gulak as...
Enä gulak as!
Şu goşgynyda men dälde,
Eneleň paýhasy goşdy.
Şeýdibem döredi eneleň pähminden
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...😔
Kerim. Gurbannepesow.