Gülhan
16.05.2022 21:36
WİTAMİNLER - biohimiki, biofiziki prosesleriň geçmegini üpjün edýän, beden üçin gerekligi örän ýokary bolan himiki organiki birleşmelerdir. Olar organizme iýmitiň üsti bilen gelmeli.
Terjimesi ( Latyndan “wita” – ömür, ýaşaýyş)

Witaminler ereýjiligi boýunça iki topara bölünýär:

1) Suwda ereýänler, olara B toparyň, C, P we beýleki witaminleri degişli;

2) Ýagda ereýänler, olara A, D, E, K, F witaminleri
degişli.

Organizmiň witaminler bilen üpjün edilmeginiň derejesine
görä-de üç ýagdaýlary bolýar:

1) Awitaminoz – haýsydyr bir witaminiň köp wagtlaýyn ýetmezçiligi;

2) Gipowitaminoz – witaminiň bölekleýin ýetmezçiligi;

3) Giperwitaminoz – haýsydyr bir witaminiň aşa köp mukdarda organizmde bolmagy;

Suwda ereýän witaminler topary.
Olaryň umumy häsiýeti - suwda gowy ereýänligi. Bulara: B, C, P toparlaryň witaminleri girýär.
B topar:

B1 - antinewrit tiamin. Aşgazanyň, ýüregiň işine, madda çalşyga täsir edýär.
AWİTOMİNOZY (ýetmezćilik edende)- beri - beri ýa-da polinewrit keseli döräp bilýär. Onuň esasy alamatlary: işdän kesilýär, organizmiň umumy gowşaklygy, aýaklarda gowşaklyk, demiň gysmagy, ýüregiň çalt urmagy.
Çeşmesi: nohut, noýba, mäş, merjimek,soýa we ş. m. Ösümlikler hem-de et, balyk we süýt
önümleri.
Günlük möçber: 0,6 mg.

B2 - riboflawin. Görüş organyny güýçlendirýär, biologik okislenmä gatnaşýar.
AWİTOMİNOZY- konýuktiwit keseli, görüş ukybynyň
bozulmagy, azganlylygy, ýüzüň, gulaklaryň, göwüsleriň
derisiniň zaýalanmagy bolup geçýär.
ÇEŞMESİ: et-süýt önümler çörek, gök önümler.
Günlük möçber: 2mg.

B3 - antipellagriki, nikotinamid, PP, nikotin kislotasy, niasin. İýmit siňdirişe gatnaşýar.
AWİTOMİNOZY: pellagra keseli (psihiki bozukluğa çenli eltip bilýär), deriniň ýüzüniň agarmagy, dermatit keseli.
ÇEŞMESİ: dury piwo drožylar we galla
önümleri.
Günlük möçber: 6,5 mg.

B5 - pantetin kislotasy. Mäzleriň, nerw sistemanyň, işine gatnaşýar. Ýetmezçilik edende horlanmak, gorujilik peselmek, Daban gyzmak, ýaly alamatlar yüze çykýar. Ýumurtgada, çowdary(gara çörekde), maýa kömelekde saklanýar. Günlük norma: 4-5 mg.

B6 – antidermatiki, piridoksin.
AWİTOMİNOZY: stomatid keseli, eritrositleriň mukdarynyň azalmagy ýüze çykyp bilýär. Horlanmaga sebäp bolp bilyä, sebäbi ol biologik işjeň katalizatorlarň 50den gowragynyň duzumine girýär.
ÇEŞMESİ: bagyr, et, balyk, miweler, süyt önümler.
Günlük möçber:2mg.

B7 - biotin ýada aş witamini. Ýetmezçilik edende dermatid, gepertomiýa, anemiya, konýuktiwit keselleri.
Peýnir, ýumurtga, et önümleri.

B9 – foliý kislatasy. Gan emele getirme işine, aminokis-ň işine gatnaşýar. Bagyr böwrek, petruşka, ysmanak we ş.m önümlerde bolýar.
Ýetmezçilik edende anemiya, iç gatama, ýaly keseller yüze çykyp, boy ösüşine tasirni ýetirip biler.

B12 – antianemiya, kobalamin.
AWİTOMİNOZY: azganlylyk (anemiya) we iýmit siňdiriş, nerw, ýürek-damar sistemalaryň bozulmagy ýüze çykýar. B12 witamini – aşgazanda sintezirlenýär.
ÇEŞMESİ: balyk, towuk eti, sygyr bagry we böwregi.
Günlük möçber: 2,25 mkg.

B15 – pangomowyý kislota. Nuklein kis-ň sintezine, okisnlenme proseslerne gatnaşýar. Ösümlikleriň tohumlarynda, bagyrda, tüwide duş gelýär. Gündelik norma: 2 mkg.

Witamin C – askorbin kislotasy, antiskorbutiki (antisingotiki). Güýçli antioksidant (çiş kesellerne garşy), kollegeniň emele gelmegine gatnaşýar. Adatça haýwan önümlerinde C witamin duş gelenok. Ösümlik, gök önümlerde saklanýar.
AWİTOMİNOZY: singa keseli (dişiň ýarawsyzlygy), gan damarlarynyň portlygy
(döwlegenligi), organizmiň umumy gowşaklygy, işdäniň peselmegi, ösüşiň haýallamagy.
Çeşmesi: ösümlikleriň miweleri, ýapraklary we kökleri.
Günlük norma: 70-120 mg.

Maglumatlarň çeşmesi: Ahmetýarowa G, Biohimiýa, goşmaça depderler;)
12
277
Dusia
19 May 2022
HoJoM, 😂😂😂 Ok ýüregim ýuka bagyşlap goýberýän ))
HoJoM
19 May 2022
Dusia, Wiii. Bagyshlarsynda onno..! 🤭
Dusia
19 May 2022
HoJoM, menä hiiiiiç zadam pikir edemooook 😅
HoJoM
19 May 2022
Dusia, O pikir etyanin entek yok..! 😜
Dusia
19 May 2022
HoJoM, dostuňy şeýdip saklaýan bolsaň......🤭
HoJoM
19 May 2022
Dusia, Ynanay arassa dos galmandyrow inni..! 😌
Dusia
19 May 2022
HoJoM, 😂😂😂😂
HoJoM
19 May 2022
ArslanYazly, Hmm. OK. 😏
HoJoM
19 May 2022
ArslanYazly, Hmmm. OK. Yuzume bir zat diyip Kim bilya arkamdan bashga nameler edip yorsun..?
HoJoM
19 May 2022
Dusia, Yoo mana bir zat diyya, sonam bashga zat etya. Gaharym gelyada onson..! ArslanYazly, Mundan beter name etjegey..? Mana hali name diydin..?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.