Mydama Allah ýolunda ybadat edýän, Alla bilen gürleşip bilýän keramatly bir adam bolupdyr. Ol şeýlebir bir garyp eken aýaly bilen kiçijik külbesnden başga bulaň hiçzady bolmandyr. Günlerde bir gün ybadat edýän mahaly onuň aklyna birzat gelýär. Ýagny Alladan baýlyk diläp almak pikiri... Alladan soraýar, Allahym mana bir öý ber, maňa ony ber, maňa muny ber, garaz diňe dünýä üçn ummasyz mal-baýlyk sorapdyr. Alla hem ol näme dilese beripdir. Gözi doýmaz adam Alladan soramagy bes etmändir. Günlerde bir gün ýatyrka düýşüne Hz.Muhammet(s.a.a.v) pygambermiz girip, seni Jennete aýlajak meniň bilen gel diýpdir. Olar behişdiň ynanylmaz gözelliklerne syn edip gezýäkäler, öňünden ullakan köşk çykan. +Pygamberim bu kimiň köşki diýip sorasa, -Meniň köşküm diýp jogap gelipdir. A bu kimiň köşki, buda bir mömin doganmyzyn köşki, a bu kiminki? Buda şeýle.. Ahyry yaňkyň öňünden kiçirijäk bir külbe çykýa. +Şeyle uly köşkleň golaýyndaky bu kiçi külbe kimiňki diýse.. -Bu seniň külbäň diyip jogap beren. A nädp meňki bolýa? Men Allaň ýolundaky adam, men keramatly adam näme üçn maňa jennetde beyle külbe berildi - diýp närazylyk bildirip pygambermizden sorapdyr.
We şu jogaby alypdyr: Sen jennetiňdäki boljak köşki dünýäňde islediň! Ahyretiňi oýlamadyň. - Bu ýerdäki köşkdir-külbeleri dünýäde ýaşaýan adamlaň özleri gurýandyr. Yaňky adam eden zadyna ökünip,.toba gaytaryp öňki halyna dönmek isläpdir...
Biziň edýän her bir amalymyz her bir sogabymyz arkaly jennetdäki öýmizin her bir kerpiji örülýän eken. Näçe wagt bäri ybadat edp gelýän, diňe Allah ýolundaky adamyň jenneti gazanmagy bilen, diňe günä işläp giç bolmankada oňa toba edip jenneti gazanýan adamyň arasynda näme tapawutlyk bardyr öýtýäniz? İşlän amallary gazanan sogaplary bilen Jennete girýän adamlara öz salan köşkleri garaşyp duryandyr.. Köşkinizi gurmana dowam ediň 😊
Biz her zady adamyň öz erk-islegine bagly kyldyk. (Quran, İsra suresi). Dünýä malyna aldanyp, ahyreti oýlamagy ýatdan çykarmaň.
Basýan her ädimiňzden habardar bolun, çünki näme etsede, eder eder herkim özüne eder.)
Baýramyňyz mübärek bolsn 🌺.