Bkm
20.03.2024 22:49
Bilyän yyllar gecer akyllanarsyñ
Hem bolmarsyn hazirkin dey gowinjen
Meni maýyl bolup makullamarsyn
Ayy sowgdat etmek hakda owunsem

Barmaklan yatlamaz sacymy gunde
Yañaklañ egnime kem deger onsañ
Menem seni saklap bilmen icimde
Aýama aý yyllar kir degirenson

Deñziñ kenarynda soz beren öyüm
Gurular bir obañ gyrajynda
Görkümi yitirip garrap giderin
Owadan gozlerin garacygynda

Dañlar maña hayryn gormezler rowa
Señ uzyn gije aglanyñ ucin
Sen menden ynjarsyñ oz söyen, juwan
Şazadañ keshbinde galmanym ucin




( Wagty yzyna aylap bolyan bolsady maña ilkinji gezek adyny aydan guniñe dolanardym......
Görüshmersin sowasharsyn birgunem yolda gabat gelersin,,, yene demin tutular...))
13
28
Bkm
17.03.2024 01:55
Adamyñ bashga cykalgasy yok adamlygnada galmaly




Kop zat adamyn elinde shon ucin olary kopirak yuwup durmaly
19
40
Bkm
01.03.2024 23:51

Sen meñ ucin serhedi yok gin asman

Sen men ucin barlygy shu jahanyñ

Nirede bolsanam nirde bolsanam

Bagtly bolmagyña sebap taparyn

21
34
Bkm
25.02.2024 01:33
Bir yerde doga okalya adyma
Bir yerdede okalyp dur tepbedim
Öýümem öñ giren öýüm däl ýaly
Bir kebelek yza döndi Mekgeden

Bedenimi yelpap duran ruhumy
Yitirdim
Bu nä terk edilmekmi
Ya meni çöwüren dunya göz edip
Kime kimligimi gorkezilmekmi

Näm bolyaka bugun
Fewral heniz gyş
Öz ölen gunimin aýatynda men
Icimde agy kän dashymda hickim
Shondada dirileñ rayatynda men

Bir yerde doga okalya adyma
Jynazamda okalyp dur tepbedim
Hasbünallah we ni mel wekil Toba
Men nämeler yazdym name gepledim

Orazbibi Malikguly gyzy
19
33
Bkm
24.02.2024 01:06
Eger meni cekjek bolsañ
Yuregmi lowlap duran et
Jubimde bir it cekip ber
Ozinem uwlap duran et


Sacama gerekdir welin
Kellamde pikirler bolsun
Elimde yonekey galam
Dilimde shukurler bolsun

Gecen yolum bilner yaly
Kowshumi cekewer kone
Eshigmi cekende weli
Gaty unsli bolgun yone

Yañakdan syrygyp kop dal
Iki damja yere aksyn
Gozlerimde umman bolup
Ozem olar sana baksyn


Durubersin capyklarym
Bolubersin yygyrt gasyn
Sunnalemek hokmanam dal
Ceksen bolya mana basym

Artykmac hiczat bolmasyn
Baram bolsa yok ebewer
Bir hayyshym suratkesh gyz
Alnymybir ak edewer
25
60
Bkm
21.11.2023 09:13

BU DÜNÝÄNI PÄK GÖRESIŇ GELÝÄMI?


Bu dünýäni päk göresiň gelýämi?

Öz kalbyňdan başla!

"Döwür üýtgän" hemmeleriň bilýäni,

A sen ähli zatdan galdyňmy daşda?

Sen özüňden sora,

Päkmi ynsabyň?!

Niçik jogap berer saňa wyždanyň,

Kalby adyl terezisi ynsanyň,

Çek günäleň, sogaplaryň agramyn

Gabahatçylykdan özüňi gora!

Oňarsaň, hasap ber ilki özüňe,

Ýalan töhmet goşman ýeke sözüňe.

Bu dünýäni päk göresiň gelýämi?

Aýnaň öňüne geç-de, seret özüňe,

Päkmi sen,

Dünýäňde ýokmy kir-kimir?

Arassalap bilseň gözleriň öňün,

Dünýä arassadyr,

Abatdyr döwür.


Annabeg AÝMAKOWA,

18
30
Bkm
12.11.2023 14:48

Telefonyñ ekrany nä arada,

Ýylylygy duýýas-a biz hatlardan.

Hut şu ekran bizi tanyşdyrypdy,

(Ýollar uzak, tanyşlyga gatnardan).


Özüme galsa-ha suwjuklyk diýmän,

Ýeri gelse internedi gurnanyñ...

Sen deý ýürekdeşi baglany üçin,

Ömrüne, kesbine göwnüm gurbanam....


Ekranly telefon ýasanlarada,

Sarpaly ömrüne arzuwlap kemal,

Käte doñup 2G-ni işletýän,

Tmcell-iñ oýnunam eýleýän halal.


Daşlykdan arany has golaý edip,

Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik

(Laçyn Öwezowa)

23
60
Bkm
11.11.2023 15:05

Hatlarmyzy bir-birege okadyp,

Ýylgyrmagam bagt ahyry bu günler.

Başagaýlyk bilen bolsagam alys,

Başa gaýlyk bermese bor göwünler.


Azaşmasañ bir alajy tapylýar,

Ýollañ gapyrgaly öwrümlerinden.

Ýöne munda kynçylyklar köp ahyr

taplanan, pisleriñ dogrumlaryndan.


Atalanan ýürek, arzysyz mydam,

Ony ýallakylyk edilýär. Galat.

Onsañ lezginkasyn oýnaýar galplyk,

Onsañ ýüzün salýar dostluk, adalat.


Gep gidýärkä, ýürekdeşlik barada,

Telefonyñ ekrany nä arada.

(Laçyn Öwezowa)

24
29
Bkm
10.11.2023 00:20

Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,

Gyzykly gürrüñler köp bolmanmydy?!

Bälçireşip bolar-bolmaz ýazyşyp,

Soñam hoşlaşylyp gülünmänmidi?!


Çaga ýaly aýnak arzuwlar bilen,

Ençe umytlara biçipdik biçim.

Şeýdip doslugmyza goýupdyñ gözbaş,

Şeýdip apreliñem sowupdyk göçün.


Sözler azaşsa-da, ünsi sowardyk,

Pitiwa etmezdik, gyýçak sözlere.

Dogrusy şol günleñ ýakym ýylysy,

Mähir berip, ýol bermezdi ezlere.


Ruhlanaly başlangyçly sakadan

Hatlarmyzy bir-birege okadyp.


( Laçyn Öwezowa)

17
22
Bkm
09.11.2023 00:13

Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn,

Dostum saña indi dynç almak gerek.

Düşün ähli zadyñ möwrüti çäkli,

Gerekler saglygña tutmaýar derek.


Saz diñle beýniñe rahatlyk eçil,

Teatra baryp syn et tomaşa.

Başagaýlyk bilen iýýän iýmitleñ,

Ornun çalyş bagyr-böwrek omaç:a.


Narpyzlyja çaý iç ýaltanma şoña,

Işde üş:än damarlaryñ ýumşasyn.

Düşünýän köp akyl satybersemem,

Gaharlanyp gelýan däldir oñşasyñ.


Göwne gaplap gelejegiñ hezzetin,

Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin.

(Laçyn Öwezowa)

20
35