Bkm
11.11.2023 15:05

Hatlarmyzy bir-birege okadyp,

Ýylgyrmagam bagt ahyry bu günler.

Başagaýlyk bilen bolsagam alys,

Başa gaýlyk bermese bor göwünler.


Azaşmasañ bir alajy tapylýar,

Ýollañ gapyrgaly öwrümlerinden.

Ýöne munda kynçylyklar köp ahyr

taplanan, pisleriñ dogrumlaryndan.


Atalanan ýürek, arzysyz mydam,

Ony ýallakylyk edilýär. Galat.

Onsañ lezginkasyn oýnaýar galplyk,

Onsañ ýüzün salýar dostluk, adalat.


Gep gidýärkä, ýürekdeşlik barada,

Telefonyñ ekrany nä arada.

(Laçyn Öwezowa)

24
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.