Telefonyñ ekrany nä arada,
Ýylylygy duýýas-a biz hatlardan.
Hut şu ekran bizi tanyşdyrypdy,
(Ýollar uzak, tanyşlyga gatnardan).
Özüme galsa-ha suwjuklyk diýmän,
Ýeri gelse internedi gurnanyñ...
Sen deý ýürekdeşi baglany üçin,
Ömrüne, kesbine göwnüm gurbanam....
Ekranly telefon ýasanlarada,
Sarpaly ömrüne arzuwlap kemal,
Käte doñup 2G-ni işletýän,
Tmcell-iñ oýnunam eýleýän halal.
Daşlykdan arany has golaý edip,
Dostlugmyz ýürekde gaýnasa ýetik
(Laçyn Öwezowa)