Bkm
10.11.2023 00:20

Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin,

Gyzykly gürrüñler köp bolmanmydy?!

Bälçireşip bolar-bolmaz ýazyşyp,

Soñam hoşlaşylyp gülünmänmidi?!


Çaga ýaly aýnak arzuwlar bilen,

Ençe umytlara biçipdik biçim.

Şeýdip doslugmyza goýupdyñ gözbaş,

Şeýdip apreliñem sowupdyk göçün.


Sözler azaşsa-da, ünsi sowardyk,

Pitiwa etmezdik, gyýçak sözlere.

Dogrusy şol günleñ ýakym ýylysy,

Mähir berip, ýol bermezdi ezlere.


Ruhlanaly başlangyçly sakadan

Hatlarmyzy bir-birege okadyp.


( Laçyn Öwezowa)

17
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.