Bkm
09.11.2023 00:13

Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn,

Dostum saña indi dynç almak gerek.

Düşün ähli zadyñ möwrüti çäkli,

Gerekler saglygña tutmaýar derek.


Saz diñle beýniñe rahatlyk eçil,

Teatra baryp syn et tomaşa.

Başagaýlyk bilen iýýän iýmitleñ,

Ornun çalyş bagyr-böwrek omaç:a.


Narpyzlyja çaý iç ýaltanma şoña,

Işde üş:än damarlaryñ ýumşasyn.

Düşünýän köp akyl satybersemem,

Gaharlanyp gelýan däldir oñşasyñ.


Göwne gaplap gelejegiñ hezzetin,

Ýatlaşaly geçen günleñ lezzetin.

(Laçyn Öwezowa)

20
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.