Berdi s ý
02.03.2020 09:47
Ukusyzlygyň dermany.
Ukusyzlykdan ejir çekýän adam nämeler etmeli?
Ukusyzlyk ukynyň mazasyny alýar, uzak gijäni düşekde iki ýana agdarylyp geçirýäň. Mundan saplanmak üçin:
1. Kabul edilen, okalmasy makul görlen sözleri aýtmaly, Allany ýatlamaly. “Eýsem, ýürekler Allany ýatlamak bilen köşeşmeýärmi?”.
2. Zerur ýagdaýynda bolmasa, gündizki ukyny terk etmeli. Mukaddes kitapda aýdylýar “Gündizi bolsa, ýaşaýyş wagty etdik” .
3. Ukyň tutýança ýazuw, okuw bilen meşgullanmaly. “Perwerdigärim, meniň ylmymy artdyr” diýen söze laýyklykda, köp zatlary okap, öwrenersiň.
4. Gündizlerine peýdaly fiziki zähmetler bilen bedeni ýadatmaly. Allatagala gündizi täze bir durmuş we işe, zähmete meşgul bolmak üçin ýaratdy diýilýär.
5. Kofe, çaý ýaly ukudan açyjy, oýaryjy içgileri az içmeli (az peýdalanmaly).
23
1 197
Berdi s ý
29.02.2020 01:53
Şan-şöhrat
Bir ynsany adamlaryň arasynda hetden aşa öwüp, hormatlamak we ulaltmak hakykatda ony peseltmekdir. Ony şöhratlandyryp, hemmelere tanatmak bolsa, hakykatda onuň at- abraýyny bütinleý pese gaçyrmakdyr.
Eger şeýle bolýan bolsa, pespälligi şan-şöhrat bilen, ýaşyrynlygy we öz ýagdaýyňa görä gymyldamagy bolsa, mal- mülk bilen çalyş. Şeýtseň, mähnet penjesinden halas bolup, gizlin öýke-kineden, bahylçylykdan daşda bolup, bagtly ýaşarsyň.
Dünýäde mally-mülkli, şan-şöhratly bolan adam ýa biriniň öýke-kine we bahylçylyk okuna nyşandyr, ýa-da özi birine öýke-kine we bahylçylyk edip, erbet ýagdaýa düşer.
Öýke-kine we bahylçylyk adamyň köňlüni ynjydan iň erbet keseldir. Bular gaýgy-gussa, tolgunma elter. Allatagala bolsa öz islänini ýerine ýetirmäge ygtyýarlydyr.
Altyn halkalar
14
503
Berdi s ý
04.02.2020 14:20
(Inisi agyr halda agasyna ýüzlendi)
Hassa ýatan inisi
Agasyna ýüzlendi:
,,Agam wagtym az galdy"
Diýdi sesi peslendi.
Arzyn aýtdy ýyglady:
,,Agam tapdyrla derman,
Halym artyk galmady
Ýürekde doly arman".
,,Inim sen hiç darykma
Gözlärin men her ýerden.
Ýöne inim, jan inim. . .
Gijä galmasak birden".
Ugrynada çykyldy,
Şol dermanam tapyldy.
Ýöne arman wagt aty
Gözlegden öñ çapyldy.
Jan Agasy gapydan,
Girdi gözi begençli.
,,Inim taparyn diýdim.
Tapdym ine kösençli"
,,Wah agamjan, jan agam"
Diýipdi gözün ýaşlap:
,,Tapan ekeniñ welin,
Inni giç" diýdi haslap...
(aradan 1-2 aý ötdi)
Soñra bir az wagt geçdi,
Ýüp inçelip üzüldi.
Arman bilen inisin
Ugratmaga düzüldi.
Inni her ýyl wagtynda
Gitýäs onyñ ýanyna.
Bu ýyl bolsa bir zatlar
Böwet boldy ýoluma.
Ýa nesip ine bir gün
Barjak agam ýanyna.
Aýat doga okasam.
Öz agamyñ ruhyna . . .
Hiç haçan öñ ýa-da soñ diýilen zat ýokdyr. Hemme zatlar wagtynda bolup geçýändir. Ýaşaýyş- bu bir inçelip, soñunda üzülýän ýüp ýalydyr. Üzülenden soñ haýry ýok. Şonuñ üçin hamala iñ sonky gün ýaly görüşiñ, gatnaşyñ, habarlaşyñ.
(Şu yerde edeniñ üçin o ýerde puşman etmejek boluñ.)
24
730
Berdi s ý
02.02.2020 18:26
Evladım bu halin nedir? Üzülme, çaresi olmayan dert, şifası olmayan hastalık yoktur.
* * * * * *
Agaç ussasyndan ulag bejerip bermegi haýysh edýäne meñzeýä ynsanlaryñ köpüsi...
* * * * * *
Günä işler uly bir gala bolsa, ýalňyşlyk bu galanyň açarydyr.
* * * * * *
Adamlar biziň ýalňyşan ýerimizde aýtsalar, biz şol ýalňyşlygy ýa-da erbet häsiýetimizi gowy tarapa düzetmäni özümize kiçilik bilemizok.
* * * * * *
Danalaryň biri: «Eger gürlemek isleseň — dym. Dymmak isleseň bolsa gürle» diýip maslahat berýär.
* * * * * *
«Haýyr iş et, emma onuň ýesiri bolma. Eden haýyr işleriň ýatlamasyny ýadyňdan çykar. Eden işiñ ýesiri bolmak ýa-da zol-zol ýatlap gezmek tekepbirlige, şöhratparazlyga elter»
* * * * * *
Eger dost tutunsaň, dogry sözlüden dost tutun. Sen şer iş edeniňde saňa ýaran bolýan dost däl-de, seni şer işlerden saklap, haýyr işe gönükdirýän adam saňa hakyky dostdur. Şeýle dostuň bolsa onuň gadyryny bilgin we ondan aýrylmagyn!
* * * * * *
Lukman Hekim: «Eý, oglum! Hiç haçan adama erbet söz aýtmagyn. Erbet söz suwa oklanan daş ýaly kalbyň jümmüşine çümer we şol daşyň suwuň düýbünde eremän ýatyşy ýaly ömürlik ol adamyň ýadynda galar» diýýär.
* * * * * *
Hiç haçan biriniñ göwnüne degmäñ . Sebäbi onuñ gozleriniñ ertirki dogjak güni görmezligi mümkindir.
* * * * * *
Öz ýakynlaryñyzy aldamañ. Olardan hiç zat gizlemäñ. Her hili ýagdaýdada olar size düşünerler. Unutmañ!!!
* * * * * *
Tekepbirlik , men - menlik bilen alynýan gala bolan bolsady onda ... ( siz aýtýanyma düşündiñiz ). Ol adam ömrüniñ köp wagtyny ýeke geçirmeli bolar. Hemişe mähirli mylaýym süji dilli boluñ.
* * * * * *
Köpler üçin haýyr iş etmek kyndyr. Şer iş etmek bolsa aňsatdyr . Eger adam ýaman iş etmegi ýüregine düwmese, bu işiň gyrasynda-da görünmez. Şer işe bolan höwes her bir adamyň tebigatynda bardyr. Köp adam şere ýüz berýändir, köpüsi bolsa ondan ýüz öwürýändir.
* * * * * *
Bir çarwa: «Her bir zatda nejasat bardyr. Diliň nejasaty utançsyz sözleri dile almakdyr, sögünip gürlemekdir» diýýär.
* * * * * *
Alnymyza gelen zadyñ biz üçin haýyrlydygy ýa-da däldigi diñe Alla bagly: “Nämedir bir zady birbada halamazlygyñyz mümkin, ýöne ol siz üçin haýyrlydyr”.
* * * * * *
Gorkulýan zatlaryň köpüsi hasyl bolmaýar.
* * * * * *
“Durmuşyňda diňe şu gün we bar. Düýn eýýäm geçip gitdi, ertir bolsa heniz gelenok”
* * * * *
“Soñ...” diýen sözden seresap boluñ. Bu sözi ulanmaga endik etmäñ. Bu söz örän köp ýagşy işi bitirmekden saklar, birnäçe oñyn işleriñ hem öñüni saklar”
* * * * * *
“Hut şu günüň ikinji gezek gaýtalanmajakdygy hakda oýlanyň”
* * * * * *
Gaýdyp dolanmajak geçmişiň we heniz gelmedik geljegiň demir gapylaryny ýapyň.
Nesihatlar. Rast aýdylan sözler.
22
673