Amr ibn Asyl bir gezek:
— Eger men syrymy dostuma aýtsam, ol hem ony ile ýaýratsa, muňa ol günäkär däl — diýipdir. — Näme üçin? — diýipdirler.
Ol: — Sebäbi ony goramaga has laýyk bolan mendirin —
diýipdir.
* * *
Muhellep şeýle diýipdir: «Gylyk-häsiýetleriň iň erbedi syry paş etmek, iň oňady bolsa syry saklamakdyr».
* * *
Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Kalplar syrlaryň damarlarydyr, dodaklar gulplarydyr, diller açarydyr. Siziň her biriňiz syryň damarlarynyň açaryny goraň»
* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Wepadar kişileriň kalplary syrlaryň mazarydyr».
* * *
Buzurgmehr şeýle diýipdir:«Tejribe etmezden, her bir kişä bil baglamak akmaklykdyr».
* * *
Mahmyt zamahşary