Zähmet çekmek
Kynçylyga sezewar bolmazdan aňsat ýollar bilen gazanylan baýlyga we bagtlylyga zähmet çekip, maňlaý deri bilen gazanmak mümkinçiligi bolanyň gözi gitmez. Baýlyk we bagtlylyk sandyklary her hili pes işleri edýän we bikanun ýollar arkaly gazanýan garadan gaýtmazlaryň elleri bilen ýarylýändir ( bikanun açylýandyr ).
At-abraýly we sylag-hormatly adam Allanyň razyçylygyny gazanmak üçin her hili kynçylyklary we muşakgatlyklary hoş garşylar. Düşünjeli, edepli adamlaryň düşünjesinde pully, wezipeli, mal-mülkli bolmak bilen ejiz, çäresiz, garyp bolmagyň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Ýagny, sowatly, edepli ynsan durmuş taýdan nähili ýagdaýda bolsa bolsun, sylag-hormatlydyr. At-abraýsyz ynsan hem durmuş taýdan nähili ýagdaýda bolsa-da at-abraýsyzdyr.
Gara garnynyň we şöhwetiniň guly bolan ynsan bu isleglerini kanagatlandyrýan mahaly ar-namysy basalansa-da ähmiýet bermez. Abraýly bilen abraýsyzyň arasyndaky tapawut mese-mälimdir.