Berdi s ý
01.04.2020 08:40
Şahyrsumak sorady: «Ýeri, gazal düzýärmiň?»
Diýdim: «Indi medh bilen häjwden el üzýärin».
Ol sorady: «Näm üçin – ondan eliň üzmegiň?»
Diýdim: «Ýalňyşlyk eken bu görnüşde düzmegim.
Gelmez eken bir bada ýalňyşmagyň hyjuwy,
Ýamanyň üç görnüşin: gazaly, medhi, häjwi –
Üç nogsany kalbyma salan eken bilmezlik,
Nebis, gahar – ikisi, ýene – şöwketparazlyk.
Wah, bu şöwketparazlyk! Azar berýär gijeler:
«Saçyň - ýüpek, diliň - gant...» - ýazdygyňça süýjeler.
Ikinji bir duşmanym çapyp nebis atyny,
Uzyn günläp horlady, iýip kanagatyny.
Haçan, kimden bäş dirhem alyp borka diýdirdi,
Ýaranjaň hem hyzmatkär hatarynda köýdürdi.
Ýaraly köpek ýaly üçünjisi topuldy,
Kemsidilen köpekler, ganjyklaram tapyldy...
Bildim öte geçenmi, zordan sypdym olardan,
Hernä, Hudaý gorady ol açgöz mahluklardan.
Rehimdar Ýaradanyň rehmi indi guluna,
Diýdim: - Taňrym, öt günäm, gitdim duşman ugruna.
Gazal, ajy medh, häjwi oňaryn ýazman indi,
Pähmim, ruhum harlanma çekýärin arman indi.
Eý Enweri, är kişä ýaraşmaz boş ýaňramak,
Är işini bitirdiň, göz aýla, daşyňa bak:
Halas bolmagyň ýoly – ýalňyz päk gursak bolar,
Aýra düşmegiň ýoly – üç demlik pursat bolar!».

Enweri

Medh – öwgi, tarypnama.
Häjw – satira, satiriki eser.
8
105
Berdi s ý
31.03.2020 01:54
Taryh gatlaryndan . . .

Palçylar we tebigatçylar hakynda

Husuf we kusuf hadysalaryndan many çykarýan müneçjimlerden daş dur we tebigatçylaryň sözlerini diňleme. Olar bu meseledäki akmaklygyna düşünmeýärler. Çenden aşýandyklaryny we örän çuňluklara çümendiklerini bilmeýärler. Olaryň şan-şöhratlary ýalan-ýaşryk sözlere esaslanýar. Ol ýalan-ýaşryk sözler hem ýalňyş pikirleri beýan etmeklige sebäp bolýar. Olar her dürli pal, ykbal we ýyldyz oýunlary bilen habar berýärler. Bu nädogry bilimleri bilen hem müneçjimçilikden gürrüň gozgaýarlar. Aslyetinde bütinleý ýalançy bolan bu palçysumaklar özlerine uly alym diýdirjek bolýarlar. Emma müneçjimler hakyky alymlaryň ýanynda ýalançydan başga zat däldirler. Olar Allanyň gazabyna laýykdyr.

Goşmaça bellik we maglumat:

Husuf - Gün tutulmagy.

Kusuf - Aý tutulmagy.

Pygamberimiziň ogly Ybraýym ýogalanda gün tutulypdyr. Halk muny onuň ölümü sebäpli tutulandyr öýdüpdirler. Şonda pygamberimiz: «Gün we aý Allanyň aýatlarydyr (barlygynyň delilidir). Olar hiç kimiň durmuşy ýa-da ýogalmagy sebäpli tutulmazlar» diýipdir.
Başga bir hadysda bolsa: «Ähli müneçjimler ýalançydyr» diýilýär.

Minnetdardyryn ahyryna çenli (düşünip) okanlara☺
13
245
Berdi s ý
31.03.2020 01:10
Gel, oňatja nazar aýla, töwerege
– durmuşa,
Ondan many alyp bilseň, nesihat ol
durşuna:
«Özgäň günün arzuw etme, bes et
– diýýär - ahyňy,
Köp kişiler, seniň günüň arzuw
edýär ahyry».
16
742
Berdi s ý
30.03.2020 01:18
Bir zady bilmezlik erbet zat däl, biljegem bolmazlyk erbet zat.
13
539
Berdi s ý
30.03.2020 01:00
Taryhyň gatlaryndan . . .

Bir tebibiň, her gezek mazarystanyň deňinden geçende, ýüzüne donunyň bir çetini tutup geçýändigini gördüler. Sebäbini soranlarynda, ol:
- Şu mazarystanda ýatan ölülerden utanýaryn. Bularyň haýsysynyň ýanyndan geçsem, meniň urgymy iýip we haýsysyna seretsem, meniň şerbetimi içip ölenler – diýip jogap beripdir.

Eý tebip – hassanyň ykbalyn çözýän!
Her sapar sen onuň janyna dözýäň.
Ezraýylyň ýükün egninden alyp,
Ýadaman-ýaltanman ülkäni gezýäň.


Tebip – howply at diýp, il edýär pikir,
Nähoşa em etmän, çekdirýäň ejir,
Babaly, kepençi, gabyr gazyjy
Seniň barlygyňa edýärler şükür.
11
196
Berdi s ý
Berdi s ý
29.03.2020 17:02
Unutma!!!
Berdi s ý
28.03.2020 22:38
Bir gedaý bir öýüň gapysyna gelip, bir zatlar hantama boldy. Öýüň kethudasy içerden seslendi:
- Bagyşlaň, häzir öý bikesi ýok. Gedaý:
- Maňa öý bikesi hökman däl, bir bölejik nan bolsa bolýar – diýdi.


Gapyňdan el serip gelse bir gedaý,
Bahana arama, jomartlyk edäý.
Gitmez ýaly gedaý göwne güman-zat,
Öý bikesi hakda diýme pylan zat.
19
504
Berdi s ý
28.03.2020 22:31
Aýdyň maňa, sahy kişi kim bolar,
Çyny oýun ýaly, oýny-çyn bolar?
Sahydyr – altynyň guly bolmasa,
Çapýany – baýlygy, puly bolmasa.
15
161
Berdi s ý
27.03.2020 21:39


Dört närse zerur saňa, bagty isleýän ynsan:
Uruşdan soň – ýaraşyk; aýralykdan soň – wysal;
Gazapdan soňra – ötünç; dönüklikden soň – wepa.
– Bular azapdan soňky elýetmez keýpi-sapa.
14
315
Berdi s ý
27.03.2020 21:05
Hijri kamary ýyl senenamasy barada.

Rowaýat edilen birnäçe maglumatlardan diňe meşhur bolanyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi. Kime gyzykly bolsa doly okar(gözüme köp görünýä☺)

Ymam Buharynyň we Häkim Nişapurynyň özleriniň kitaplarynda Meýmun ibn
Mehrandan we Ibn Asakirden rowaýat edip getirmeklerine görä, hezreti Omaryň halypalyk döwründe Basra şäheriniň häkimi hezreti Abu Musa Aşgary Omaryň
mübärek dergähine şeýle hat ýazypdyr:
«Adalatlyk penakäri tarapyndan diňe aýlaryň üsti bilen hökümler ýetirilýär we ýyllaryň haýsydygy belli bolmansoň, käte edilýän işlerde düşnüksizlik emele gelýär.
Häzir bir wakanyň Meret aýy ýüze çykandygy bellenilipdir. Ýöne onuň haýsy ýylda bolanlygy mälim däl». Bu hatyň mazmuny hezreti Omara mälim bolansoň, ol on
altynjy hijri ýylyň Dört tirkeşikleriň birinji aýynyň ortalaryna taryh, senenama
goýmak üçin tanymal sahabalary çagyryp, olara Abu Musanyň hatyny görkezýär we bu babatda olar bilen maslahatlaşýar. Mejlisdäkiler şol wagtyň talabyna görä, bu işde
dürli garaýyşlary aýdýarlar. Käbir rowaýatlara görä, öň Ahwad şäheriniň häkimi
bolan we Pars ülkesi basylyp alnansoň, ýesir bolup, musulman bolan Hurmuzan atly bir adam: «Ajamlaryň arasynda bir ýyl hasaby bar. Olar oňa «Mahruz» diýýärler. Bu
ýyl hasaby olaryň işleriniň tertip-nyzamly bolmagynyň esasy sebäpkäridi. Eger şol ýyl hasabyny biz hem ulansak, onda bu işimiz tertibe gelerdi» diýýär. Şeýdip, araplar
«Mahruz» diýen sözi araplaşdyryp, «Muwarryh» we bu sözüň işliginiň nämälim
formasyny «Taryh» diýip kabul etdiler. Soňra bu taryhy pygamberimiziň doglan gününden, ýa wepat bolan gününden ýa-da oňa pygamberlik berlen gününden başlamak barada belli karara gelip bilmeýärler. Şonda hezreti Omar:
«Pygamberimiziň doglan we oňa pygamberlik berlen wagty (güni) anyk däl we onuň
wepat bolan gününi ýatlamak hem ymmatyň gaýgy-gama batmagyna sebäp bolar.
Şeýlelikde, pygamberimiziň Mekgeden Medinä hijret eden wagtyndan başlamaly. Çünki, hijretiň haýsy günde bolanlygy anyk we mundan başga-da hijret yslam dininiň
rownak tapmagyna sebäp boldy» diýýär. Mertebeli sahabalar bu pikiri goldap, beýle
ýerlikli kelamyň eýesine berekella aýdýarlar. Soňra bu senenamany haýsy aý bilen başlamakda dürli pikirler döreýär. Bu babatda Rejep, Meret, Baýram we Oraza aýlary
öňe sürülýär. Şonda hezreti Osman ibn Affan şeýle diýýär:
«Aşyr aýynyň aýlaryň ilkinjisi bolmagy has mynasypdyr. Çünki, bu aýda hajylar Mekgeden çykýarlar, haram aýlar ýylyň soňunda jemlenýär». Mundan başga-da
pygamberimiziň Mekgeden Medinä hereket edip başlan güni Aşyr aýynda bolup, iki aý sekiz günden soň, ýagny Dört tirkeşikleriň birinji aýynyň ýigrimi ikisinde, ol
mübärek hem mukaddes Medine şäherine gelip ýetipdir. Şeýdip, Aşyr aýynyň ilkinji
aý bolmagyny has mynasyp görýärler. Şondan soň hijri senenamany Aşyr aýdan ýazyp başlap, onuň gözbaşyny pygamberimiziň hijretinden alypdyrlar. Bu senenama
şol döwürden häzirki zamana çenli ýörgünli ýyl hasabydyr.
12
294