Berdi s ý
27.03.2020 21:05
Hijri kamary ýyl senenamasy barada.

Rowaýat edilen birnäçe maglumatlardan diňe meşhur bolanyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi. Kime gyzykly bolsa doly okar(gözüme köp görünýä☺)

Ymam Buharynyň we Häkim Nişapurynyň özleriniň kitaplarynda Meýmun ibn
Mehrandan we Ibn Asakirden rowaýat edip getirmeklerine görä, hezreti Omaryň halypalyk döwründe Basra şäheriniň häkimi hezreti Abu Musa Aşgary Omaryň
mübärek dergähine şeýle hat ýazypdyr:
«Adalatlyk penakäri tarapyndan diňe aýlaryň üsti bilen hökümler ýetirilýär we ýyllaryň haýsydygy belli bolmansoň, käte edilýän işlerde düşnüksizlik emele gelýär.
Häzir bir wakanyň Meret aýy ýüze çykandygy bellenilipdir. Ýöne onuň haýsy ýylda bolanlygy mälim däl». Bu hatyň mazmuny hezreti Omara mälim bolansoň, ol on
altynjy hijri ýylyň Dört tirkeşikleriň birinji aýynyň ortalaryna taryh, senenama
goýmak üçin tanymal sahabalary çagyryp, olara Abu Musanyň hatyny görkezýär we bu babatda olar bilen maslahatlaşýar. Mejlisdäkiler şol wagtyň talabyna görä, bu işde
dürli garaýyşlary aýdýarlar. Käbir rowaýatlara görä, öň Ahwad şäheriniň häkimi
bolan we Pars ülkesi basylyp alnansoň, ýesir bolup, musulman bolan Hurmuzan atly bir adam: «Ajamlaryň arasynda bir ýyl hasaby bar. Olar oňa «Mahruz» diýýärler. Bu
ýyl hasaby olaryň işleriniň tertip-nyzamly bolmagynyň esasy sebäpkäridi. Eger şol ýyl hasabyny biz hem ulansak, onda bu işimiz tertibe gelerdi» diýýär. Şeýdip, araplar
«Mahruz» diýen sözi araplaşdyryp, «Muwarryh» we bu sözüň işliginiň nämälim
formasyny «Taryh» diýip kabul etdiler. Soňra bu taryhy pygamberimiziň doglan gününden, ýa wepat bolan gününden ýa-da oňa pygamberlik berlen gününden başlamak barada belli karara gelip bilmeýärler. Şonda hezreti Omar:
«Pygamberimiziň doglan we oňa pygamberlik berlen wagty (güni) anyk däl we onuň
wepat bolan gününi ýatlamak hem ymmatyň gaýgy-gama batmagyna sebäp bolar.
Şeýlelikde, pygamberimiziň Mekgeden Medinä hijret eden wagtyndan başlamaly. Çünki, hijretiň haýsy günde bolanlygy anyk we mundan başga-da hijret yslam dininiň
rownak tapmagyna sebäp boldy» diýýär. Mertebeli sahabalar bu pikiri goldap, beýle
ýerlikli kelamyň eýesine berekella aýdýarlar. Soňra bu senenamany haýsy aý bilen başlamakda dürli pikirler döreýär. Bu babatda Rejep, Meret, Baýram we Oraza aýlary
öňe sürülýär. Şonda hezreti Osman ibn Affan şeýle diýýär:
«Aşyr aýynyň aýlaryň ilkinjisi bolmagy has mynasypdyr. Çünki, bu aýda hajylar Mekgeden çykýarlar, haram aýlar ýylyň soňunda jemlenýär». Mundan başga-da
pygamberimiziň Mekgeden Medinä hereket edip başlan güni Aşyr aýynda bolup, iki aý sekiz günden soň, ýagny Dört tirkeşikleriň birinji aýynyň ýigrimi ikisinde, ol
mübärek hem mukaddes Medine şäherine gelip ýetipdir. Şeýdip, Aşyr aýynyň ilkinji
aý bolmagyny has mynasyp görýärler. Şondan soň hijri senenamany Aşyr aýdan ýazyp başlap, onuň gözbaşyny pygamberimiziň hijretinden alypdyrlar. Bu senenama
şol döwürden häzirki zamana çenli ýörgünli ýyl hasabydyr.
12
294
Ага
28 Mart 2020
Hawa menem okapdym öñ???
Berdi s ý
27 Mart 2020
Minnetdar ☺
Gülhan
27 Mart 2020
Örän gowy maglumat eken :)
Aycicek
27 Mart 2020
sps??diyseň gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.