Berdi s ý
31.03.2020 01:54
Taryh gatlaryndan . . .

Palçylar we tebigatçylar hakynda

Husuf we kusuf hadysalaryndan many çykarýan müneçjimlerden daş dur we tebigatçylaryň sözlerini diňleme. Olar bu meseledäki akmaklygyna düşünmeýärler. Çenden aşýandyklaryny we örän çuňluklara çümendiklerini bilmeýärler. Olaryň şan-şöhratlary ýalan-ýaşryk sözlere esaslanýar. Ol ýalan-ýaşryk sözler hem ýalňyş pikirleri beýan etmeklige sebäp bolýar. Olar her dürli pal, ykbal we ýyldyz oýunlary bilen habar berýärler. Bu nädogry bilimleri bilen hem müneçjimçilikden gürrüň gozgaýarlar. Aslyetinde bütinleý ýalançy bolan bu palçysumaklar özlerine uly alym diýdirjek bolýarlar. Emma müneçjimler hakyky alymlaryň ýanynda ýalançydan başga zat däldirler. Olar Allanyň gazabyna laýykdyr.

Goşmaça bellik we maglumat:

Husuf - Gün tutulmagy.

Kusuf - Aý tutulmagy.

Pygamberimiziň ogly Ybraýym ýogalanda gün tutulypdyr. Halk muny onuň ölümü sebäpli tutulandyr öýdüpdirler. Şonda pygamberimiz: «Gün we aý Allanyň aýatlarydyr (barlygynyň delilidir). Olar hiç kimiň durmuşy ýa-da ýogalmagy sebäpli tutulmazlar» diýipdir.
Başga bir hadysda bolsa: «Ähli müneçjimler ýalançydyr» diýilýär.

Minnetdardyryn ahyryna çenli (düşünip) okanlara☺
13
245
Berdi s ý
1 Aprel 2020
☺☺☺
Berdi s ý
1 Aprel 2020
Tebigatçy diýýänini anyk özümem bilemok. Ýöne, tebigat hadysalaryna görä adamlara: ,,plan zat bolar'' diýip aýtýan adama tebigatçy diýilýämikä diýýän.

Tebigatçy diýýänini anyk özümem bilemok. Ýöne, tebigat hadysalaryna görä adamlara: ,,plan zat bolar'' diýip aýtýan adama tebigatçy diýilýämikä diýýän.
Myhman Myhman
31 Mart 2020
Gaty gowy paylasanynyz un minnetdar ,, tebigatçylar ,, diýen söze düşünmedim
babamyrat
31 Mart 2020
Dogry aytyan menem sho palcylyga garshy. Men pikirimcede Hudaydan öñe düşmek bolýar. olar allanyň gazabyny laýykdyr.
Karaleva
31 Mart 2020
gaty gowy zatlary paylasypsynyz sps
Berdi s ý
31 Mart 2020
Bolýa minnetdar☺
Bagtym bol sen
31 Mart 2020
Dogry aytyanyz menem sho palcylyga garshy. Men pikirimcede Hudaydan öñe düşmek bolýar.Shu posty paylashanynyza köp sağ boluñ?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.