Şahyrsumak sorady: «Ýeri, gazal düzýärmiň?»
Diýdim: «Indi medh bilen häjwden el üzýärin».
Ol sorady: «Näm üçin – ondan eliň üzmegiň?»
Diýdim: «Ýalňyşlyk eken bu görnüşde düzmegim.
Gelmez eken bir bada ýalňyşmagyň hyjuwy,
Ýamanyň üç görnüşin: gazaly, medhi, häjwi –
Üç nogsany kalbyma salan eken bilmezlik,
Nebis, gahar – ikisi, ýene – şöwketparazlyk.
Wah, bu şöwketparazlyk! Azar berýär gijeler:
«Saçyň - ýüpek, diliň - gant...» - ýazdygyňça süýjeler.
Ikinji bir duşmanym çapyp nebis atyny,
Uzyn günläp horlady, iýip kanagatyny.
Haçan, kimden bäş dirhem alyp borka diýdirdi,
Ýaranjaň hem hyzmatkär hatarynda köýdürdi.
Ýaraly köpek ýaly üçünjisi topuldy,
Kemsidilen köpekler, ganjyklaram tapyldy...
Bildim öte geçenmi, zordan sypdym olardan,
Hernä, Hudaý gorady ol açgöz mahluklardan.
Rehimdar Ýaradanyň rehmi indi guluna,
Diýdim: - Taňrym, öt günäm, gitdim duşman ugruna.
Gazal, ajy medh, häjwi oňaryn ýazman indi,
Pähmim, ruhum harlanma çekýärin arman indi.
Eý Enweri, är kişä ýaraşmaz boş ýaňramak,
Är işini bitirdiň, göz aýla, daşyňa bak:
Halas bolmagyň ýoly – ýalňyz päk gursak bolar,
Aýra düşmegiň ýoly – üç demlik pursat bolar!».
Enweri
Medh – öwgi, tarypnama.
Häjw – satira, satiriki eser.