Adamzadyň gürlän ilkinji dili nähili döräpdir?
Diliň nähili ýüze çykandygy barada iki sany çaklama bar. Bulardan biri, diliň ýuwaş-ýuwaşdan ösmegi. Beýlekisi bolsa, diliň gen mutasiýalarynyň üsti bilen adamlara geçenligi. Bu ikinji çaklamada gen geçirilmegi bilen adamzadyň dili tiz wagtda öwrenendigi çaklanylýar. Eýsem-de bu işler hakykatdan hem şeýle boldymy, adam dili nähili özgerdi? Geliň bu soraglara bilelikde jogap tapalyň!
Örän uzak ýyllardan bäri Chomsky ýaly alymlar, diliň nähili özgerendigini gözleýärler. Geçirilen gözlegler, diliň häzirki güne çenli birnäçe ewolýusiýa geçirendigini ýüze çykarýar. Mysal üçin, gowaklara çekilen şekiller we figuralar, habar berijilerden bir bölegi. Alymlar, häzirki zaman adamzadyň akyl ýetirijilik ýadynyň bardygyny tassyklaýar. Bu ýat, başga görnüşleriň edip bilmeýän garyşyk dil maglumalaryna düşünip bilýär.
Ýönekeýleşdirip aýdanymyzda häzirki zaman (modern) adamzat, iki diliň nyşanyny birleşdirip bilýär. Ýagny, modern adamlar, ýyrtyjy haýwan gelen wagtynda sygyrylan sykylygyň bir duýduruş sesidigine düşünip bilýär.
Başda hem aýdyşymyz ýaly başga bir çaklama bolsa, diliň modern adamyň atasy bolan adamzatdan beýlekile geçirilendigidir. Bu geniň halk arasynda ýaýramasy bolsa, diliň döremegine mümkinçilik beripdir. Emma gözlegçiler, bu çaklama garşylyk hökmünde diliň ýuwaş-ýuwaşdan özgerendigini belleýärler.
Cedric Boeckx we Brussel Azatlyk uniwersitetinden gözlegçiler, dil barada birnäçe gözlegleri geçirdiler. Ýeke gen mutasiýasyny ele alan gözlegçiler, gipoteza garşylyk hökmünde bir antiteza döretdiler. “Adam dili, ýeke gen mutasiýasy saýasynda bar bolan bolsa, dil bu günki derejesini alyp bilmezdi we özgermezdi” diýen topar, diliň ýuwaşlyk bilen özgerendigini öňe sürýär.
Pedro Tiago Martins, “ Sözleriň birleşme aýratynlyklaryny, birleşmäniň ýüze çykmasyna ýol açan ewolýusion adamlaryň saýasynda ele almak mümkin däl. Sözleriň birleşmeginiň aňsat ýoly bardyr. Sözler manyly şekildäki gatnaşykda däldir we her söze, bolýan ýagdaýa görä üns berilýär. Munuň netijesinde nähilide bolsa bir garyşyklyk, aýratynlyk üçin beýle aňsat ewolýusion senarýalara girmegiň hiç hili ýoly ýok. Gysgaça dil, ýeke gen mutasiýasyna eýe däldir” diýdi.
Gözlegçiler adam dili ýaly garyşyk bir zadyň ewolýusiýasynyň wagta baglydygyny tassyklady. Bu gözleg işleri geçirilýän wagty birnäçe başga ylymlardan, ýagny newrologiýa, genetika, akyl ýetirme gabatlaşmadan biologiýa, arheologiýa, psihologiýa we dil ylymlaryndan kömek alyndy. Edilen gözlegleriň soňunda, ýeke gen mutasiýasynyň diliň özgermegine goşant goşmadygy netijesine baryldy.
Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/ilk-dil-nasil-olustu-h85875.html
Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.
“Liwerpul” geljek möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşjak ilkinji topar boldy
“Liwerpul” Angliýanyň çempionatynda 76 utuk toplap, iň golaý garşydaşy “Mançester Sitiden” 25 utuk öňde barýar. Çempionlyga barha golaýlaýan “Liwerpul” topary eýýämden täze möwsümde-de UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Düýnki duşuşykda 4-nji hatarda barýan “Çelsiniň” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedden” 2-0 utulmagyndan soň, londonlylar bilen “Liwerpulyň” arasyndaky utuk aratapawudy 35-ä çykdy. Şeýlelikde, galan 12 tapgyryň ählisinde “Liwerpul” utulyp, “Çelsi” ählisinde ýeňiş gazansa-da “Liwerpuldan” öňe geçip bilmez. Ýagny “Çelsi” galan 12 oýunda ýeňiş gazansa, jemi 74 utuk toplar. Şunlukda, 76 utukly “Liwerpul” geljek möwsüm üçin eýýämden Çempionlar ligasynda ýer aýyrdan ilkinji topar boldy.
Galyberse-de “Liwerpul” topary ýeňişli ýörişini dowam etdiren ýagdaýynda 7-nji martdaky “Bornmut” bilen geçirjek duşuşygyndan soň, çempion bolup biler. Bu bolsa täze rekord diýmekdir. “Premier” ligada iň ir çempion bolan topar “Mançester Ýunaýted” bolup, mankunianlar 2000/01 möwsüminde 14-nji aprelde çempionlyk gazanypdylar.
Alnan çeşme: https://turkmenportal.com/tm/blog/25293/liwerpul-geljek-mowsumde-chempionlar-ligasyna-gatnashjak-ilkinji-topar-boldy
8 ýaşyndaky bir gyz çaga “garrylykdan” aradan çykdy
Ukrainada ýaşaýan 8 ýaşyndaky gyzjagaz, Dünýäde diňe 160 kişide gabat gelen “ir garrama” keseli sebäpli aradan çykdy. Ýüze çykan ýagdaý, hassalyklaryň diňe “garry” adamlar bilen gapma-garşy bolmaýandygyny ýatlatdy.
Ukrainada ýaşaýan 8 ýaşyndaky Anna Sakidon, käwagt görlen genetiki bozulma bilen bagly kesel bolan Progeria bilen doganyndan bäri göreşýär. Angliýanyň Daily Mail gazetinde çap edilen habara görä Sakidon, geçen günlerde bu kesele ýeňlip aradan çykdy.
Progeria, jemgyýet arasynda “ir garrama” ýa-da “garrylyk” keseli diýlip bilinýär. Anna Sakidona hem progerianyň alamatlaryny görkezýärdi. Bu sebäpden 8 ýaşynda aradan çykan kiçijek gyzyň bedeni 80 ýaşyndaky adam bedenine meňzeşdi.
Progeria alamatlary bolan çagalaryň bedeni üçin 1 ýyl 8 –den 10 ýyla deňdir. Progeria sebäpli çagalaryň organlary, 1 ýylda 8-den 10 ýyla çenli garraýar. 8 ýaşynda aradan çykan Anna Sakidon-yň bedeni hem bu sebäpli 80 ýaşly adam bedeni ýaly garrapdy we ýygyrtlanypdy.
Anna Sokidon-yň hassalygy bilen baglanşykly düşündiriş beren lukmany Nadezhda Kataman,” Progeria alamaty bolan Anna-nyň içki organlary örän çalt tizlikde garraýarka, süňkleri örän haýal ösýärdi” diýdi. Kataman, Anna-nyň ölmezinden öň birnäçe gezek ysmazlyk (paraliç) geçirendigini hem belledi. Anna-nyň ölümine geçiren paraliçleri sebäp boldy.
Progeria sindromy üstünde işleri geçirýän Gollandiýaly alymlar, keseliň 20 millionda bir görülýändigini bellediler. Dünýäde häzirki wagt progeria sindromy alamatyny görkezýän 160 golaý çaga bar.
Alnan çeşme: https://www.ntv.com.tr/teknoloji/8-yasinda-yasliliktan-hayatini-kaybetti,5i5e6AaLIUmySeXHpIVANw
https://www.webtekno.com/kiz-cocugu-yasliliktan-hayatini-kaybetti-h85947.html
Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp bilersiňiz.
Howadan suw almak üçin, rekordy täzelän material döredildi
Howada hemişe arassa suw buglary bardyr we howadaky bu suw buglaryny birnäçe usulda alyp bolýar. Johns Hopkins uniwersitetiniň Fizika laboratoriýasynda alymlar, howadan uly mukdarda suw alyp bolýan täze material döretdiler.
Mundan öň metal organiki gözenek, ýagny (metal-organic framework-MOF) ulanyp howadan suwy alypdylar. MOF hökmünde bilinen bu maddalar, edil sürtgüje (moçalka) meňzeş üst ýüzi bar. Bu gözenekli gurluş esasynda suwy toplamak we ýygnamak mümkindir.
Kaliforniýa Berkeley uniwersitetinden alymlaryň döreden materialy bir kg başyna günde 1,3 L suw döredip bilýär.
Gözleglerdäki netijäniň ýazyjysy Zhiyong Xia “Özümiziň döreden MOF-miz ideal şertlerde kg başyna 8,66 L suw öndürip bilýär, bu ajaýyp. Bu materiallary çuňňur öwrenip, täze nesil suw alma usullarda görüp bileris” diýdi.
Bu täze nesil iň öndürijilikli suw kombaýnyny döretmek üçin 10 dürli MOF-den peýdalanyldy. Gözlegçiler gyzgynlyk we çyglylyk derejeleri tapawutly ýerleri gözläp, materialyň suw siňdirme ukybyny öwrendiler.
Gözlegçiler häzir hem metal organiki gözenekleri öwrenýärler we bu ulgamyň (sistemanyň) gurak ýerlerde gowy netije bermesi üçin işlerini dowam etdirýärler. Şeýlelikde, içimlik suwyňa iň köp mätäç bolan Yrak ýerlerinde we suwsuzlyk kynçylygyny çekýän ýerlerde suw öndürip bolar.
Gözleg işleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi.
Alnan çeşme: https://www.gercekbilim.com/havadan-su-elde-etmede-rekor-kiran-materyal-mof/
Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.