Begench Malikgulyyew
18.02.2020
Bilim.
16
5 968

Adamzadyň gürlän ilkinji dili nähili döräpdir?

Adamzadyň gürlän ilkinji dili nähili döräpdir?

Diliň nähili ýüze çykandygy barada iki sany çaklama bar. Bulardan biri, diliň ýuwaş-ýuwaşdan ösmegi. Beýlekisi bolsa, diliň gen mutasiýalarynyň üsti bilen adamlara geçenligi. Bu ikinji çaklamada gen geçirilmegi bilen adamzadyň dili tiz wagtda öwrenendigi çaklanylýar. Eýsem-de bu işler hakykatdan hem şeýle boldymy, adam dili nähili özgerdi? Geliň bu soraglara bilelikde jogap tapalyň!

Örän uzak ýyllardan bäri Chomsky ýaly alymlar, diliň nähili özgerendigini gözleýärler. Geçirilen gözlegler, diliň häzirki güne çenli birnäçe ewolýusiýa geçirendigini ýüze çykarýar. Mysal üçin, gowaklara çekilen şekiller we figuralar, habar berijilerden bir bölegi. Alymlar, häzirki zaman adamzadyň akyl ýetirijilik ýadynyň bardygyny tassyklaýar. Bu ýat, başga görnüşleriň edip bilmeýän garyşyk dil maglumalaryna düşünip bilýär.

Ýönekeýleşdirip aýdanymyzda häzirki zaman (modern) adamzat,  iki diliň nyşanyny birleşdirip bilýär. Ýagny, modern adamlar, ýyrtyjy haýwan gelen wagtynda sygyrylan sykylygyň bir duýduruş sesidigine düşünip bilýär.

Başda hem aýdyşymyz ýaly başga bir çaklama bolsa, diliň modern adamyň atasy bolan adamzatdan beýlekile geçirilendigidir. Bu geniň halk arasynda ýaýramasy bolsa, diliň döremegine mümkinçilik beripdir. Emma gözlegçiler, bu çaklama garşylyk hökmünde diliň ýuwaş-ýuwaşdan özgerendigini belleýärler.

Cedric Boeckx we Brussel Azatlyk uniwersitetinden gözlegçiler, dil barada birnäçe gözlegleri geçirdiler. Ýeke gen mutasiýasyny ele alan gözlegçiler, gipoteza garşylyk hökmünde bir antiteza döretdiler. “Adam dili, ýeke gen mutasiýasy saýasynda bar bolan bolsa, dil bu günki derejesini alyp bilmezdi we özgermezdi” diýen topar, diliň ýuwaşlyk bilen özgerendigini öňe sürýär.

Pedro Tiago Martins, “ Sözleriň birleşme aýratynlyklaryny, birleşmäniň ýüze  çykmasyna ýol açan ewolýusion adamlaryň saýasynda ele almak mümkin däl. Sözleriň birleşmeginiň aňsat ýoly bardyr. Sözler manyly şekildäki gatnaşykda däldir we her söze, bolýan ýagdaýa görä üns berilýär. Munuň netijesinde nähilide bolsa bir garyşyklyk, aýratynlyk üçin beýle aňsat ewolýusion senarýalara girmegiň hiç hili ýoly ýok. Gysgaça dil, ýeke gen mutasiýasyna eýe däldir” diýdi.

Gözlegçiler adam dili ýaly garyşyk bir zadyň ewolýusiýasynyň wagta baglydygyny tassyklady. Bu gözleg işleri geçirilýän wagty birnäçe başga ylymlardan, ýagny newrologiýa, genetika, akyl ýetirme gabatlaşmadan biologiýa, arheologiýa, psihologiýa we dil ylymlaryndan kömek alyndy. Edilen gözlegleriň soňunda, ýeke gen mutasiýasynyň diliň özgermegine goşant goşmadygy netijesine baryldy.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/ilk-dil-nasil-olustu-h85875.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


Myhman Myhman
2 May 2022
1nji mukaddes kitaby okan dil hakda yazylandyr huday name un her millete ayratyn dil berdi
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
Realmadrid, bilermende nadip yazysyanyz
Myhman Myhman
27 Fewral 2020
Sagbolun gaty gowy maglumay♥️
Realmadrid
20 Fewral 2020
Men oynayan ol bilermen oyuny senem oynayanmy ol oyuny kim bolup giryan menin önümden çykamagyn yöne ägä bol ?
Myhman Myhman
20 Fewral 2020
Sahbol gaty gowy peýdaly maglumatlar
Muhammetemin
19 Fewral 2020
+1 ????
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
love you?????
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
+1?

G1KF40 bilermen oyun oynañ gyzykly oyunlaryn biri.adynyzy emailinizi yazyanyz onson, cakylyk pocta cykar soña G1KF40 diyip yazmaly
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
Mlds?
Philosophy
19 Fewral 2020
? good information
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.