Begench Malikgulyyew
17.02.2020
Saglyk
73
11 250

8 ýaşly gyzjagaz "garrylykdan" aradan çykdy

8 ýaşyndaky bir gyz çaga “garrylykdan” aradan çykdy

Ukrainada ýaşaýan 8 ýaşyndaky gyzjagaz, Dünýäde diňe 160 kişide gabat gelen “ir garrama” keseli sebäpli aradan çykdy. Ýüze çykan ýagdaý, hassalyklaryň diňe “garry” adamlar bilen gapma-garşy bolmaýandygyny ýatlatdy.

Ukrainada ýaşaýan 8 ýaşyndaky Anna Sakidon, käwagt görlen genetiki bozulma bilen bagly kesel bolan Progeria bilen doganyndan bäri göreşýär. Angliýanyň Daily Mail gazetinde çap edilen habara görä Sakidon, geçen günlerde bu kesele ýeňlip aradan çykdy.

Progeria, jemgyýet arasynda “ir garrama” ýa-da “garrylyk” keseli diýlip bilinýär. Anna Sakidona hem progerianyň alamatlaryny görkezýärdi. Bu sebäpden 8 ýaşynda aradan çykan kiçijek gyzyň bedeni 80 ýaşyndaky adam bedenine meňzeşdi.

Progeria alamatlary bolan çagalaryň bedeni üçin 1 ýyl 8 –den 10 ýyla deňdir. Progeria sebäpli çagalaryň organlary, 1 ýylda 8-den 10 ýyla çenli garraýar. 8 ýaşynda aradan çykan Anna Sakidon-yň bedeni hem bu sebäpli 80 ýaşly adam bedeni ýaly garrapdy we ýygyrtlanypdy.

Anna Sokidon-yň hassalygy bilen baglanşykly düşündiriş beren lukmany Nadezhda Kataman,” Progeria alamaty bolan Anna-nyň içki organlary örän çalt tizlikde garraýarka, süňkleri örän haýal ösýärdi” diýdi. Kataman, Anna-nyň ölmezinden öň birnäçe gezek ysmazlyk (paraliç) geçirendigini hem belledi. Anna-nyň ölümine geçiren paraliçleri sebäp boldy.

Progeria sindromy üstünde işleri geçirýän Gollandiýaly alymlar, keseliň 20 millionda bir görülýändigini bellediler. Dünýäde häzirki wagt progeria sindromy alamatyny görkezýän 160 golaý çaga bar.

Alnan çeşme: https://www.ntv.com.tr/teknoloji/8-yasinda-yasliliktan-hayatini-kaybetti,5i5e6AaLIUmySeXHpIVANw

https://www.webtekno.com/kiz-cocugu-yasliliktan-hayatini-kaybetti-h85947.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp bilersiňiz.



Myhman Myhman
7 Awgust 2022
Salam
jemal_seyitniyazowa
25 Iýun 2022
Jennetiň ak uçmagy bolupdyr❤
Myhman Myhman
12 Mart 2022
Myhman , dostum ad bilen parol yassan cykyar

Angel , salam gowmy
Myhman Myhman
3 Noýabr 2021
Myhman Myhman dogry aydyan
Myhman Myhman
11 Mart 2021
Ojagaz gyzjagaz bir yylda on yyllyk garran bolsa iki yasynda onda eyyam ulugyz cykan bolmaly.soragymy gen görmàñ onda bu cagada ulugyzyñ alamatlary hem bolan bolmaly men pikirimce

Çagajyk Alla dergahine kabul etsin bigüna perisdàni
Juwan
21 Fewral 2021
Durmush by bir sahna,
Sada
12 Dekabr 2020
Balajyk?
S_guvanjova
22 Sentýabr 2020
Gynandym kicijik caga yuregim bolmady yatan yeri yagty bolsun
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2020
Kimiñ mañlaýynda name ýazylany belli daldä Allajan gowsuny ýazsyn.
merjenka03
17 Awgust 2020
gynannym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.