Begench Malikgulyyew
16.02.2020
Bilim.
48
5 156

Howadan suw alýan material

Howadan suw almak üçin, rekordy täzelän material döredildi

Howada hemişe arassa suw buglary bardyr we howadaky bu suw buglaryny birnäçe usulda alyp bolýar. Johns Hopkins uniwersitetiniň Fizika laboratoriýasynda alymlar, howadan uly mukdarda suw alyp bolýan täze material döretdiler.

Mundan öň metal organiki gözenek, ýagny (metal-organic framework-MOF) ulanyp howadan suwy alypdylar. MOF hökmünde bilinen bu maddalar, edil sürtgüje  (moçalka) meňzeş üst ýüzi bar. Bu gözenekli gurluş esasynda suwy toplamak we ýygnamak mümkindir. 

Kaliforniýa Berkeley uniwersitetinden alymlaryň döreden materialy bir kg başyna günde 1,3 L suw döredip bilýär. 

Gözleglerdäki netijäniň ýazyjysy Zhiyong Xia “Özümiziň   döreden MOF-miz ideal şertlerde kg başyna 8,66 L suw öndürip bilýär, bu ajaýyp. Bu materiallary çuňňur öwrenip, täze nesil suw alma usullarda görüp bileris” diýdi.

Bu täze nesil iň öndürijilikli suw kombaýnyny döretmek üçin 10 dürli MOF-den peýdalanyldy. Gözlegçiler gyzgynlyk we çyglylyk derejeleri tapawutly  ýerleri gözläp, materialyň  suw siňdirme ukybyny öwrendiler.

Gözlegçiler häzir hem metal organiki gözenekleri öwrenýärler we bu ulgamyň (sistemanyň) gurak ýerlerde gowy netije bermesi üçin işlerini dowam etdirýärler. Şeýlelikde, içimlik suwyňa iň köp mätäç bolan Yrak ýerlerinde we suwsuzlyk kynçylygyny çekýän ýerlerde suw öndürip bolar. 

Gözleg işleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi.

Alnan çeşme: https://www.gercekbilim.com/havadan-su-elde-etmede-rekor-kiran-materyal-mof/

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.

Myhman Myhman
17 May 2022
Gaty gowy
Myhman Myhman
19 Mart 2022
Govy 👍
Myhman Myhman
18 Yanwar 2021
Yrak hakyky gurakçylykgy çekýän döwlet 👍🏻👏🏻
Blume?
15 Iýul 2020
ONDA mena sul adym bn giryan. yone blmkda agsam girip girmejegimi agsam dasmamamka gitmeli belli dal onsan olara gitsegem on iki bolman oye gelemizok.Wii sagbol onda mena gidip baryan?
Ylham.G
15 Iýul 2020
Nesip bolsa agsam girjek skachat edip. Habarlasarys
Blume?
15 Iýul 2020
yoo hic kimin gownune degemoga

Howwaaaa gaty hezil Ekena paylas sen girjek dalmi

Ylham.G,howwa Sen girjek dalmi
Ylham.G
15 Iýul 2020
Yok

Hezilmi ol

Sen giryanmi
Blume?
15 Iýul 2020
Yoo hic kim hic kimin gownune degenoga .howwa azajyk yalnysyrak gurlapdirin.Sen giryamin paylasha
Ylham.G
15 Iýul 2020
Degişeliň ,ýöne göwne degişmäliň.????
Blume?
15 Iýul 2020
Hm bolia ai oyun edipdim welin hm hayyr olam dogry?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.