Begench Malikgulyyew
18.02.2020
Sport
20
2 904

“Liwerpul” eýýämden geljek möwsümde Çempionlar ligasynda

“Liwerpul” geljek möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşjak ilkinji topar boldy

“Liwerpul” Angliýanyň çempionatynda 76 utuk toplap, iň golaý garşydaşy “Mançester Sitiden” 25 utuk öňde barýar. Çempionlyga barha golaýlaýan “Liwerpul” topary eýýämden täze möwsümde-de UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Düýnki duşuşykda 4-nji hatarda barýan “Çelsiniň” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedden” 2-0 utulmagyndan soň, londonlylar bilen “Liwerpulyň” arasyndaky utuk aratapawudy 35-ä çykdy. Şeýlelikde, galan 12 tapgyryň ählisinde “Liwerpul” utulyp, “Çelsi” ählisinde ýeňiş gazansa-da “Liwerpuldan” öňe geçip bilmez. Ýagny “Çelsi” galan 12 oýunda ýeňiş gazansa, jemi 74 utuk toplar. Şunlukda, 76 utukly “Liwerpul” geljek möwsüm üçin eýýämden Çempionlar ligasynda ýer aýyrdan ilkinji topar boldy.

Galyberse-de “Liwerpul” topary ýeňişli ýörişini dowam etdiren ýagdaýynda 7-nji martdaky “Bornmut” bilen geçirjek duşuşygyndan soň, çempion bolup biler. Bu bolsa täze rekord diýmekdir. “Premier” ligada iň ir çempion bolan topar “Mançester Ýunaýted” bolup, mankunianlar 2000/01 möwsüminde 14-nji aprelde çempionlyk gazanypdylar.

Alnan çeşme: https://turkmenportal.com/tm/blog/25293/liwerpul-geljek-mowsumde-chempionlar-ligasyna-gatnashjak-ilkinji-topar-boldy


Myhman Myhman
15 May 2022
Real madrit one gesek kamda bolmaz
Myhman Myhman
17 Mart 2020
çelsi
Myhman Myhman
28 Fewral 2020
Salam.Kim bilýan bolsa gayrat edip ýazayyñ.Imoda arkadaşlaryñ arkadaşlaryna gitmese nadip gidirip bolyarka
Myhman Myhman
24 Fewral 2020
Atletik 1:0liverpool 4-nji minutda saldy

Laliga prosta luboysynam yyrtya dami
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
5menden

Dava name ucin
Myhman Myhman
23 Fewral 2020
Говы
Mekesdurdyýewiç
23 Fewral 2020
Oñem alyas diyyadinizda Real 3 gezek yzly yzyna jaýyrda???
Realmadrid
20 Fewral 2020
A Realmadrid name ony yeñip bilmez Liwerpul muña ynanyan
MELISSO
19 Fewral 2020
hemmäňize mlds
Myhman Myhman
19 Fewral 2020
Man city yeter oňa ynam bar atletica ýeňler liverpul yener Yone gurrunsiz cempion barcelona bolar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.