BaýramBejidow
16.08.2022 00:50
Sen geldiñ, dünýämi öwirdiñ ýaza,
Gözlerimden gussalarmy sowyrdyñ,
Seniñ üçin dem alyp dur gursagym,
Seniñ mähriñ yssy gelýär howurdan.
Sen geldiñ, kalbymy bürediñ bagta,
Çaga ýaly päk bagtymy buşladym,
Men bu gussalarda köýmezdim ahyr,
Maña sen näme üçin owal duşmadyñ.
Umyt berdiñ, päkligi deý säheriñ,
Ynam berdiñ, kyn günleri ýeñerlik,
Şuwla saçdyñ durmuşyma öçmejek,
Ýüzim salman öñe sary eñerlik.
Eýesi sen saña aşyk ýüregmiñ,
Seniñ mähriñ yssy gelýär howurdan,
Sen geldiñ, dünýämi öwirdiñ ýaza,
Ýaş kalbymdan gussalary sowurdyñ...
Awtory: Baýram Bejidow
15
64
3
BaýramBejidow
15.08.2022 00:28
Enä söýgi tebigydyr,
Özge çözmez kalbyñ towny,
Iliñ gepi piñime däl,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".
Ölüm bize däl oýunjak,
Kim bilip dur haçan gaýjak,
Huzurynda başym goýjak,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".
Göwnüm sada, kalbym hötjet,
Bilmen gussam haçan ötjek,
,,Käbäm" diýip elin öpjek,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".
Dogry ýola ugurlanym,
Hassa kalbyma dermanym,
Bu ykbaldan nä armanym,
Bolup bilsem ejem ogly...
Awtory:Baýram Bejidow
19
98
8
BaýramBejidow
14.08.2022 00:00
Sen hiç haçan Öýkeleme!,
Dem gelýärkä öýkeniñe,
Haçana çen içiñ ýakjak,
Şer agtaryp süýkenene.
Sen hiç haçan gussalanma,
Üns berme gussalarña,
Bahylyñ her gün garaşar,
Bir gün gül kimin solarña.
Sen hiç haçan ,, ýalñyz" diýme,
Ejizleseñ artar kine,
Durmuşa şelaýyn ýylgyr,
Güneşe maýyldyr şine.
Sen hiç haçan kejir bolma,
Büdreder südürli ýollar,
Ýakynlarña mähirli bol,
Hossar däl manat ýa dollar.
Mäkäm tutup maksadyñy,
Ýaşaber bolşuna görä,
Täleý saña ynsan däl-dä,
Çözenok tanşyña görä...
Awtory: Baýram Bejidow
18
77
5
BaýramBejidow
13.08.2022 00:33
Düýşime gir, iñ bolmanda bir pursat,
Teşne gözlem didäñ bilen sataşsyn,
Durka saña tarap atygsap gursak,
Meniñ yşkym hiç sönmejek ataşdyr.
Ah neýläýin, aramyz daş ezizim,
Küýsegiñde suratyña esetýän,
Posalarña alñasaýan dodaklam,
Ýuwaşjadan pyşyrdapjyk ses edýär.
Sen hemişe ylhamymyñ çeşmesi,
Meniñ üçin dünýä inen melek sen,
Ah näme üçin uçup bilmeýär ynsan,
Arkasyna ganat ýasap ýelekden.
Sesiñ bilen hüwdilenýär gulaklam,
Sözleñ bilen aram tapýar bu gursak,
Señ mähriñden ganyp bilmen uzakdan,
Düýşüme gir, iñ bolmanda bir pursat.
Awtory: Baýram Bejidow
18
99
6
BaýramBejidow
12.08.2022 00:01
Dertmi sen dermanmy? Parhyn bilemok, Anyk bilýän zadym sensiz kyn maña, Gijigen bagtymyñ nyrhyn ýülemok, Çäresin gözleýän dertden dynara. Ýene, bu giñ asman depämden basýar, Özümi kapasañ içinde
27
186
17
BaýramBejidow
11.08.2022 11:11
Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Şor mañlaýy, owal täleý itmese.
Men bu bagty çalyşmaryn hiç zada,
Tekepbirlik dar göwnimi ursa-da,
Arzuwly adyñy möhirläp goýjak,
Siñer ýaly käse deýin gursaga.
Perhat ýaly gazmasamam daglary,
Kiçi-uly kynlaryña taýyn men,
Giñ törime ýalkym saçsañ gijeler,
Onsañ dünýäñ edenine kaýyl men.
Tutan ellem goýberäýmez ap-añsat,
Senli günleñ ýakasyndan asylsam,
Bu tenimden iglän ruhym gitmese,
Men ýitmerin durmuşyñdan asyl-ha!...
Awtory: Baýram Bejidow
22
118
12
BaýramBejidow
10.08.2022 00:25
Hawa, menem ak jüýje däl,
Syrym bolsa bukaweriñ!,
Öñümden, diñe gije däl,
Güneş bolup çykaweriñ!.
Azmaýyn, a:zana duşup,
Ýanmaýyn, ýamana duşup,
Ýagdaýyma edip oñşyk,
Diñe ýagşa çekeweriñ!.
Alyp, az görsem alanmy,
Ynsan nebisjeñ. Ýalanmy?,
Ownasam elim galamly,
Sag elimi depeweriñ!.
Durmuş añzak, täleýim gyş,
Uç bolmasa ýaýramaz myş,
Ötülmedik hata ýokmyş,
Günäm bolsa öteweriñ!.
Pany dünýäde ýerledim,
Bardyr erbetden erbedem,
Tabyda müner her beden,
Bir ujyndan tutaweriñ!...
Awtory: Baýram Bejidow
20
115
10
BaýramBejidow
09.08.2022 00:08
Düwdim durmuş düwünçegmi,
Çözmäge gelersiñ öýtdim,
Uruldy ýüregme tegmil,
Halymy bilersiñ öýtdim.
Täleýimiñ için dörsem,
Bagtym çaman eken görsem,
Telbe ýaly düwläp ýörsem,
Bolşuma gülersiñ öýtdim.
Ynç almadym, dynç neýlesin,
Neneñ söýeýin söýmeseñ,
Goşgyma salyp diýmesem,
,,Alaçsyz" diýersiñ öýtdim.
Ýa mende aryñ bardymy,
Alypsyñ aýak badymy,
Uzyn dilde däl,
Adymy,
Gursakda goýarsyñ öýtdim.
Yşk ne dert, seretsene,
Ökünmelem ýetdi çene,
Bagyşla, ynansam ýene,
Ýüregmi dilersiñ öýtdim...
Awtory: Baýram Bejidow
18
105
9
BaýramBejidow
08.08.2022 00:32
Palçyk eýläp döredipdir Ýaradan,
Hemme deñ däl, otyr, syn et gyradan!.
Kimler halal üçin gara der, derlär,
Kimler köñlündäki ýarasyn emlär.
Dile geçdi, akyl berjek danalar,
Pakmyka ýa?, Öñ ekilen däneler.
Zähmet çekip, biri çörek gözleýär,
Ýene biri ahmyr çekip izleýär.
Päk imany gazandyñmy öterlik?,
Kimi görseñ aladasy ýeterlik...
Parhy ýok, ogrymyñ, dindarmyñ kim sen?,
Özgeler unudar, özüñi bilseñ.
Diýdiler ,,erksizden bolarmy erkek?-
-Juda köpelipdir görkezip biljek!.
Haýasyn ýitiren ,,namys-ar" hakda,
Gepleýär maý bermän hemlesin oklap.
Ýüregiñ awaýar käbirlerine,
Belki-de duşmadym kämillerine.
Myhmandygyn unytýarlar panyda,
Günbe-günden artyp barýar sany-da.
Awuna gurt ýaly topulmañ ýerne,
Tilki hilelerni salýalar serne.
Ýalan ýylgyryşdan ýüzümi bukýan,
Sözleñ ýarasyny bejermez lukman.
Öýkünseñem illeñ gowsyna öýkün,
Hökgesi düzelmez umytsyz küýkiñ.
Niýet gara bolsa, sowulmaz duman,
Şu günde toba et, ertiriñ güman.
Gam-gussalañ uçup gider hamala,
Duranyñda niýet edip namaza.
Bir bergiñ bar, olam Allañ öñünde,
Zikir bilen gezmek iliñ deñinde.
Haýyr bilen şaýat bolup halala,
Duşman bilen ýer goýuber salama.
,,Kömek geler" diýen pikiriñ taşla,
Saña gynanjak ýok, bir senden başga.
Öz-öziñi aldamakdan çetleşgin,
Dertleşseñem, mert bilen dertleşgin.
Namarda el serme, mertebäñ pesär,
Ynjalan duýgylañ, kalbyñy kösär.
,,Ýalançylar ýakyp barýar" diýme sen,
Galan ömri dogry bilen güýme sen!.
Palçyk eýläp döredipdir Ýaradan,
Hemme deñ däl, käte syn et gyradan!...
Awtory: Baýram Bejidow
11
67
4
BaýramBejidow
07.08.2022 00:54
Ulaldygymsaýy daralýar dünýe,
Gowylar azalýar, erbetler artyp,
Neçin sadalardan ar alýar dünýe?,
Düzginsiz duýgymdan gözleýän tertip.
Ulaldygymsaýy kynlaşýar durmuş,
Sapak däl-de, iññe boldy ýalñyşlam,
Dürtildi gursaga ah! Hazan urmuş,
Diýdim ,,Indi sada bolup ýalñyşman!".
Diýdiler ,,sojama eý şahyrsumak...!",
Pikir etmäñ, ejri çeken ejiz däl,
Kämillige ymtylamda, bahyla,
Iki esse barar durar netijäm.
Ulaldygymsaýy basýar gussalam,
Kinelerim urýan ýaly depeden,
Gözleri ýaşarar düşinse eger,
Dertlerimi aýdyp bersem ite-de.
Herne öwrenişdim, dostymdyr öýtdim,
Sypap ötse ýagyr bolan gerşimi,
Ençe zelelleriñ bärsinden gaýtdym,
Telbe täleý üýtgetse-de durşyny.
Ulaldygymsaýy kämil boljakdym,
Emma welin üýtgäp gitdi esli zat,
Gümansyz, imanly, tämiz boljakdym,
Çagajykkam ynamly-dy ähli zat...
Awtory: Baýram Bejidow
17
92
6
Yene yükle