Ulaldygymsaýy daralýar dünýe,
Gowylar azalýar, erbetler artyp,
Neçin sadalardan ar alýar dünýe?,
Düzginsiz duýgymdan gözleýän tertip.
Ulaldygymsaýy kynlaşýar durmuş,
Sapak däl-de, iññe boldy ýalñyşlam,
Dürtildi gursaga ah! Hazan urmuş,
Diýdim ,,Indi sada bolup ýalñyşman!".
Diýdiler ,,sojama eý şahyrsumak...!",
Pikir etmäñ, ejri çeken ejiz däl,
Kämillige ymtylamda, bahyla,
Iki esse barar durar netijäm.
Ulaldygymsaýy basýar gussalam,
Kinelerim urýan ýaly depeden,
Gözleri ýaşarar düşinse eger,
Dertlerimi aýdyp bersem ite-de.
Herne öwrenişdim, dostymdyr öýtdim,
Sypap ötse ýagyr bolan gerşimi,
Ençe zelelleriñ bärsinden gaýtdym,
Telbe täleý üýtgetse-de durşyny.
Ulaldygymsaýy kämil boljakdym,
Emma welin üýtgäp gitdi esli zat,
Gümansyz, imanly, tämiz boljakdym,
Çagajykkam ynamly-dy ähli zat...
Awtory: Baýram Bejidow