BaýramBejidow
15.08.2022 00:28
Enä söýgi tebigydyr,
Özge çözmez kalbyñ towny,
Iliñ gepi piñime däl,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".

Ölüm bize däl oýunjak,
Kim bilip dur haçan gaýjak,
Huzurynda başym goýjak,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".

Göwnüm sada, kalbym hötjet,
Bilmen gussam haçan ötjek,
,,Käbäm" diýip elin öpjek,
Goý, diýsinler ,, ejem ogly".

Dogry ýola ugurlanym,
Hassa kalbyma dermanym,
Bu ykbaldan nä armanym,
Bolup bilsem ejem ogly...

Awtory:Baýram Bejidow
19
98
gulshatayewa97
15 Awgust 2022
alisherxon,uzynrak bu goşgy goýaryn bir gün
alisherxon
15 Awgust 2022
Gowy setirler,Gülşat Ataýewa

Gowy setirler,Gülşat Ataýewa
gulshatayewa97
15 Awgust 2022
Size gözüm gidýär ejemmogullar, Ejeň ogly bolsaň armanyň nä? Ejeden ir galdym, ir galdym juda kän aglapdym berip arkamy tama...

Size gözüm gidýär ejemmogullar, Ejeň ogly bolsaň armanyň nä? Ejeden ir galdym, ir galdym juda kän aglapdym berip arkamy tama...
wolf
15 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
15 Awgust 2022
👍👍👍👍👍🔥 gaty gowy halypa
Myhman Myhman
15 Awgust 2022
Ilin gepi piňime däl...👌👌👌
perizadym
15 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Papatya
15 Awgust 2022
Men ejemogly däl, ejemiň ogly...)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.