BaýramBejidow
08.08.2022 00:32
Palçyk eýläp döredipdir Ýaradan,
Hemme deñ däl, otyr, syn et gyradan!.

Kimler halal üçin gara der, derlär,
Kimler köñlündäki ýarasyn emlär.

Dile geçdi, akyl berjek danalar,
Pakmyka ýa?, Öñ ekilen däneler.

Zähmet çekip, biri çörek gözleýär,
Ýene biri ahmyr çekip izleýär.

Päk imany gazandyñmy öterlik?,
Kimi görseñ aladasy ýeterlik...

Parhy ýok, ogrymyñ, dindarmyñ kim sen?,
Özgeler unudar, özüñi bilseñ.

Diýdiler ,,erksizden bolarmy erkek?-
-Juda köpelipdir görkezip biljek!.

Haýasyn ýitiren ,,namys-ar" hakda,
Gepleýär maý bermän hemlesin oklap.

Ýüregiñ awaýar käbirlerine,
Belki-de duşmadym kämillerine.

Myhmandygyn unytýarlar panyda,
Günbe-günden artyp barýar sany-da.

Awuna gurt ýaly topulmañ ýerne,
Tilki hilelerni salýalar serne.

Ýalan ýylgyryşdan ýüzümi bukýan,
Sözleñ ýarasyny bejermez lukman.

Öýkünseñem illeñ gowsyna öýkün,
Hökgesi düzelmez umytsyz küýkiñ.

Niýet gara bolsa, sowulmaz duman,
Şu günde toba et, ertiriñ güman.

Gam-gussalañ uçup gider hamala,
Duranyñda niýet edip namaza.

Bir bergiñ bar, olam Allañ öñünde,
Zikir bilen gezmek iliñ deñinde.

Haýyr bilen şaýat bolup halala,
Duşman bilen ýer goýuber salama.

,,Kömek geler" diýen pikiriñ taşla,
Saña gynanjak ýok, bir senden başga.

Öz-öziñi aldamakdan çetleşgin,
Dertleşseñem, mert bilen dertleşgin.

Namarda el serme, mertebäñ pesär,
Ynjalan duýgylañ, kalbyñy kösär.

,,Ýalançylar ýakyp barýar" diýme sen,
Galan ömri dogry bilen güýme sen!.

Palçyk eýläp döredipdir Ýaradan,
Hemme deñ däl, käte syn et gyradan!...

Awtory: Baýram Bejidow
11
67
jeyka
12 Dekabr 2023
perizadym
8 Awgust 2022
" Ýalançylar ýakyp barýar" diýme sen, galan ömri dogry bilen güýme sen..👍🤍
gulshatayewa97
8 Awgust 2022
Şu günde toba et, ertiriň güman🌹
Gulperi
8 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👌👌👌👌😘
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.