BaýramBejidow
13.08.2022 00:33
Düýşime gir, iñ bolmanda bir pursat,
Teşne gözlem didäñ bilen sataşsyn,
Durka saña tarap atygsap gursak,
Meniñ yşkym hiç sönmejek ataşdyr.

Ah neýläýin, aramyz daş ezizim,
Küýsegiñde suratyña esetýän,
Posalarña alñasaýan dodaklam,
Ýuwaşjadan pyşyrdapjyk ses edýär.

Sen hemişe ylhamymyñ çeşmesi,
Meniñ üçin dünýä inen melek sen,
Ah näme üçin uçup bilmeýär ynsan,
Arkasyna ganat ýasap ýelekden.

Sesiñ bilen hüwdilenýär gulaklam,
Sözleñ bilen aram tapýar bu gursak,
Señ mähriñden ganyp bilmen uzakdan,
Düýşüme gir, iñ bolmanda bir pursat.

Awtory: Baýram Bejidow
18
99
alisherxon
15 Awgust 2022
Gowy goşgy

👍👍👍👍👍🔥🔥🔥🔥🔥
Myhman Myhman
13 Awgust 2022
Örän gowy: jadylaýjy 🌺
Adelina
13 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👏👏
wolf
13 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
gulshatayewa97
13 Awgust 2022
Milaya_🌺,meňem halan setirim...

Käte diýän kinolardaky ýaly jadylanyp goni islän adamyň ýanyna baryp bolsady....
perizadym
13 Awgust 2022
Ah, näme üçin uçup bilmeýär ynsan, arkasyna ganat ýasap ýelekden...🤍🤍🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.