BaýramBejidow
16.10.2022 11:23
Ýeke sensiñ halasgärim,
Içde umyt düwinçegim,
Bagtlysyrap bu panyda,
Sen bar diýip öwinjegim.

Adyñ dilde doga edip,
Guwanýaryn barlygyña,
Goý, meni gyssyn bu dünýä,
Üns bermen darlygyna.

Öñde-soñda bu mañlaýa,
Bir sen ýazlan bolsañ ýeter,
Geljegimde şatlyk bolsa,
Bagt ýokdur şondan beter.

Çaga ýaly çaga göwniñ,
Ynjytmakdan gorkýaryn,
Seni ýitirmekden her dem,
Bilýäñmi sen gorkýanym?!...

Awtory: Baýram Bejidow
15
79
BaýramBejidow
BaýramBejidow
15.10.2022 21:11
Biraz aladany taşlap, Telefona köwlenmeli, Köp zatdan habarly eder, Bizi ýene ÖWRENMELI. Täsinlik, goşgy, habarlar, Manyly sözler ýazarlar, Hem pikirdeş hem duýgudaş, Soragy ara alarlar. Okap
BaýramBejidow
15.10.2022 07:25
Aýralyk odunda saralyp solup,
Men ýene señ geleriñe garaşdym,
Gussaly göwnümi şatlajak bolup,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.

Hoş döwranda sürüp zowky-sapany,
Añmadyñam çeken jebri-jepamy,
Ynandyrmak üçin saña wepamy,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.

Senden başga kim düşüner halyma,
Dalla gözläp bakdym sagy-soluma,
Didelermi dikip geljek ýoluña,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.

Başyña oranyp al-ýaşyl öýme,
Gelersiñ öýdüpdim törüme, öýme,
Içimi gepletdim ,, söýmeseñ söýme",
Emma ýene señ geleriñe garaşdym...

Awtory: Baýram Bejidow


18
92
BaýramBejidow
14.10.2022 22:53
Düýşime gir, iñ bolmanda bir pursat,
Teşne gözlem didäñ bilen sataşsyn,
Durka saña tarap atygsap gursak,
Meniñ yşkym hiç sönmejek ataşdyr.

Ah neýläýin, aramyz daş ezizim,
Küýsegiñde suratyña esetýän,
Posalarña alñasaýan dodaklam,
Ýuwaşjadan pyşyrdapjyk ses edýär.

Sen hemişe ylhamymyñ çeşmesi,
Meniñ üçin dünýä inen melek sen,
Ah näme üçin uçup bilmeýär ynsan,
Arkasyna ganat ýasap ýelekden.

Sesiñ bilen hüwdilenýär gulaklam,
Sözleñ bilen aram tapýar bu gursak,
Señ mähriñden ganyp bilmen uzakdan,
Düýşime gir, iñ bolmanda bir pursat.

Awtory: Baýram Bejidow
17
103
BaýramBejidow
14.10.2022 07:08
Hyýalymda ýene dünýäni gezdim,
Maña uzatdylar ençe peşgeşi,
Añtardym, dördim men olaryñ için,
Emma hiç tapmadym saña meñzeşi.

Gözleriñ deý göze gözim düşmedi,
Aljyradym, ýiten ýaly bir zadym,
Ýöne derhal maña hyjuw beripdi,
Kalbymy eýelän arzuwly adyñ.

Bagtdan ýaña gözim süzdim bir pursat,
Añsatmy nä?, Tapmak ýürek taýyñy,
Men müñ keren şükir edýän Allaha,
Alanyma meñzeşi ýok paýymy.

Awtory: Baýram Bejidow
16
101
BaýramBejidow
13.10.2022 20:14
Salam hemmäñize! Geliñ biraz güýmeneliñ.
Siz üç sany harp ýazyñ baş harp bilen (meselem: ABC) ýöne ýazan harplaryñyzy birikdiremde bir manyly sözlemi düzmeli. Siz ýazyñ menem näme diýeniñizi biljek bolaýyn.
8
407
BaýramBejidow
13.10.2022 00:20
Kir basan ýüregi serip birsellem,
Käteler manysyz uzaýar diller,
Alla gol uzadan halalhon eller,
Herne haramlygy ýygar öýtmedim.

Keýpini çaglan köp şerap, tüsseden,
Sogap gazanýan az namaz, tesbiden,
Jar boýy dolupdyr hapa esgiden,
Abraý aryga sygar öýtmedim,

Ejiziñ golundan galdyryp bilsem,
Alkyşy alnyma ýagdyryp bilsem,
Sabrymy synama sygdyryp bilsem,
Terslän täleýim jyzar öýtmedim,

Terk edip gidende wadasy ýoklar,
Ýaksalar ýylandym howruna otlañ,
Ugrynda köýipdim köýmesiz zatlañ,
Ynansam, umydym gyrar öýtmedim.

Düzildi gussalam kä hünji bolup,
Ýalñyşsam, ýalñyşlam dur ünji bolup,
Iñ agyr urgyny ilkinji bolup,
Iñ ýakyn ynsanlam urar öýtmedim...

Awtory: Baýram Bejidow
15
67
BaýramBejidow
12.10.2022 21:49
Ýalan däl, bu dünýä ,,ýalançy" diýmäñ,
Bähbit üçin aldanymyz ýalanmy?,
Göwni ýukalaryñ göwnüni güýmäp,
Ýalñyşlygy goldanymyz ýalanmy?.

Kem añtaryp özgäñ dogrulygyndan,
Çem añtaryp kalbyñ ogrylaryndan,
Dem añtaryp yşkyñ sargylaryndan,
Ýamanlary ýallanymyz ýalanmy?.

Biz mugtyna inipdigä aslynda,
Ýörmek üçin bu zeminiñ üstinde,
Asgyn gelip ýatlamalañ astynda,
Elýaglygy öllänimiz ýalanmy?...

Awtory: Baýram Bejidow
18
115
BaýramBejidow
12.10.2022 00:07
Söz bermäýin, käte tukat durmuşyñ
Şatlygyñy ýere ýegsan eýlese,
Başarmarsyñ düzüp dünýäñ gurluşyn,
Aram-aram bolup durýar şeýle-de.

Mysal tutjak: hakykata garşy biz,
Ýalanlara tiz ynanýas dogry deý,
,,Söýýän" sözi kä boşuna zöwledip,
Ynamyny çilip ýörüs ogry deý.

Kim günäli, özgelermi? Özümiz!,
Peýdasyza salam zordan berilýär,
Owal çüýrük añlara has ornaşan,
Öz günäñi käte ilden görülýär.

Mahabaty ýetik ýagty ýalançyñ,
Kim garny aç, kim garny dok eñip ýör,
Bähbit añtap bir eneden doganlar,
Baýlyk üçin ynsabyny ýeñip ýör.

Ýuwdyp ýatyr irilerni bu zemin,
Olañ ýerne diñe maýdalar inýär,
Moda boldy akmaksyrap ýaşamak,
Ýok bizsizem ýene aýlanar dünýä...

Awtory: Baýram Bejidow


11
45
BaýramBejidow
11.10.2022 20:28
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Umyt beren geljek üçin.
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Gadyrymy biljek üçin.

Durmyş däl ahyr oýunjak,
Ýene mähire çoýunjak,
Ýürek urmasyn goýynça,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Durmuş meni gysýar neçin,
Sähelçejik gussam üçin,
Iñ bolmanda ejem üçin,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Borjum haklap, uýup dine,
Kömegimi berip ile,
Ýürekde saklaman kine,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Ýaralanmaz epen dyzym
Bir gün geçer diýip kynym,
Gözine basyp bahylyñ,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Haramlyk bolmasyn emim,
Halaldan alynsyn demim,
Düzedip bolanja kemim,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Daşyñda egriden doly,
Saýlanyñda dogry ýoly,
Ýagşyda ýatlanar ýaly,
Men biraz ýaşasym gelýär!...

Ýaş başym bar, köñül duman,
Şu günim çak, ertir güman,
Ýakynlarma diläp aman,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Awtory: Baýram Bejidow
14
97