BaýramBejidow
12.10.2022 21:49
Ýalan däl, bu dünýä ,,ýalançy" diýmäñ,
Bähbit üçin aldanymyz ýalanmy?,
Göwni ýukalaryñ göwnüni güýmäp,
Ýalñyşlygy goldanymyz ýalanmy?.

Kem añtaryp özgäñ dogrulygyndan,
Çem añtaryp kalbyñ ogrylaryndan,
Dem añtaryp yşkyñ sargylaryndan,
Ýamanlary ýallanymyz ýalanmy?.

Biz mugtyna inipdigä aslynda,
Ýörmek üçin bu zeminiñ üstinde,
Asgyn gelip ýatlamalañ astynda,
Elýaglygy öllänimiz ýalanmy?...

Awtory: Baýram Bejidow
18
115
angelinka
12 Oktýabr 2022
Gaty gowy duzulipdir
TKM..
12 Oktýabr 2022
Borlay Bayram yuzime basmayds beydip goshgy dash
wolf
12 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
atakulyyewa_humay
12 Oktýabr 2022
Berekella gaty dogry 👍👍👍
Perishdejik
12 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
RuníA
12 Oktýabr 2022
Elýalygy öllemäniň peýdasy ýok eken, güýç toplalyň. Goşgy hemişekiler ýaly✨👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.