Kir basan ýüregi serip birsellem,
Käteler manysyz uzaýar diller,
Alla gol uzadan halalhon eller,
Herne haramlygy ýygar öýtmedim.
Keýpini çaglan köp şerap, tüsseden,
Sogap gazanýan az namaz, tesbiden,
Jar boýy dolupdyr hapa esgiden,
Abraý aryga sygar öýtmedim,
Ejiziñ golundan galdyryp bilsem,
Alkyşy alnyma ýagdyryp bilsem,
Sabrymy synama sygdyryp bilsem,
Terslän täleýim jyzar öýtmedim,
Terk edip gidende wadasy ýoklar,
Ýaksalar ýylandym howruna otlañ,
Ugrynda köýipdim köýmesiz zatlañ,
Ynansam, umydym gyrar öýtmedim.
Düzildi gussalam kä hünji bolup,
Ýalñyşsam, ýalñyşlam dur ünji bolup,
Iñ agyr urgyny ilkinji bolup,
Iñ ýakyn ynsanlam urar öýtmedim...
Awtory: Baýram Bejidow