Ýeke sensiñ halasgärim,
Içde umyt düwinçegim,
Bagtlysyrap bu panyda,
Sen bar diýip öwinjegim.
Adyñ dilde doga edip,
Guwanýaryn barlygyña,
Goý, meni gyssyn bu dünýä,
Üns bermen darlygyna.
Öñde-soñda bu mañlaýa,
Bir sen ýazlan bolsañ ýeter,
Geljegimde şatlyk bolsa,
Bagt ýokdur şondan beter.
Çaga ýaly çaga göwniñ,
Ynjytmakdan gorkýaryn,
Seni ýitirmekden her dem,
Bilýäñmi sen gorkýanym?!...
Awtory: Baýram Bejidow