Aýralyk odunda saralyp solup,
Men ýene señ geleriñe garaşdym,
Gussaly göwnümi şatlajak bolup,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.
Hoş döwranda sürüp zowky-sapany,
Añmadyñam çeken jebri-jepamy,
Ynandyrmak üçin saña wepamy,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.
Senden başga kim düşüner halyma,
Dalla gözläp bakdym sagy-soluma,
Didelermi dikip geljek ýoluña,
Men ýene señ geleriñe garaşdym.
Başyña oranyp al-ýaşyl öýme,
Gelersiñ öýdüpdim törüme, öýme,
Içimi gepletdim ,, söýmeseñ söýme",
Emma ýene señ geleriñe garaşdym...
Awtory: Baýram Bejidow