BaýramBejidow
23.10.2022 12:39
Päklige teşne men, owal-ahyrda,
Ýagşa gol uzadan pişesi bolsam,
Ýamanlyga çenelende sapança,
Barmakda gysylan mäşesi bolsam.

Hakykat açylar gün bolup dogup,
Ýalanlar bogazyn gysanda bogup,
Niýeti pozulyp, gahary çogup,
Dolanda sabrynyñ käsesi bolsam.

Bigerek zatlara, bolupdym pida,
Özüm, öz-özümden bolanda jyda,
Meni söýenleri söýdim men juda,
Yşkymyñ üzüm deý hoşasy bolsam.

Amallar ownujak, göwünler iri,
Gör kötelli ýollar getirdi nirik?,
Käte hyýallarna, düýşine girip,
Yzyna dolajak posasy bolsam.

Awtory: Baýram Bejidow
11
47
BaýramBejidow
23.10.2022 12:28
Salam hormatly agzalar!

Bu postuñ teswirinde herkim ýekeje gyzkly we peýdaly fakt paýlaşsyn.
Iñ gowy fakt ýazan agzany ,,Iñ gowy fakt ýazan agza" diýip belläris☺️
13
164
BaýramBejidow
22.10.2022 07:25
Belki bu-da ýalñyşymdyr,
Dostlaşmadym gödek bilen,
Bu panyñ añzak gyşynda,
Ýaşaberdim edep bilen.

,,Dost" diýenlem ara açdy,
Kömek berdi ne gep bilen,
Öz ýükimi arka atyp,
Daşaberdim edep bilen.

Içigara ,,ýaman" diýsem,
Için aklady hek bilen,
Sähel wagt dostsyraşyp,
Syrym bildi edep bilen.

Men guraýyn, sada göwin,
Duýgym ýaly duýgy gözläp,
Gara diýseler ak zada,
Emel añtap, haky sözläp.

Aladañlar, alasarmyk,
Pikirleriñ için dörip,
Kapýa goşup her sözleri,
Käte ýumak ýaly örip.

Ýaşlygymyñ hözirini,
Çalşyp garry pikir bilen,
Gümany dartyp özime,
Sazlaşanda küpir bilen.

Gulak gerip bahyllaryñ,
Heşelleli heý-heýine,
Elendirdi täleýimi,
Garalyk gelip küýime.

Şeýdip kalbyma ýazyldy,
Päklik, iññe-sedep bilen,
Soñ düşinýäñ ähli zada,
Aldaýalar edep bilen...

Awtory: Baýram Bejidow
19
137
BaýramBejidow
21.10.2022 22:04
Salam hormatly agzalar agşamyñyz haýyrly bolsun!
Ýadyñyzda bolsa düýn ,,Zehin" atly bäsleşigi yglan edipdik, geliñ bu gün bäsleşigiñ ýeñijisi bilen tanyş bolalyñ.

12). @butterfly - 8 Like.

11). @mgm - 11 Like.

10). agayunus- 15 Like

9). @Maýa06 - 15 like.

8). @jemal_seyitniyazowa - 15 like.

7). @sahet_ashyrov - 16 like.

6). @sahyrlar_we_men - 16 like.

5). @Zahrat_alward - 18 like.

4). @SerdarMyradow - 18 like.

3). @Begga99 - 21 like.

2). @menesa___ - 22 like.

1). @best_person - 32 like.
bilen biziñ ,,Zehin" bäsleşigimizde birinjilik gazanmagy başardy. Hormatly @best_person sizi ýeñişiñiz bilen tüýs ýüregimden gutlaýan, geljekde uly saýlan ýoluñda uly üstünliklere ýetmegiñizi arzuw edýän.
Ýeñiş gazanyp bilmedik agzalar hem ruhdan düşmäñ, nesip bolsa beýle bäsleşik ýygy-ýygydan geçiriler, esasy zat siz programmadan daşlaşmañ, indiki bäsleşiklere taýynlanyñ nesip bolsa has gyzykly hem çekeleşikli bolar, nesibeli utsyn. Eger zehinli dostlaryñyz bar bolsa programma çagyryñ agza bolmagyny sorañ, goý zehinlerini paýlaşsynlar utuş gazansynlar, tanalsynlar, biziñ niýetimiz has zehinlileri ýüze çykarmak.
Galyberse-de gatnaşan agzalara uly minnetdarlygymy bildirýän. Janyñyz sag bolsun!!!.

Bejidoff.
17
342
BaýramBejidow
BaýramBejidow
20.10.2022 21:33
Salam hormatly agzalar! Aramyzda has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen ,Zehin" atly bäsleşigi gurnamagy makul bildim. Islendik agza öz zehini esasynda ýazan makalasy, goşgysy, hekaýasy,
BaýramBejidow
19.10.2022 23:00
Gussalarmy paýlaşan,
Janym jigim, gelsene!
Wepa Söýliýew bolup,
Aýdym aýdyp bersene!

Unudaýyn dünýäni,
Diňläp, seniň sazyňy,
Başga bagşa deňemen,
Owadan owazyňy.

Tukat wagtym güldüren,
Güler ýüzüň solmasyn!
Aramyza a:l saljak,
Şeýtana ýol bolmasyn!

Sen ahyr meň mydarym,
Hossarym, arkadagym,
Ugrun tapyp göwnümiň,
Bolduň sen wepadarym.

Saňa "dostum" diýmerin,
Dogandan-da ýakynsyň,
Körpelikden saýlanman,
Käte içim ýakansyň ... ))

Bir "jigim" diýip, söýsem,
Bir-de hasa söýendim,
Käte bolsa buýsanyp,
Öz ýanymdan öwündim.

Nädip buýsanmaýyn men?
Hem dizaýner, hem ussa,
Şygry bilen begendi:r,
Käte ýüregiň gyssa.

Gije Aýa deňedim,
Ýagty saçdyň ýoluma,
Gündiz güne deňänim,
Goltgy bolduň, goluma!

Jigim, jigim, jan jigim!
Näme ýazsam, az saňa,
Waspyňa söz tapamok,
Her sözleriň ýa:z maňa.

Awtory: Mylaýym
15
90
BaýramBejidow
19.10.2022 08:37
Seni görsem uçup gider gussalam,
Dönerin men dañysy ýok tussaga,
Men senden aýrylman erkim elde-kä,
Ybkalymyz aýry ýoly tutsa-da.

Ýaşamana hyjuwlanýan señ bilen,
Ýeke sende umyt tapdym em bilen,
Garassamam saña söýgim garramaz,
Ruhyma giripsiñ sen dem bilen.

Seni görsem dünýäm ya:za öwrüler,
Seni görsem gözelleşer bu dünýäm,
Entäpdirin ýalanlaryñ iÇinde,
Saña owal duşmadygma ökünýän.

Sen hakynda goşgy ýazmaly bolsa,
Waspyñ edip doldurýaryn kagyzy,
Men seni asyl-ha söýmän bilemok,
Sen Allanyñ peşgeş beren şagyzy!...

Awtory: Baýram Bejidow
16
85
BaýramBejidow
18.10.2022 22:01
Salam hormatly agzalar agşamyñyz haýyrly bolsun!

Bu gün men siziñ bilen gyzykly bir bäsleşik geçirmekçi.

Üns bilen okañ! Bäsleşigiñ şertleri:
1) Size deñlikde 3 sany sorag beriler.
2)Beriljek soraglaryñ jogaplary takyk we anyk.
3)Berilen soraglara jogap berilende ilkinji bolup 3 soraga hem doly we dogry jogap ýazan agzanyñ jogaby kabul ediler.
Meselem.
1. Garpyz.
2. 1830-njy ýylyñ 17-nji Iýunynda.
3. Magtymguly Pyragy.

Bir jogaby dogry ýazdym diýip dawalaşmak bolmaýar sebäbi bäsleşigiñ şertinde 3 soraga hem dogry we doly jogap bermegi talap edýär, eger ikisini bilip birini ýalñyş ýazylsa-da jogap kabul edilmez!.

Geliñ onda ,,Baýrakly sorag" bäsleşigimize geçeliñ.

1-nji sorag: Dünýä ummanyň ortaça temperaturasy näçe?

2-nji sorag: Bir wagtyň özinde bir gözi bilen öňine beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýän haýsy haýwan?

3-nji sorag: Dünŷäde çäýnek şekilli bina nirede ýerleşýär we onuň beýikligi näçe?

Ählijäñize üstünlik arzuw edýän!!!



17
400
BaýramBejidow
BaýramBejidow
18.10.2022 07:25
Birini söýmeli bolsa, Ejem gelýär gözöñüme, Hoş sözi diýmeli bolsa, Ejem gelýär gözöñüme. Teşne göwnümi çaglajak, Ag:yma çyndan aglajak, Meñ üçin bagryn daglajak, Ejem gelýär gözöñüme. Garamy ýapyp
BaýramBejidow
17.10.2022 22:22
Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek,
Geçmän geçen gussalaryñ höwri men,
Hasrat bilen gol tutuşyp hamala,
Ýalñyşlary sapak eden ömrüne.

Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek,
Alasarmyk pikerlerde ýüzen men,
Duşman ýaly garalygy sürtdüler,
,,Janyn dözjek dostum" diýip süzenlem.

Bagtyñ özi pul diýseler ynanyp,
Gara şaýy gazanmana başladym,
Deñizlere çöl diýseler ynanyp,
Duýgylara oranmanam taşladym.

Ýansamam howruna çoýunyp kalbyñ,
Ýyly mähri gyzgyn çaýa çylyşdym,
Özümi ýitirdim özümi gözläp,
Gowy ýaly gowylyga salyşdym.

Ýylgyrypdym, asman aglan mahaly,
Hamsygypdym, gün ýakanda gerşimi,
Göwnüme ýarajak sazy tapmarsyñ,
Üzseñem dutaryñ goşa kirşini.

Men näme üçin beýle hötjet doguldym?,
Kejirligim öwrülipdir endişe,
Özümi ýigrenip diýýän käteler,
,,Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek..."


Awtory: Baýram Bejidow
11
36