BaýramBejidow
17.10.2022 22:22
Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek,
Geçmän geçen gussalaryñ höwri men,
Hasrat bilen gol tutuşyp hamala,
Ýalñyşlary sapak eden ömrüne.

Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek,
Alasarmyk pikerlerde ýüzen men,
Duşman ýaly garalygy sürtdüler,
,,Janyn dözjek dostum" diýip süzenlem.

Bagtyñ özi pul diýseler ynanyp,
Gara şaýy gazanmana başladym,
Deñizlere çöl diýseler ynanyp,
Duýgylara oranmanam taşladym.

Ýansamam howruna çoýunyp kalbyñ,
Ýyly mähri gyzgyn çaýa çylyşdym,
Özümi ýitirdim özümi gözläp,
Gowy ýaly gowylyga salyşdym.

Ýylgyrypdym, asman aglan mahaly,
Hamsygypdym, gün ýakanda gerşimi,
Göwnüme ýarajak sazy tapmarsyñ,
Üzseñem dutaryñ goşa kirşini.

Men näme üçin beýle hötjet doguldym?,
Kejirligim öwrülipdir endişe,
Özümi ýigrenip diýýän käteler,
,,Men bu dünýä gelmän geçen gelmişek..."


Awtory: Baýram Bejidow
11
36
atakulyyewa_humay
18 Oktýabr 2022
👏👏👏
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.