BaýramBejidow
19.10.2022 08:37
Seni görsem uçup gider gussalam,
Dönerin men dañysy ýok tussaga,
Men senden aýrylman erkim elde-kä,
Ybkalymyz aýry ýoly tutsa-da.

Ýaşamana hyjuwlanýan señ bilen,
Ýeke sende umyt tapdym em bilen,
Garassamam saña söýgim garramaz,
Ruhyma giripsiñ sen dem bilen.

Seni görsem dünýäm ya:za öwrüler,
Seni görsem gözelleşer bu dünýäm,
Entäpdirin ýalanlaryñ iÇinde,
Saña owal duşmadygma ökünýän.

Sen hakynda goşgy ýazmaly bolsa,
Waspyñ edip doldurýaryn kagyzy,
Men seni asyl-ha söýmän bilemok,
Sen Allanyñ peşgeş beren şagyzy!...

Awtory: Baýram Bejidow
16
85
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Baýram Bejidow , gyzyň ýüregini ereder ýaly goşgy bolsa gyz yrylsa boldy agam

Bu taýdan gyz gerek däl durmuşdan gyz gerek
BaýramBejidow
19 Oktýabr 2022
Salam nesip bolsa
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Baýram Bejidow, söýgi hakyndaky goşgy düzüp beräý kyn görmede
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Yazyan goshgylarnyza soz yok

Yazyan goshgylarnyza soz yok

Eger hayysh etsem men unem gynanchly ayralyk hakynna yazyp bilersinizmi
lalahan
19 Oktýabr 2022
Gowy gosgy bolan ustunlik 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.