BaýramBejidow
19.10.2022 23:00
Gussalarmy paýlaşan,
Janym jigim, gelsene!
Wepa Söýliýew bolup,
Aýdym aýdyp bersene!

Unudaýyn dünýäni,
Diňläp, seniň sazyňy,
Başga bagşa deňemen,
Owadan owazyňy.

Tukat wagtym güldüren,
Güler ýüzüň solmasyn!
Aramyza a:l saljak,
Şeýtana ýol bolmasyn!

Sen ahyr meň mydarym,
Hossarym, arkadagym,
Ugrun tapyp göwnümiň,
Bolduň sen wepadarym.

Saňa "dostum" diýmerin,
Dogandan-da ýakynsyň,
Körpelikden saýlanman,
Käte içim ýakansyň ... ))

Bir "jigim" diýip, söýsem,
Bir-de hasa söýendim,
Käte bolsa buýsanyp,
Öz ýanymdan öwündim.

Nädip buýsanmaýyn men?
Hem dizaýner, hem ussa,
Şygry bilen begendi:r,
Käte ýüregiň gyssa.

Gije Aýa deňedim,
Ýagty saçdyň ýoluma,
Gündiz güne deňänim,
Goltgy bolduň, goluma!

Jigim, jigim, jan jigim!
Näme ýazsam, az saňa,
Waspyňa söz tapamok,
Her sözleriň ýa:z maňa.

Awtory: Mylaýym
15
90
Myhman Myhman
20 Oktýabr 2022
Zohre zenanyňdyr Mahym gyz janym aglama Mahymjan gitsem geler men ýaşamak düşüpdir aýralyk güni saňa pida kyldym jan bilen teni razy bolmaga soltan öldürse meni aglama Mahymjan gitsem geler men tahyr diýer söýdüm iki perini satarda Zöhrani Bagdatda seni özüň köp aglaýyp aglama meni har edme meni Aglama Mahymjan gitsem geler men

Aýdym şu goşgy görnüşinde ýazdym ýöne meň goşgym däl
Begga99
19 Oktýabr 2022
👍👍👍
mgm
19 Oktýabr 2022
👍👍👍
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Men aýdym aýdyp bereýin dos
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.