Aynashka
30.12.2022 02:11
Mertebe
2012-nji ýylyň dekabrynda Ispaniýada uly baýrakly ýaryş geçirilip, oňa ezber türgenler gatnaşypdyr. Şonda pellehanada gyzykly waka bolup geçipdir. Keniýaly Abel Mutai Londanda geçirilen Olimpiada oýunlarynda bürünç medal alan türgenleriň biri bolup, päsgelçilikli 3 müň metr ylgawda beýlekilerden has öňe saýlanypdyr. Ýöne ol pellehana 10 metr galanda badyny gowşadypdyr.
Abel Mutai pellehananyň çyzygyndan geçendirin öýdüp, tomaşaçylara elini galdyryp mübärekläpdir. Olar bolsa, öz nobatynda ispançalap oňa pellehana az galandygyny aýtmaga dyrjaşypdyrlar. Ikinji bolup pellehana golaýlan ispaniýaly Iwan Fernandes Anaýýa keniýalynyň bu ýalňyşlygyndan peýdalanyp, birinji orny eýeläp biljek eken. Ýöne ol muňa derek pellehananyň çyzygyny görkezip, Abeliň ýagyrnysyndan çalaja itipdir… Ylgaw ýaryşyndan soňra Iwan altyn medal almakdan, öz mertebesini saklamagyň has möhümdigini aýdypdyr.
Arzuw
Uçarmanlaryň biri baýyrlaryň arasynda ýerleşýän obasynyň üstünden uçarda barýarka, kärdeşine bakyp şeýle diýipdir:
– Obaň golaýyndaky tokaýyň içinden akyp geçýän derýanyň gözelligine bir seretsene. Men şol derýany alkymlap oturan obada önüp-ösdüm. Ol ýer meniň dogduk depäm. Çagalygymyzyň alabaharynda dostlarymyz bilen şol derýada suwa düşerdik, balyk tutardyk. Şol döwürler balyk tutmak meniň iň gowy görýän güýmenjämdi. Şol ýyllarda üstümizdäki mawy asmandan uçarlar uçup geçýärdi. Şonda men uçarman bolmagy arzuw edýärdim. Häzir meniň arzuwlarym hasyl boldy. Indi her gezek obamyň golaýyndaky tokaýdan akyp geçýän derýanyň üstünden uçup geçenimde, pensiýa çykanymdan soň, ýene-de şol günlere dolanyp, balyk tutmaga gitmegi arzuw edýärin.
Algyr
Bir gezek derýanyň kenaryndaky gaýalarda ýaşaýan algyra uly balygy awlamak başardypdyr. Muny gören gargalaryň ýüzlerçesi içiňden geçip barýan gagyldylary bilen algyryň yzyndan eňipdirler. Algyr görgüli haýsy tarapa ýönelse, gargalar hem onuň yzyndan galmandyr.
Ahyrsoňy kowgudan ýadan guş penjesini açyp, awuny aşak taşlapdyr. Şobada gargalar onuň yzyna düşmeklerini bes edip, ýere gaçan balyga topulypdyrlar.
Kowgudan halys bolan ýaňky algyr demini dürsemek üçin gaýanyň kertine gonupdyr. Ol bu rahatlykdan lezzet alyp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: «Bu balyk meniň bar rahatlygymy bozdy. Ony taşladymam welin, derrew meni öz günüme goýdular»…
Ynsan haýsy-da bolsa, bir gymmatlygy elinde saklaýarka, aladaly durmuşda ýaşamaga mejbur bolýar. Haçan-da, adam özüni ynjalyksyz edýän isleglerinden el çekende, kalby aram tapyp, rahatlyga gowuşýar.
Rus dilinden terjime eden
Rahman Kömekow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
16
105
Aynashka
29.12.2022 00:00
Syn edip gorung: Biz ashak
-yere seretsek haybatly gorunyas,
Yokarlygyna
-asmana garasak bolsa yuz sheklimiz matach,
nayynjar shekile gechyar...
kochan gyrasynda bir kor adam eli hatly otyrdy o hatda'men kor
mana sadaka bering'diyip yazykdy emma hichkim ona unsem
berenokdy.shol wagt bir chagajyk gelip haty pozup bashga zat
yazyp gidyar
.Shondan son herkim ona pul berip ug
rayalar.son
yanky chagajygy ayak sesinden tanap ona:sen yany name
yazdyn'diyyar
.Chagajyk bolsa:YAZ GELDI MEN YENEDE ONY
GORUP BILMERIN'diyip yazdym diyyar
.
At bir gezek Itiň göwnüne degipdir.
“Sen aç
-hor bolsaň, gapy
-gapy aýlanyp, seňkildäp ýörsüň.
Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler.
At aç
-hor bolsa
-da, öz eýesiniň gapysynda durýar. Muny
adamlar şonuň üçin aýdýarlar. Bildiňmi!”
Bu ýakymsyz söz Itiň içinden ok bolup geçipdir. Şonda
-da ol
mertlige salypdyr
-da, Ata şeýle jogap gaýtarypdyr:
“Seniň ol aýdýanyň jany bar, At aga. Ýöne sen ýene
-de bir zady
bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat etseler ýa
-da
ogurlap alyp gitseler, tapawudy ýok, garaz, üstüňe kim münse,
sen şonuňky bolaýýaň. Men lebzi bütin. Şonuň üçin maňa
adamlar “It
- wepa” diýýändirler”.
Yumruk nace berk duwlenem bolsa gulup duran yuze degyan
daldir
.
Eger yekeje barmajyk agyrsa hem yurek duyyar, emma yurek
agyrsa hic kim duymayar
.
birnace ynsan gordum egninde eshigi yok, birnace eshik
gordum icinde ynsan yok
At yatagyndan cykanson gapyny yapanyn peydasy yok
birinji gezek gormek ucin bir minut, gownune yaram
ak ucin bir
sagat, soymek ucin bir gun, yatdan cykarmak ucin bolsa bir
omur gerekdir
Saglyk sag adamlaryn bashyndaky altyn tajidir, yone ony
syrkawlardan bashga hic kim gormeyar
Gulun tikeni bar diyip gynanmagyn,tikenin guli bar diyip begen.
Gaygyly adam, ichi tusseden doly tama menzeya. Gaygyly
adamyn derdini dinlemek - ol tusseli jayda aynany achmak
yalydyr!
Kichikam suratlaryn arasynda 7 tapawudy tapyp bilyadim,
ulaldym welin ka bir adamlar bilen haywanlaryn arasynda 7
tapawudy goremok.
Akylly adamlar uryshsyz utarlar, akylsyzlar utmak uchin
ursharlar.
Omrun birinji yarsy, ikinji yarsyna garashyp gecher
adamzat. Ikinji yarsyny bolsa sho omrunin birinji yarsyny yatlap
gecher.
Bir zady basharmak agyr ish. Dagdan ashak duship, yenil
yoly saylap bilersin yone in owadan peyzaj in yokardadyr!
Gaty köp adam 25 ýashynda öler, emma 80-90 ýashynda
gömüler
Näme üçin köp gyzlaryňyz ýalyk geýýär, diýip musulmandan
sorapdyrlar. Musulman oglan jübüsinden iki sany, biri kagyzly
dolanan, beýlekisi açyk kagyzsyz süýji çykaryp, saýlaň diýipdir.
Adamlar kagyzly dolanan süýjini saýlap, onuň arassa bolany
üçin saýlanlaryny düşündiripdirler. Musulman oglanam "ine
siziň soragyňyza jogap"
Oglan her gije uklamaňka, öz söýgülisine "Men seni söýýän"
diýip hat ýazýady! Bir gün agşam ol gyza ýene-de SMS gelýä:
ýöne ol gyz "Aý bolýala, her agşam şo bir zat okap ýadadym"
diýip, şol sms-y okaman ýatyp galdy... Irden ol gyzyň telefony
ýaňlanýar, oglanyň ejesi aglap şuny diýip galýar: "Ol ýogaldy..."
gyz erbet ýagdaýda titräp, sms-y açyp görýä: "Janym...men seň
öýüň ýanynda...awariýa düşdüm...dem almam kyýnlaşyp
başlady...ölýänmikäm öýdýän...näme bolanda-da seni göresim
gelýa şu wagt, haýyş edýän...gel" (с)
13
79
Aynashka
28.12.2022 23:53
Ejemizi öz ornundan tapmasak
Ýazarlar söýgi hakda, ýazarlar sene hakda,
Ýazarlar gaýgy hakda, ýazarlar ene hakda.
Ýöne welin daş
-töwerek hyň berse
-de şahyrdan
Sen barada birje goşgam ýazýan ýok
-la bu çakda.
Ýogsa, dogan, çagalygyň ýadyňdamy diýseler,
Doganlygyň, agalygyň ýadyňdamy diýseler,
Seniň bilen bir göwüsden emen barmy diýseler,
Seň oduňa senden beter ýanan barmy diýseler,
Ene bolsa ilkinjisi, ata bolsa ikinji,
Şolardan soň gümany ýok, seň adyňdyr tutuljak,
Onam bolsa, känem bolsa, erkek dogan sanymyz,
Ýene sensiň bir zat bolsa, hemmeden öň topuljak.
Ýa bolmasa, käte
-käte küýsämizde enäni
Çaga dönüp, ýerli
-ýerden öýe tarap eňýäris.
Ana, şonda öz ornundan tapmasak biz ejäni,
Ejemize meňzeşimiz
- saňa bakyp oňýarys.
Aga bolup, kaka bolup, duýmasagam derdini,
Öz derdini ýeke özi çekip ýören dogansyň.
Gaty görmäň deregine, öz bagtyny unudyp,
Bize garap, bolsadylar ekip ýören dogansyň.
Aljyrama, şahyr oglan, aljyrama, goşguçy,
Ol ikimiz ýaly däldir, ýene ýarym göwündir.
Biz ýazsagam, ýazmasagam, gaty görüp ýörmez ol,
Çünki, ol bir beýik ynsan
- naçar aýal dogandyr
.
11
31
Aynashka
25.12.2022 03:52
Gaýnyma.
Hol arada diýdiler,
“Gor nämeler ýazlanok”
Ýöne , gaýyn hakynda,
Neçün gosgy düzlenok.
Bu gün käbäm tarypyň,
Ýetireýin sadadan.
Gaýratly sen , yhlasly,
8 ogly ideden
8 gelni jemleýän,
Iň mähriban gaýyn sen.
Bolduň edep mekdebi
Gol germäge taýyn ene.
Eý görüp saýalanym,
Ýürekdäki namam sen.
Ýaman söz, gaty sesin,
Eştdirmedik käbäm sen.
25 ýyl geçipdir,
Seň törüňi açanma.
Köpler aýtsaň ynanmaz,
Öýkeleşmän geçenme.
Ynjydyp - ynjamadym,
Ömrüň bolsun dowamat.
Gowy ene bolmaklyk,
Bu-da bagtdan alamat.
,,Gelin” sözün ,,gyzyma”
Gowlap (Söýüp) öwreniň üçin,
Sag bol, saňa mähremim,
Ýarym dogranyň üçin.
12
86
Aynashka
24.12.2022 00:03
Keýpiň kökdür , garnyň dokdur,
Jübüňde aýlygyň bolsa,
Başyňda alada ýokdur,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Dünýe ajapdyr gözüňe,
Işler biter bir sözüňe,
Göwnüň ýeter öz-özüňe
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Sowsam diýip eliň gijär
Harytlara isleg güýjär,
Şeriň ýiter, diliň süýjär,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Gadyrlysyň agalarňa,
Aýlanarsyň joralarňa,
Has mähremsiň çagalarňa,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Bergiliň ýyrşaryp geler,
Ýagdaýyň ýüzüňden biler,
Puluň barka gözleň güler,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Ruhuň belent, sag bor synaň,
Dargar gider öýke- kinäň.
Ýaryňa diýersiň ,,janam,,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
(Ýanýoldaşdan mähir çogar),
Günüň şeýle nurly dogar,
Ojagyňa rehnet ýagar,
Hezil günüň şodur meger,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
22
182
Aynashka
23.12.2022 09:29
Bagra basyp balasyny gujakda,
Yssy mähir çoýup otyr ojakda,
Sözlemegen şahyr ýokdur sen hakda,
Dessan-gazallara siňen, ene sen.
Hupbatlardan maňlaý gasyn köpeler,
Ýyl aýlanyp saçlara ak sepiler,
Emma, duýdurmaz ol, bili epiler,
Derdi-azaplary ýeňen, ene sen.
Mylaýym sereder, mährem göz bilen,
Kalbyňy giňeder ýumşak söz bilen,
Köňle kine gelmez asla siz bilen,
Gahary, gazaby daňan, ene sen.
Sen bir uly dünýe hem giden umman,
Şugla saçýaň pana hiç haçan sönmän,
Jadyly elleriň bar derde derman,
Sabyr, paýhas bilen dyman, ene sen.
Täsin gudratyňa taý bolmaz munda,
Seň mähriňden kuwwat tapýarys günde,
Asyl bu durmuşyň manysam sende,
Ýürekleň töründe duran, ene sen!
Äleme gözellik beren, ene sen!
15
44
Aynashka
22.12.2022 00:54
3-nji awgustda dürli ýurtlar ýakymly baýramçylygy – Garpyz gününi belleýärler. Bu baýramçylyk gözbaşyny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan alyp gaýdýar, bu ýerde Milli Garpyz güni hökmünde bellenilýär. Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, amerikalylar garpyz iýmekde birinji ýerde durýar.
Häzirki wagtda 96 ýurtda garpyzyň 1200-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Taryhçylaryň bellemegine görä, garpyzyň watany Günorta Afrika hasaplanýar. Käbir çeşmelere görä, gadymy Müsürde hem bu tomus paslynyň datly bakja önümini ösdürip ýetişdiripdirler. Garpyzyň çigitleriniň Müsür faraonlarynyň guburlarynda tapylandygy aýdylýar.
X asyrda garpyz Hytaýa hem baryp ýetdi. Bu ýere garpyz Ortaýer deňzindäki gämiler arkaly barypdyr. Hytaýlylar garpyz ýetirdirmäge uly ähmiýet berip, olar hem garpyz gününi özboluşly belleýärler.
Garpyz X-XI asyrlarda Ýeropa, XVI asyrda bolsa Amerika aralaşypdyr. Häzirki wagtda garpyz dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ösdürilýär we iň esasysy Hytaýda, ondan soň Türkiýe, Eýran, Müsür we Amerika ýurtlary gelýär.
Ýaponiýa bolsa garpyzyň dürli sortlary bilen meşhurdyr. Bu ýurt garpyzyň dürli möçberde we ölçegde ýetişdirilmegi bilen tanalýar.
Tomus aýlarynda iň köp iýilýän gök önümleriň biri hem garpyzdyr. Bu datly bakja ekininiň 80 göteriminden gowragy suwdan ybarat. Garpyzda adam saglygy üçin peýdaly maddalaryň birnäçesi bar. Onuň düzüminde kalsiý, magniý, şeker, demir has köp. Alymlar aşa semizligiň öňüni almak üçin garpyz iýmegi maslahat berýärler. Ol ganazlykda hem giňden peýdalanylýar.
13
41
Aynashka
21.12.2022 02:53
Ýatdan çykar bar ýadawlyk şo bada,
Boşar çäýnek bary, saklanmaz kada,
Sagadyň dilleri hiç düşmez ýada,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Gürrüň gyzar, jaňyň sesi diňlenmez,
Näçe aýtsaň diýjek zatlaň soňlanmaz,
Ýalyk nirde, topby nirde geňlenmez,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Ýagyş ýagsyn, suw-sil alsyn daşyňy
Işiň bolmaz galdyrmarsyň başyňy,
Gybat bilen sowadarsyň aşyňy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Çagalar mekirdir, biz bolsa sada,
,,Zat alyp ber,, diýip düşerler oda,
Sen bolsa şo bada berersiň wada,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Gep bilen aýlanyp ýeriň şaryny,
Duýmarsyň geçenin sagat baryny,
Şonda-da edersiň wagtyň zaryny,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Ýeňläp içiň sowar, boşar ,,poslaryň,,
Soňabaka gyrlyp başlar sesleriň,
Het etseňiz hany, ýarlar sesleniň!
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Erkek adam duýmaz bu hezilligi,
Derrew gaçar, saçak giň ýazyldygy.
Hasap edäý işleň çalt çyzyldygy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
Hyzmat etsin daýzalarna ýegenler,
Guwansynlar bize dostlar-doganlar,
Gülküniň ýaňyna gelsin Erenler,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
14
81
Aynashka
19.12.2022 08:59
Beýik binalaryň gurlup başlanmagy bilen oňa münüp-düşmek kynçylygy ýüze çykýar. Dürli görnüşli basgançakly ulgamlaryň işlenilip düzülmegi ýaşaýjylary kanagatlandyrsada, myhmanhanadyr dynç alyş merkezlerine barýan syýahatçylarda nägilelikler döredýär. Şeýlelikde, ýokary münüp-düşmegiň has aňsat ýoly gözlenip başlanýar. Şäher ilatynyň artmagy bilen köpelip başlan köp gatly binalarda münüp-düşmekde köp hereket etmek, artykmaç wagtyňy sarp etmek ýaly meseleler ýüze çykýar.
Aslynda, köp gatly binalara haryt daşamak,
ýüki ýokary çykarmak we aşak düşürmek
üçin oýlanyp tapylan açyk çarçuwaly mehaniki ýük
göteriji ulgam 1800nji ýyllardan soň öýjagaz şekilinde işlenip düzülýär. Şeýlelikde, zynjyra berkidilen «kiçijik öýjagazy» ýokary göterýän we aşak
düşürýän «lift» atly mehanizm oýlanyp tapylýar.
«Lift» sözi iňlis dilinden terjime edilende «götermek, ýokary galdyrmak» diýen manyny berýär.
1857nji ýylda NýuÝorkdaky «Haughwout» söwda merkezinde ilkinji lift ul ga my döredilýär. Bäş gatly binanyň ýerzemininde bug
hereketlendirijisi ornaşdyrylan lift bir minutda
baryýogy 40 fut (12,2 metr) aralygy geçýän
eken. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda iň çalt
liftler bir sekuntda 40 fut geçip bilýär. Ilkinji
liftiň tizligi gaty haýal bolup, söwda merkeziniň müşderileri ýoka r ky gatlara lift bilen dälde,
basgançaklardan çykanyny kem görmändirler.
Amerikan inženeri Elişa Otis 1853nji ýylda
«Otis Lift» kompaniýasyny esaslandyrýar. 1859
-njy ýylda Otis oýlap tapan «dik demir ýoluna»
patent alýar we şol ýyl NýuÝorkuň myhmanhanalarynyň birinde içinde oturgyjy bolan lifti işe
girizýär. Oýlap tapyjy 1861nji ýylda liftdäki togtadyjy ulgama patent alýar. Şeýlelikde, lifti binanyň
islendik ga tyn da saklap bolupdyr. Eýýäm 1873
-nji ýyla çenli ABŞda edara jaýlarynda, myhmanhanadyr dükanla r da «Otis Lift» kompaniýasynyň
2 müňden gowrak lifti oturdylýar.
Ilkinji liftleriň gymmat bolany üçin NýuÝorkuň, Londonyň, Parižiň belli myhmanhanalaryn da we söwda merkezlerinde oturdylyp, artykmaçlyk hökmünde görlüpdir. Şol döwürlerde
myhmanlar lifte münensoň operator gapyny
ýapyp, ulgamy herekete getirip, olara hyzmat
edýän eken. Bu myhmanlaryň howpsuzlygy
üçin göz öňünde tutulan çäre bolup, oturgyçlarda oturyp gitmek mümkinçiliginiň bardygyna
garamazdan, ulgamyň hereketi gaty haýal bolupdyr. 1870nji ýylda Manhetten şäheriniň
merkezinde gurlan 130 metrlik binada «Otis Lift»
kompaniýasy tarapyndan işlenip dü zü len ilkinji
gidrawlik lift oturdylýar. Bug hereketlendirijisinden gidrawlik ulgama geçilmegi liftiň hereketini
has çaltlaşdyrýar. 1885nji ýylda ilkinji «gökdirän» hasaplanýan Çikagonyň öý ätiýaçlandyryş bina syn da 10 gatda hyzmat etmek üçin liftiň polat çarçuwaly görnüşiniň dördüsi işe girizilýär.
1889njy ýylda «Otis Lift» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ilkinji liftini döredýär. Bu lift
ulgamynda iň uly ösüşleriň biri bolup, gidrawlikden elektrik hereketlendirijili liftlere geçilýär. XX
asyryň başla ryn da ýüz görülýän aýnasy, howa
çalşyjy ulgamy we düwmeli dolandyryş ulgamy
bolan elektrik çekişli liftler işlenip düzülýär. Bu
liftler senagat taýdan nusgalyk kabul edilip, häzirki wagtda hem önümçiligi dowam etdirilýär.
Ýokary tizlikli liftler Gökdiränleriň gurulmagy bilen ýokary tizlikli liftler işlenip düzülýär. Taýwandaky «Taipei
101» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 1010 metr),
BAEniň Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 600 metr), şeýle hem
ABŞnyň Çikago şäherindäki «Jon Hankok» işewürlik merkezindäki liftleri (1 minutda 549 metr),
Hytaýyň Şanhaý şäherindäki «Jin Mao» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 546 metr) mysal getirmek bolar. Häzirki zaman liftleri eskalatorlardan
we basgançaklardan has ygtybarly bolup, wagty
tygşytlaýan we ýokary hyzmatlary hödürleýän
ösen tehnologik ulgamdyr.
13
38