Ejemizi öz ornundan tapmasak
Ýazarlar söýgi hakda, ýazarlar sene hakda,
Ýazarlar gaýgy hakda, ýazarlar ene hakda.
Ýöne welin daş
-töwerek hyň berse
-de şahyrdan
Sen barada birje goşgam ýazýan ýok
-la bu çakda.
Ýogsa, dogan, çagalygyň ýadyňdamy diýseler,
Doganlygyň, agalygyň ýadyňdamy diýseler,
Seniň bilen bir göwüsden emen barmy diýseler,
Seň oduňa senden beter ýanan barmy diýseler,
Ene bolsa ilkinjisi, ata bolsa ikinji,
Şolardan soň gümany ýok, seň adyňdyr tutuljak,
Onam bolsa, känem bolsa, erkek dogan sanymyz,
Ýene sensiň bir zat bolsa, hemmeden öň topuljak.
Ýa bolmasa, käte
-käte küýsämizde enäni
Çaga dönüp, ýerli
-ýerden öýe tarap eňýäris.
Ana, şonda öz ornundan tapmasak biz ejäni,
Ejemize meňzeşimiz
- saňa bakyp oňýarys.
Aga bolup, kaka bolup, duýmasagam derdini,
Öz derdini ýeke özi çekip ýören dogansyň.
Gaty görmäň deregine, öz bagtyny unudyp,
Bize garap, bolsadylar ekip ýören dogansyň.
Aljyrama, şahyr oglan, aljyrama, goşguçy,
Ol ikimiz ýaly däldir, ýene ýarym göwündir.
Biz ýazsagam, ýazmasagam, gaty görüp ýörmez ol,
Çünki, ol bir beýik ynsan
- naçar aýal dogandyr
.