Aynashka
20.12.2022 00:02

Ýer ýüzüniň ummanlary hakynda geň galdyryjy täsinlikler


Dünýä ummanlary ýer ýüzüniň ähli suwlarynyň 97%-ini öz içine alýar. Olar gidrosferanyň esasy düzüm bölegi hasaplanylýar. Ýuwaş ummany, Atlantik ummany, Hindi ummany we Demirgazyk buzly ummany ýaly dünýä ummanlary bardyr;
Dünýä ummanynyň içinde ylymda öwrenmeli janly-jandarlaryň 99%-niň bardygy çaklanylýar;
Geçen asyryň dowamynda ummanlaryň suwunyň derejesi 25 santimetr ýokarlanypdyr;
Ummanlaryň tolkunlary birnäçe ýüz tonna deň bolan daşlary herekete getirmäge ukyplydyr;
Alymlar deňiz suwunyň içinde erän altynyň takmynan 20 million tonnasynyň bardygyny çaklaýarlar;
Ummanyň suwunyň bir litrinde takmynan 35 gram dürli maddalar, esasan hem natriý hlorid, magniý sulfat we kalsiý sulfat bardyr;
Ummanlaryň suwunda 30 milliard tonna töweregi kümüş bardyr;
Dünýäniň iň zäherli meduzasy Ýuwaş ummanynda ýaşaýar;
Dünýäniň iň uly ummany Ýuwaş ummanydyr. Onda takmynan 25 000 ada bardyr. Bu adalaryň ählisi diýen ýaly ekwatoryň günortasynda ýerleşýär;
Ýuwaş ummanynda şäherleri weýran edýän we köp adamyň ölmegine sebäp bolýan tupanlara we sunamilere duş gelmek bolýar;
Ýuwaş ummanyň iň çuň ýeri Marian çöketligi bolup, ol 11022 metre deňdir. Bu ummanda sunaminiň tizligi 750 kilometre ýetýär;
Ýuwaş ummany dünýä boýunça sarp edilýän deňiz önümleriniň ýarysyny üpjün edýär;
Ýuwaş ummanynda wulkanlaryň atylmagy we Ýer titremeler dünýäniň beýleki ýerlerinden has köp bolup geçýär;
Magellan bogazy, Dreýk bogazy we Panama kanaly Ýuwaş we Atlantik ummanlaryny birleşdirýär;
Dünýäniň iň uly adasy bolan Grenlandiýa adasy Atlantik ummanynda ýerleşýär;
Ýer ýüzündäki derýalaryň aglabasy Atlantik ummanyna guýýar;
Atlantik ummanynyň suwlarynda köp nebit öndürýän platformalar bardyr;
Hindi ummany Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndan soň üçünji ýerde durýar. Hindi ummanynyň ortaça çuňlugy 3890 metre deňdir. Onda ýerasty baýlyklar we tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary bardyr. Gymmat bahaly daşlaryň aglaba bölegi Hindi ummanyndan gazylyp alynýar;
Hindi ummany Ýer ýüzüniň iň möhüm portlaryny birleşdirýär;
Hindi ummanynyň suwlarynda adamlar üçin howply jandarlaryň köpüsi ýaşaýar;
Gadymy döwürde Hindi ummanyna “Gündogar ummany” diýilipdir;
Deňizleriň we ummanlaryň düýbünde suwy 400 ° C – a çenli gyzdyrýan gyzgyn geýzerler bardyr;
Dinozawrlaryň döwründe ýaşap geçen iň gadymy balyk 1939-njy ýylda Hindi ummanyndan tapylypdyr;
Magellan bogazy, Dreýk bogazy we Panama kanaly Ýuwaş ummany bilen Atlantik ummanyny birleşdirýär;
Demirgazyk buzly ummany beýleki dünýä ummanlarynyň içinde entäk doly öwrenilmedik umman hasaplanylýar. Onda köp sanly buzluklar we aýsbergler bardyr. Bu ummanyň beýleki ummanlar bilen deňeşdirilende suwunyň duzlulyk derejesi ýokarydyr;
Demirgazyk buzly ummanyň çuňlugy 5527 metre deňdir. 2007-nji ýylda bu ummanyň düýbüne ýetildi;
Demirgazyk buzly ummany dürli minerallara baýdyr. Ýer togalagynyň ähli nebit gorunyň dörtden bir bölegi bu ummanda ýerleşýär diýlip çaklanylýar;
Demirgazyk buzly ummanyň ähli buzluklary erese, dünýä ummanynyň derejesi 10 metr ýokarlanar;
Dünýä ummanlarynyň hapalanmagynyň esasy sebäpleriniň biri howanyň hapalanmagydyr. Suwdaky ähli zyýanly zäherli maddalaryň takmynan 33% – i howa giňişliginden, 44% – i derýalardan we deňizlerden toplanýar.
13
143
Aynashka
20 Dekabr 2022
Minnetdar hemmanize 🤗🤗🤗🤗🤗
dinim_yslam✨
20 Dekabr 2022
Layk layk layk👍🏻😁
yakup allabayew
20 Dekabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
20 Dekabr 2022
L. I. K. E. 👍👍🏻👍🏼👍🏼👍🏾👍🏿
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.