Keýpiň kökdür , garnyň dokdur,
Jübüňde aýlygyň bolsa,
Başyňda alada ýokdur,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Dünýe ajapdyr gözüňe,
Işler biter bir sözüňe,
Göwnüň ýeter öz-özüňe
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Sowsam diýip eliň gijär
Harytlara isleg güýjär,
Şeriň ýiter, diliň süýjär,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Gadyrlysyň agalarňa,
Aýlanarsyň joralarňa,
Has mähremsiň çagalarňa,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Bergiliň ýyrşaryp geler,
Ýagdaýyň ýüzüňden biler,
Puluň barka gözleň güler,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
Ruhuň belent, sag bor synaň,
Dargar gider öýke- kinäň.
Ýaryňa diýersiň ,,janam,,
Jübüňde aýlygyň bolsa.
(Ýanýoldaşdan mähir çogar),
Günüň şeýle nurly dogar,
Ojagyňa rehnet ýagar,
Hezil günüň şodur meger,
Jübüňde aýlygyň bolsa.