Beýik binalaryň gurlup başlanmagy bilen oňa münüp-düşmek kynçylygy ýüze çykýar. Dürli görnüşli basgançakly ulgamlaryň işlenilip düzülmegi ýaşaýjylary kanagatlandyrsada, myhmanhanadyr dynç alyş merkezlerine barýan syýahatçylarda nägilelikler döredýär. Şeýlelikde, ýokary münüp-düşmegiň has aňsat ýoly gözlenip başlanýar. Şäher ilatynyň artmagy bilen köpelip başlan köp gatly binalarda münüp-düşmekde köp hereket etmek, artykmaç wagtyňy sarp etmek ýaly meseleler ýüze çykýar.
Aslynda, köp gatly binalara haryt daşamak,
ýüki ýokary çykarmak we aşak düşürmek
üçin oýlanyp tapylan açyk çarçuwaly mehaniki ýük
göteriji ulgam 1800nji ýyllardan soň öýjagaz şekilinde işlenip düzülýär. Şeýlelikde, zynjyra berkidilen «kiçijik öýjagazy» ýokary göterýän we aşak
düşürýän «lift» atly mehanizm oýlanyp tapylýar.
«Lift» sözi iňlis dilinden terjime edilende «götermek, ýokary galdyrmak» diýen manyny berýär.
1857nji ýylda NýuÝorkdaky «Haughwout» söwda merkezinde ilkinji lift ul ga my döredilýär. Bäş gatly binanyň ýerzemininde bug
hereketlendirijisi ornaşdyrylan lift bir minutda
baryýogy 40 fut (12,2 metr) aralygy geçýän
eken. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda iň çalt
liftler bir sekuntda 40 fut geçip bilýär. Ilkinji
liftiň tizligi gaty haýal bolup, söwda merkeziniň müşderileri ýoka r ky gatlara lift bilen dälde,
basgançaklardan çykanyny kem görmändirler.
Amerikan inženeri Elişa Otis 1853nji ýylda
«Otis Lift» kompaniýasyny esaslandyrýar. 1859
-njy ýylda Otis oýlap tapan «dik demir ýoluna»
patent alýar we şol ýyl NýuÝorkuň myhmanhanalarynyň birinde içinde oturgyjy bolan lifti işe
girizýär. Oýlap tapyjy 1861nji ýylda liftdäki togtadyjy ulgama patent alýar. Şeýlelikde, lifti binanyň
islendik ga tyn da saklap bolupdyr. Eýýäm 1873
-nji ýyla çenli ABŞda edara jaýlarynda, myhmanhanadyr dükanla r da «Otis Lift» kompaniýasynyň
2 müňden gowrak lifti oturdylýar.
Ilkinji liftleriň gymmat bolany üçin NýuÝorkuň, Londonyň, Parižiň belli myhmanhanalaryn da we söwda merkezlerinde oturdylyp, artykmaçlyk hökmünde görlüpdir. Şol döwürlerde
myhmanlar lifte münensoň operator gapyny
ýapyp, ulgamy herekete getirip, olara hyzmat
edýän eken. Bu myhmanlaryň howpsuzlygy
üçin göz öňünde tutulan çäre bolup, oturgyçlarda oturyp gitmek mümkinçiliginiň bardygyna
garamazdan, ulgamyň hereketi gaty haýal bolupdyr. 1870nji ýylda Manhetten şäheriniň
merkezinde gurlan 130 metrlik binada «Otis Lift»
kompaniýasy tarapyndan işlenip dü zü len ilkinji
gidrawlik lift oturdylýar. Bug hereketlendirijisinden gidrawlik ulgama geçilmegi liftiň hereketini
has çaltlaşdyrýar. 1885nji ýylda ilkinji «gökdirän» hasaplanýan Çikagonyň öý ätiýaçlandyryş bina syn da 10 gatda hyzmat etmek üçin liftiň polat çarçuwaly görnüşiniň dördüsi işe girizilýär.
1889njy ýylda «Otis Lift» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ilkinji liftini döredýär. Bu lift
ulgamynda iň uly ösüşleriň biri bolup, gidrawlikden elektrik hereketlendirijili liftlere geçilýär. XX
asyryň başla ryn da ýüz görülýän aýnasy, howa
çalşyjy ulgamy we düwmeli dolandyryş ulgamy
bolan elektrik çekişli liftler işlenip düzülýär. Bu
liftler senagat taýdan nusgalyk kabul edilip, häzirki wagtda hem önümçiligi dowam etdirilýär.
Ýokary tizlikli liftler Gökdiränleriň gurulmagy bilen ýokary tizlikli liftler işlenip düzülýär. Taýwandaky «Taipei
101» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 1010 metr),
BAEniň Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 600 metr), şeýle hem
ABŞnyň Çikago şäherindäki «Jon Hankok» işewürlik merkezindäki liftleri (1 minutda 549 metr),
Hytaýyň Şanhaý şäherindäki «Jin Mao» gökdiränindäki liftleri (1 minutda 546 metr) mysal getirmek bolar. Häzirki zaman liftleri eskalatorlardan
we basgançaklardan has ygtybarly bolup, wagty
tygşytlaýan we ýokary hyzmatlary hödürleýän
ösen tehnologik ulgamdyr.