Aynashka
22.02.2023 00:56



Küşt täjini özünde iň uzak saklan Emmanuil Lasker bolup, ol 27 ýyl 337 günläp çempionlygy elden gidermeýär.

1921-nji ýylda Laskeri utup dünýäniň çempiony bolan Hose-Raul Kapablankany döwürdeşleri «küşt oýnaýan maşyn» diýip atlandyrýan ekenler. Ol kän bir pikirlenmän, diýseň çalt göçüm edýändigi bilen tapawutlanypdyr.

«Men Kapablankanyň küşt oýnunda ýyldyrym çaltlygynda, haýran galdyryjy pikirlenmegini öňde-soňda başga hiç kimde görmedim. Ol 1914-nji ýylda Peterburgyň küşt ussatlarynyň hemmesini 5minuta ýeter-ýetmez wagtda ýeňlişe sezewar etdi» diýip, rus küştçüsi Alýohin ýazypdyr.

1949-njy ýylda ussat küştçülere «grossmeýster» diýen iň ýokary derejäni bermek üçin ýörite düzgünnama kabul edilýär we bir ýyldan soň 27 küştçi bu hormatly adyň eýesi bolýar.

Zenanlara grossmeýsterlik derejesini bermek 1976-njy ýylda kanunylaşdyrylýar.

Aslynda, orta asyrlar döwründede küştçüleriň şeýle derejesi bolup, ol «aliýa» diýlip atlandyrylypdyr.

Garri Kasparow bilen Anatoliý Karpowyň arasynda küşt täji ugrunda 1984-nji ýylyň sentýabrynda başlan bäsdeşlik bäş aýlap dowam edip, ol küştüň taryhynda iň uzaga çeken ýaryşdyr. Emma şonda-da, ýeňiji kesgitlenilmän, bäsdeşlik indiki ýylyň sentýabryna galdyrylýar.

11
53
Aynashka
16.02.2023 02:16


Adam­zadyň oý­lap ta­pan il­kin­ji saz gu­ra­ly dep­rek bol­dy. Se­bä­bi adam­lar dur­muş­da eşi­den il­kin­ji se­si­ni – ene ýü­re­gi­niň se­si­ni bol­şy ýa­ly dö­ret­mek is­läp­dir­ler.

Rik Se­wij.

Fleý­ta­nyň adam ru­hu­na tä­si­ri güýç­li, çün­ki ol has güýç­li tol­gun­dyr­ýar.

Aris­to­tel.

Saz paý­has­dan we pel­se­pe­den has ýo­ka­ry açyş­dyr.

Bet­ho­wen.

Aý­dym-saz bü­tin dün­ýä­ni ruh­lan­dyr­ýar, ru­hy ga­nat­lar bi­len üp­jün ed­ýär, hy­ýa­lyň uç­ma­gy­na kö­mek ed­ýär, aý­dym-saz äh­li za­da ýa­şa­ýyş we şat­lyk ber­ýär. Ony owa­dan we aja­ýyp zat­la­ryň be­ýa­ny di­ýip at­lan­dy­ryp bo­lar.

Pla­ton.

Di­ňe iň uly sun­gat – saz ýü­re­giň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp bi­ler.

Mak­sim Gor­kiý.

Saz adam­za­dyň u­mu­my di­li­dir.

Gen­ri Long­fel­lo.

Sa­zyň mak­sa­dy ýü­rek­le­re ara­laş­mak­dyr.

Se­bast­ýan Bah.

Saz dur­muş­dyr. Ol ýaň­lan­ýar­ka ähli zat baky ýaşaýar. Sazy ýe­ri­ne ýe­tir­ýän sa­zan­da, wa­ka­laryň içinde ýa­ly ýat­la­ma­lar­da ýa­şa­ýar.

Da­ni­el Glat­tauer.

Söý­gi bol­ma­sa, adam ýü­re­gin­de haý­sy sa­zy gö­te­rip ýö­ren­di­gi­ni hiç wagt bil­mez.

Oşo.

Saz – has­ra­ty gark ed­ýän güýç­dür.

Wilý­am Şeks­pir.

Saz ýe­ke-täk dün­ýä di­li­dir, ony ter­ji­me etmegiň ze­rur­ly­gy ýok, on­da gö­wün bi­len gö­wün gep­leş­ýär.

Ber­told Auer­bah.

Saz güýç­li pi­kir çeş­me­si­dir. Aý­dym-saz ter­bi­ýe­si bol­ma­sa, pi­kir taý­dan do­ly ösüş müm­kin däl.

W. Su­hom­lins­kiý
15
84
Aynashka
08.02.2023 08:26

Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.

Fransuz imperatory Napoleon Bonapart bir minudyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý bolsa 1 minudyň dowamynda 4 müň sözi okap bilipdir. Ýazyjy Onore De Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.

Tomas Edison hem ünsüniň güýçli bolmagy sebäpli, 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.

Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözlerimiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95 %-i örän haýal, ýagny 1 minudyň dowamynda 180-220 söz okaýarlar, (ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda).

Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.

Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.

Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň “Kongo” gazeti. Ol eýýäm 1000 ýyldan bäri çap edilip gelýär.

“Nýu Ýork Taýms” amerikan gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram, sahypalarynyň sany bolsa 943.
9
66
Aynashka
07.02.2023 08:16
Gyzykly faktlar

Adam ýylgyranda onuň myşsalarynyň 17 sanysy birden hereket edýändir.Diliň yzy hem edil barmak yzlary ýaly unikal (ýeke-täk) bolup, ol her bir adamda dürli-dürlüdir.Bedenimizde 600-e golaý myşsa bardyr.Aýaklarymyzda deri mäzleriniň 250 müňüsi ýerleşýär.Döwülen ýa-da gopan dyrnaklarymyz ýarym ýylda täzeden ösüp çykýar.Kelle beýnimiziň takmynan 80%-i suwdan ybratdyr.Bedenimizdäki iň kiçijik süňkjagazyň orta gulakda ýerleşýändigini bilýärdiňizmi? 3 mm uzynlygy bolan bu süňk «üzeňňi» diýip atlandyrylýar.Burun yslaryň 30 müň görnüşini tapawutlandyrmaga ukyplydyr.

13
188
Aynashka
06.02.2023 08:18
Siz töwekgelmi? (psihologik test)


Hemme zadyň göwnümizdäki ýaly bolmagyny çyn ýürekden islesek-de, durmuşymyzda dürli meseleler ýüze çykyp durýar. Göwnümize kybapdaş kararlar, köplenç, bize dogry çykalgany salgy berýär. Käwagt belli bir karara gelmekde töwekgellik hem ediberýäris. Käbiri hiç hili pikirlenmezden, bir netijä gelýärler, ýene käbirleri bolsa «Ýedi ölçe, bir kes» diýen nakyla amal etmäge adatlanan. Žurnalymyzyň nobatdaky sanynda adamyň töwekgellik derejesini barlaýjy testi dykgatyňyza hödürleýäris. Test sowallaryna jogap berip, ballaryňyzy toplaň.

1) Iş ýeriňiziň düzgünnamasyna täze kadalar girizildi diýeliň. Siz bu kadalara tiz uýgunlaşyp bilýäňizmi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

2) Tankydy pikirleriňizi açyk aýdyp bilýäňizmi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

3) Eger size başga edara ýa kärhana öňküňizden köp girdejili wezipe hödürlese, ikirjeňlenmezden geçersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

4) Öz ýalňyşlaryňyzy gizlemek ýa-da özüňizi aklamak üçin bahana gözleýäňizmi?

Hawa (0 ball) b) Ýok (4 ball)

5) Size bir zady teklip etdiler. Teklip göwnüňize ýaramady. Ýumşak söz bilen ýagdaýy düşündirip, teklibi ret edip bilersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

6) Çekeleşikli jedel özüňiziň haýsydyr bir meselä bolan garaýyşlaryňyzy özgerdip bilermi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

7) Biriniň döredijilik eserini okap çykdyňyz. Siziň pikiriňizçe, muny başgaçarak edip ýazsa hem bolardy. Awtora ýalňyşlaryny düşündirip, esere täze özgertmeler girizersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

8) Bazarda nämedir bir harydy haladyňyz. Ýöne ol haryt siz üçin asla möhüm däl. Barybir satyn alardyňyzmy?

Hawa (0 ball) b) Ýok (2 ball)

9) Biriniň maslahaty siziň kararyňyzy üýtgedip bilermi?

Hawa (0 ball) b) Ýok (3 ball)

10) Dynç alşyňyzy öňünden rejeleşdirýäňizmi?

Hawa (1 ball) b) Ýok (0 ball)

11) Wadaňyzda durýaňyzmy?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

12) Siziň edaraňyza täze işgär geldi. Onuň bilen tiz wagtyň içinde öwrenişip, «dil tapyşyp» bilýäňizmi?

Hawa (4 ball) B) Ýok (0 ball)



Netijeler bilen tanşyň:
0 – 9 ball. Siz töwekgel däl. Her bir karar hakynda uzak pikirlenýärsiňiz, tejribeliler bilen maslahatlaşýarsyňyz. Ýygnaklarda, söhbetdeşliklerde dymyp oturmagy kem göreňizok.
10 – 18 ball. Çynlakaý meselelere duş gelmezlik üçin her bir karary örän hüşgärlik bilen çykarýarsyňyz.
19 – 28 ball. Siz ýeterlik derejede töwekgel. Bu ugurda tejribäňiz size hemişe şeýle ýol tutmaga ündeýär we siz az ýalňyşýarsyňyz.
28 we ondan köp ball. Töwekgellik etmezlik size düýbünden nätanyş düşünje. Bir işe başlasaňyz, üstünlikli gutarjagyňyza bolan ynam sizi hemişe töwekgellige çagyrýar. Ýalňyşlyk goýberseňiz, özüňizi däl-de, başgalary aýyplamak adatyňyz hem ýok däl. Munuň bolsa, köplenç, ýakynlaryňyza otrisatel täsir etmegi mümkin. Bu siziň iň uly kemçiligiňiz. Aýna serediň, belki, kemçilikleriňizi görmegi başararsyňyz.
12
57
Aynashka
05.02.2023 00:10


Ýatlananda geljek günler,
Ýada düşdi geçen günler.
(Hanhajykka!
Hanhajykka!
Salgy berer tejenliler...)

...Şüdügärden gidip barýan.
Öňümden bir oba çykýa.
– Nirde, mama, pylan oba?
– Hanhajykka!
Hanhajykka!

Büdresem-de gidip barýan.
Çykýar derýa, çykýar guýy.
Ajy, süýji salkymlardan
Dolup otyr derýaň boýy.

Gol uzadýar gawun, garpyz.
Yza dartýar gyzgan, syrkyn.
(Biri göýä borjun üzýär,
Biri alýar köne hakyn!)
Gidip barýan jeňňellikden.

Öňümden bir baba çykýa.
– Uzakmydyr pylan menzil?
– Uzak nire! Hanhajykka!

Ne şähere düşýär gözüm,
Ne-de oba, ne-de köprä.
Käte dilim bala degýär,
Käte degýär ajy kekrä.

Ýa garrylaň gözlerine
Çöp atdymy ümür, salgym?
Belki, ýaşlyk berip biler
Alys ýoluň, dogry salgyn.

Süriň ýanda çopan gyzy
Tirt berip dur arryk tokla.
– Pylan menzil daşmy, uýam?
– Hanhajykka! Hanhajykka!

Bir ýanynda gara telpek,
Bir ýanynda jotda çakgy,
Gök toraňňyň saýasynda
Uklap ýatyr goja sakçy.

Bir tarapda topar çaga
Garpyz ýolýar (sakçy ýokka!).
Öňki sorag. Öňki jogap:
– Wiçjik, wiçjik,
Hanhajykka!

...Henizlerem gidip barýan
Ogar-ogar, togar-togar.
Kä öňümden bürgüt çykýar,
Käte çykýar tilki, şagal.

Gözlerime gonup ary,
Aýagymdan çybyn çakýa.
Emma öňe gitmek hezil
Wyždanyň päk, kalbyň akka.
Ýollar uzak, menzil agyr.
Agyr...
Ýöne
Hanhajykka!
14
61
Aynashka
04.02.2023 08:30

( Şu goşgyny, öz mähriban öýünden gaçyp, durmuş gurýan gözel gyzlara bagyşlaýaryn )

Soňlanmanka çagalygyň bahary
Ýalňyşdyň , ýaz günüm gyş etdiň gyzym!
Başa urdy nämeleriň heseri,
Aglatdyň gözlerimi ýaş etdiň gyzym!

Başyma deňänim, derek boýlaryň
Höwes bilen tutuljakdy toýlaryň
Ne sebäpden goýduň ýaýnan öýleriň
Entetdiň, bagrymy , daş etdiň gyzym!

Bilmedim näpelek, näkysmat boldy
Ölümden öteräk bir hasrat boldy
Kimseler gynandy,kimse şat boldy
Ýakynjak araňy daş etdiň gyzym!

Nädeýin baryny çekip otyryn
Ýene-de ýoluňa, bakyp otyryn
Ene men, günäňi ötüp otyryn
Ýaradan ýabşyrdy,duş etdi gyzym!


Jumagozel Annaberdiýewa
14
107
Aynashka
03.02.2023 17:41
EJE
1 ýaşyňda: Seni elleri bilen bezäp besledi, ýuwundyrdy. Bütin gije
ýatyrman aglap, sagbolsun aýtdyň.
2 ýaşyňda: Saňa ýöremegi öwretdi. Seni çagyryp seslenende ondan
gaçyp, sagbolsun aýtdyň.
3 ýaşyňda: Saňa naharlar taýýarlap berdi. Döküp-saçyp iýip,
sagbolsun aýtdyň.
4 ýaşyňda: Eliňe reňkli galamlar berdi. Bütin diwarlara surat
çekişdirip, sagbolsun aýtdyň.
5 ýaşyňda: Seni owadan geýimler bilen bezedi. Guma bulaşyp oýnap,
sagbolsun aýtdyň.
6 ýaşyňda: Saňa birtopar sowgatlar etdi. Goňşyň äpişgesini döwüp,
sagbolsun aýtdyň.
7 ýaşyňda: Mekdebe äkitdi. Köçede: "gitjek däääl" diýip aglap,
sagbolsun aýtdyň.
10 ýaşyňda: Doglan günlere, tans mekdeplerine äkitdi. Maşyndan
böküp düşüp, yzyna seretmän gidip, sagbolsun aýtdyň.
11 ýaşyňda: Seni dostlaryň bilen kino, teatra äkitdi. Sen: "Biz bilen
oturma" diýip, sagbolsun aýtdyň.
12 ýaşyňda: "TW-da erbet peredaçalary görme diýdi". Ol öýde ýok
wagty seredip, sagbolsun aýtdyň.
15 ýaşyňda: Seni lagerlere goýberdi, ýekeje hat ýazman sagbolsun
aýtdyň.
17 ýaşyňda: Oturlyşyklara goýberdi, birje gezek jaň etmän öýüňe giç
gelip, sagbolsun aýtdyň.
18 ýaşyňda: Mekdebi gutaraňda hemme gerek zatlaryňy alyp berdi,
ugratdy.
Ony dostlarym üstümden gülmesin diýip ýanyna eltmän, sagbolsun
aýtdyň.
21 ýaşyňda : Saňa okuw, iş bilen bagly maslahatlar bermek isledi.
"Men sen ýaly boljak däl" diýip sagbolsun aýtdyň.
22 ýaşyňda: Okuwy gutaraňda saňa guwanyp gujaklady. Syýahat üçin
pul isläp sagbolsun aýtdyň.
24 ýaşyňda: Durmuş gurjak bolýan ýanýoldaşyň bilen tanyşmak isledi.
"Entek ir, hökman däl" diýip sagbolsun aýtdyň.
25 ýaşyňda: Toý tutup berdi, begendi, duýgulandy. Sen başga ýerlere
göçüp gidip, sagbolsun aýtdyň.
30 ýaşyňda: Çaga terbiýesi hakda akyl bermek isledi. "Indi beýle
terbiýe berlenok, ol diýýänleriň gadymy döwürde galdy" diýip
sagbolsun aýtdyň.
40 ýaşyňda: Saňa jaň edip, bir ýakynyň doglan gününi ýatlatdy. "Işim
başymdan agdyk, wagtym ýok" diýip sagbolsun aýtdyň.
50 ýaşyňda: Ol erbet keselledi, ony görmäge baranyňda begendi.
Oňa "Garrylar çaga ýaly ejiz, näzik, ynjyk bolýar" diýip sagbolsun
aýtdyň.
Diýeli bir gün.. Ol öldi..
Bu güne çenli onuň bilen geçiren wagtyň, eden işleriň ýyldyrym
bolup kalbyňa urdy. Şonuň üçin entek wagt barka, entek ol dirikä,
wagt aýryp gidiň, gyzyklanyň onuň bilen. Şu güne çenli berip bilmedik
söýgiňizi beriň oňa..Pursat barka söýgiňizi bildiriň. Bagtly ediň. Gijä
galmaň!
Howluk..
Seret wagt geçip dur..

Ene saňa ýeke gezek berilýär,
Söý eneňi! Söýmegiňi dowam et!
Enäniň gadyryn bilmeýän bolsaň,
Enesini ýitirenden sowal et!
16
298
Aynashka
02.02.2023 20:24
Ýaşmak

Uz ýaşynsa gelinleriň
Görküne görk beren ýaşmak
Meniň kimin gaýynlaryň
Goragynda duran ýaşmak

Toý toýladym gelin alyp
Gelin geldi ýalyn bolup
Men görgülä rehim kylyp
Özün oda uran ýaşmak

Gaýduwsyz hem ýürekli sen
Oglanlamdan derekli sen
Sen meň üçin gerekli sen
Örän,örän, örän ýaşmak

Doganym sen,dost ýarym sen
Sarsmaz galam diwarym sen
Arkadagym hossarym sen
Meň bagtyma dörän ýaşmak
12
95
Aynashka
01.02.2023 09:09

 Är bardyr-ärleríñ äri. Erki ýeter erkeklere. Han ärdir ol. Il
derdine dermandyr hem melhemdir. Kyn-gyssaga dùshùlse sözi
yere salynmaz.
 Är bardyr-aýalynyñ äri. Erki ýeter aýalyna hem özùnden
önenlere, kän ärdir,ol il derdine derkardyr,sözi bihal bilinmez.
 Är bardyr-ondanam bäri-erki käte ýeter aýalyna hem özùnden
önenlere,kän ärdir ol, il derdine ýaram ýarar,sözùn diñläp bir
karara gelinmez.
 Är bardyr- pylanynyñ äri-erki zordan yeter özùne,
"ärsumakdyr". Il derdine ýarar ki aýaly hökùm etse, sözi hich
terezä salynmaz.
 Är bardyr-göýäki çory-erki ýetmez özúne, "ärhandyr"ol. Aýalyñ
hyzmatyndaky ayal kysmy bir zatdyr ol, sözi alga alynmaz.
 Är bardyr- kebzesi sary-erki yeter täretine. "Ärjandyr"ol. Il
derdine ýarar ýaly kimmiş ol, ömùr asla salynmaz.
 Är bardyr- bilinmez bary-ýogy bisandyr ol. Il derdine ýaramaz,
demin sanap ýatan wagty agzyna suw çalynmaz.
10
73