Aynashka
02.02.2023 20:24
Ýaşmak

Uz ýaşynsa gelinleriň
Görküne görk beren ýaşmak
Meniň kimin gaýynlaryň
Goragynda duran ýaşmak

Toý toýladym gelin alyp
Gelin geldi ýalyn bolup
Men görgülä rehim kylyp
Özün oda uran ýaşmak

Gaýduwsyz hem ýürekli sen
Oglanlamdan derekli sen
Sen meň üçin gerekli sen
Örän,örän, örän ýaşmak

Doganym sen,dost ýarym sen
Sarsmaz galam diwarym sen
Arkadagym hossarym sen
Meň bagtyma dörän ýaşmak
12
95
Aynashka
3 Fewral 2023
Imissyou, salam yazan yagshy 🙋‍♀️
Myhman Myhman
3 Fewral 2023
Hakyky
Myhman Myhman
3 Fewral 2023
Gelin geldi yalyn bolup diyyada gelini gelin edyan gayyndyr
gulshatayewa97
3 Fewral 2023
Gelen gelin, gelin däl, Gelen ýeri gelin diýilýä. Aňyrdan geleni gaýyn öz gyzy ýaly hasap etse adam bolup gidýä, ýöne köpüsi basdaşlyk edýädä🤦‍♀️
gulshatayewa97
3 Fewral 2023
Kmg gurt,ýakar diýilýä howwa
Myhman Myhman
3 Fewral 2023
Ola dogry gelni bezeyan
Tokio
2 Fewral 2023
Likeeee
Aynashka
2 Fewral 2023
A.E.S,Imissyou,❤❤❤❤
Aynashka
2 Fewral 2023
jemal_seyitniyazowa,howwa owadan gorunya yashmak
Aynashka
2 Fewral 2023
Kmg gurt,howwa ba sheyle soz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.