Aynashka
06.02.2023 08:18
Siz töwekgelmi? (psihologik test)


Hemme zadyň göwnümizdäki ýaly bolmagyny çyn ýürekden islesek-de, durmuşymyzda dürli meseleler ýüze çykyp durýar. Göwnümize kybapdaş kararlar, köplenç, bize dogry çykalgany salgy berýär. Käwagt belli bir karara gelmekde töwekgellik hem ediberýäris. Käbiri hiç hili pikirlenmezden, bir netijä gelýärler, ýene käbirleri bolsa «Ýedi ölçe, bir kes» diýen nakyla amal etmäge adatlanan. Žurnalymyzyň nobatdaky sanynda adamyň töwekgellik derejesini barlaýjy testi dykgatyňyza hödürleýäris. Test sowallaryna jogap berip, ballaryňyzy toplaň.

1) Iş ýeriňiziň düzgünnamasyna täze kadalar girizildi diýeliň. Siz bu kadalara tiz uýgunlaşyp bilýäňizmi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

2) Tankydy pikirleriňizi açyk aýdyp bilýäňizmi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

3) Eger size başga edara ýa kärhana öňküňizden köp girdejili wezipe hödürlese, ikirjeňlenmezden geçersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

4) Öz ýalňyşlaryňyzy gizlemek ýa-da özüňizi aklamak üçin bahana gözleýäňizmi?

Hawa (0 ball) b) Ýok (4 ball)

5) Size bir zady teklip etdiler. Teklip göwnüňize ýaramady. Ýumşak söz bilen ýagdaýy düşündirip, teklibi ret edip bilersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

6) Çekeleşikli jedel özüňiziň haýsydyr bir meselä bolan garaýyşlaryňyzy özgerdip bilermi?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

7) Biriniň döredijilik eserini okap çykdyňyz. Siziň pikiriňizçe, muny başgaçarak edip ýazsa hem bolardy. Awtora ýalňyşlaryny düşündirip, esere täze özgertmeler girizersiňizmi?

Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

8) Bazarda nämedir bir harydy haladyňyz. Ýöne ol haryt siz üçin asla möhüm däl. Barybir satyn alardyňyzmy?

Hawa (0 ball) b) Ýok (2 ball)

9) Biriniň maslahaty siziň kararyňyzy üýtgedip bilermi?

Hawa (0 ball) b) Ýok (3 ball)

10) Dynç alşyňyzy öňünden rejeleşdirýäňizmi?

Hawa (1 ball) b) Ýok (0 ball)

11) Wadaňyzda durýaňyzmy?

Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

12) Siziň edaraňyza täze işgär geldi. Onuň bilen tiz wagtyň içinde öwrenişip, «dil tapyşyp» bilýäňizmi?

Hawa (4 ball) B) Ýok (0 ball)



Netijeler bilen tanşyň:
0 – 9 ball. Siz töwekgel däl. Her bir karar hakynda uzak pikirlenýärsiňiz, tejribeliler bilen maslahatlaşýarsyňyz. Ýygnaklarda, söhbetdeşliklerde dymyp oturmagy kem göreňizok.
10 – 18 ball. Çynlakaý meselelere duş gelmezlik üçin her bir karary örän hüşgärlik bilen çykarýarsyňyz.
19 – 28 ball. Siz ýeterlik derejede töwekgel. Bu ugurda tejribäňiz size hemişe şeýle ýol tutmaga ündeýär we siz az ýalňyşýarsyňyz.
28 we ondan köp ball. Töwekgellik etmezlik size düýbünden nätanyş düşünje. Bir işe başlasaňyz, üstünlikli gutarjagyňyza bolan ynam sizi hemişe töwekgellige çagyrýar. Ýalňyşlyk goýberseňiz, özüňizi däl-de, başgalary aýyplamak adatyňyz hem ýok däl. Munuň bolsa, köplenç, ýakynlaryňyza otrisatel täsir etmegi mümkin. Bu siziň iň uly kemçiligiňiz. Aýna serediň, belki, kemçilikleriňizi görmegi başararsyňyz.
12
56
Myhman Myhman
6 Fewral 2023
Indi hemme teswirlerimi çalt çykar ýaly edäýiň
Myhman Myhman
6 Fewral 2023
Hemme soragyňada howwa diýip jogap berýän
Leýla💔
6 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.