Aynashka
22.02.2023 00:56



Küşt täjini özünde iň uzak saklan Emmanuil Lasker bolup, ol 27 ýyl 337 günläp çempionlygy elden gidermeýär.

1921-nji ýylda Laskeri utup dünýäniň çempiony bolan Hose-Raul Kapablankany döwürdeşleri «küşt oýnaýan maşyn» diýip atlandyrýan ekenler. Ol kän bir pikirlenmän, diýseň çalt göçüm edýändigi bilen tapawutlanypdyr.

«Men Kapablankanyň küşt oýnunda ýyldyrym çaltlygynda, haýran galdyryjy pikirlenmegini öňde-soňda başga hiç kimde görmedim. Ol 1914-nji ýylda Peterburgyň küşt ussatlarynyň hemmesini 5minuta ýeter-ýetmez wagtda ýeňlişe sezewar etdi» diýip, rus küştçüsi Alýohin ýazypdyr.

1949-njy ýylda ussat küştçülere «grossmeýster» diýen iň ýokary derejäni bermek üçin ýörite düzgünnama kabul edilýär we bir ýyldan soň 27 küştçi bu hormatly adyň eýesi bolýar.

Zenanlara grossmeýsterlik derejesini bermek 1976-njy ýylda kanunylaşdyrylýar.

Aslynda, orta asyrlar döwründede küştçüleriň şeýle derejesi bolup, ol «aliýa» diýlip atlandyrylypdyr.

Garri Kasparow bilen Anatoliý Karpowyň arasynda küşt täji ugrunda 1984-nji ýylyň sentýabrynda başlan bäsdeşlik bäş aýlap dowam edip, ol küştüň taryhynda iň uzaga çeken ýaryşdyr. Emma şonda-da, ýeňiji kesgitlenilmän, bäsdeşlik indiki ýylyň sentýabryna galdyrylýar.

11
53
yakup allabayew
22 Fewral 2023
👍 govy maglumat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.