Aynashka
08.02.2023 08:26

Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.

Fransuz imperatory Napoleon Bonapart bir minudyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý bolsa 1 minudyň dowamynda 4 müň sözi okap bilipdir. Ýazyjy Onore De Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.

Tomas Edison hem ünsüniň güýçli bolmagy sebäpli, 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.

Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözlerimiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95 %-i örän haýal, ýagny 1 minudyň dowamynda 180-220 söz okaýarlar, (ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda).

Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.

Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.

Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň “Kongo” gazeti. Ol eýýäm 1000 ýyldan bäri çap edilip gelýär.

“Nýu Ýork Taýms” amerikan gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram, sahypalarynyň sany bolsa 943.
9
65
olia
9 Fewral 2023
Kitap okamak peydaly howwa yone ilki bn yazylanlaryn toslamadygyny we durmushyn erteki daldigini yatda saklamaly) oz durmushyndan beter kop zada garashmaz yaly
k_25n
9 Fewral 2023
olia, erteki name ucin bir bar ekeni bir yok ekeni diyip baslaya 🤔
olia
9 Fewral 2023
Bitter,hekaya bir yada birnace wakany gurrun beryan yonekey gahrymanlar toplumy yagny birki sany adamyn durmushyndan birje bolegi gurrun berya, roman cylshyrylmy syuzetli i gahrymanlar ulgamy uly. Powest ortalygy
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, name okasanam peydasyny tasirini bilyan kopculikde 🙂
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, mena ceper eserleri okamany halamok 😐 ylym tehnologiya pisihalogiya himiya biyalogiya lukmancylyk garaz suna menzes zatlar 🤷
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, 1000 sahypa 😕 ahyrna yetmek ucin yuregin howlugyp oturyansyn, sabryna berekella
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, 200-300 sahypaly kitaby bir gunde gaytalap 3-4 gezegem okabam cykyan, her gezek tazeden basyndan okanda basgaca dusunyan 🙁
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, 🙂 bilemok mena roman diyilende uly kitap gozegime gelya
k_25n
9 Fewral 2023
Bitter, 400 sahypa roman bolyamy 🤔 hekayadyr
gulshatayewa97
9 Fewral 2023
Bah menä onça çalt okasam näme okaýanymada düşünip ýetişmeýän. Ýöne baslangyç klaskak 1 minutda köp söz okamaşakda mydama 1nji bolýadym. Sowagtlar 150 zat okaýadyk. Buwagt barlap goraymeli çyndanam kitabam ýat boldy. Elektron görnüş çykanson
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.