Arslan_Alaýew
12.08.2024 16:04
"HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY."

3- nji jemleýji bölümi...



Men on on baş  minutdan olara bardym

Aýjeren

-ol maňa söýýanligin naçe gezek aýtdy, men ilki başda ynanmadym, ýone ol iki gozime seret diýdi, menem seretdim, onuň gözlerinde söýgi ody bardy, men ony duýdym, men saňa ullakan sagbolsun aýtjak bolyp çagyrdym, men ony şeýle bir göresim gelýardi, ýone öz kemçiligim sebapli her gezek dymýardym, sen meniň gownimi ýykman, onyň bilen duşuşyga çykmaga razy boldyň, ençe surat berdiň we seniň oňa duşundirip aýtmagyň hem seniň ukubyňa bagly, ony her kişi gelişdirip sözleri jemlap aýdyp bilmezdi, sen oňa bar zady aýdaňda, ol öziniň ilki birhili bolyp soň, onyň şu ýagdaýynda azajyk ýylgyrmagyn isledim we ýalana goşyldym diýipsiň, gurlan ýalandan başlan söýgum hakykata geçaýdi, men erte agşam uçmaly biziň indiýada ýazylan oçurmyz ýetdi, kakam oňa haçandan bari garaşyp ýor, ony öň bilen bolsak öň äkiderdim diýdi, dostunyň gelni gowy bolyp gelipdir, soň meni hem oňa äkitjek diýip ýordi, indi biz gidýas, o taýda bir hepde bolyp merkezi döwük ýenjik hassahanada gelip hem ýatymlaýyn bejergi almaly diýdi, men hat ýazyp duraryn

- gowlygyn sagaman gidip gel, Allajan kolýaskaly gidip geleňde ýorap gel

- agzyňdan Allajan eştsinda

- Ämin

Aýjerenlerden çykyp, yol boýy pikire batdym, Allajan şularyň bir bagtyna badak bolaýjak sebäpleri, olaň ýolyndan aýyrmagyn diledim



3 aýdan soň



Bu gun işden gelsem, öýde Aýjeren maýyplyk arabada otyr

- waý haçan geldiňiz, gowymy gyz ýagdaýyň

- şu gun geldik, seni bu gun baş saglyk sadaka  edýas şoňa almaga geldim,

- bor, hazir bile gidäýeris, garaş diýip sumkamy öýde goýyp çykdym. Daş çyksam size ýalan maňa çyn Aýjeren ol maýyplyk arabasynyň ýanynda dik dur

- Waw, jana sen dik duryp bilýaňmi gor na tazelik, dik duryp başlan bolsaň ýorap hem başlarsyň diýdim

Ol ýylgyrdy-da

- sagbol

Men

- ýor onda mün arabaňa, sadaka gideli diýsem

- indi maňa araba gerekdal, ony saňa getirdim, hassahanada gerekli hassa bolsa beraý diýip,

- Nameeeeeeeee

- howa jorajan men indi ýöreýan, baş alty aýdan ylgarsyňam diýdi, lukmanym

- waý gowlygyn

Aýjeren maňa iki ýana çalaja ýorap gorkezdi, ýone azajyk agsaýany bildirýärdi ýone göze ilip duranokdy

- agyz gaty gowy, Allajan komek etdi

- howa dileglermiz kabul boldy

Men Aýjeren bilen olara bardyk çaý çorek iýdik

Şol wakadan gaty uzaklaşdyrman oňa guda geldi. Şol oglan üçin. Olar tiz wagtdan toý tutyp, ile gune garylyp gitdi. Goý olaryň bagty daş ýarsyn Allajan olara jan saglyk bersin

Hekaýajygy ýazmagym sebabi, ilki tanşan gunleri Aýjereniň çekýan hasratyn gorup, oňa ýuregim dözmän öz eden Işlerim iň soňynda Allajan oňlap olara bagt ýolyny  açdy. Indi olar bagtly durmyşda, öýe maşgala agzasynyň sanyn köpeltmek üçin garaşyp ýorler. Bagtly bolyň!



Soňy.
19
75
Arslan_Alaýew
12.08.2024 12:25
HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY
2 - nji bölüm

Ýolda gelýäkäm ol ýigit ondan mundan gep tapyp meni geplare goýmady soň men öňa

- size bir sorag berjek jogaplaýyň diýdim

- bolýa

- neme (wah adyn hem bilemokdym) egerde siziň gepleşen gyzyňyz maýyplyk arabasyndaky gyz bolsa, suraty hem özüniňkini dalde başga gyzyňkyny iberen bolsa, ýagny menkini beren bolsa, siz şol  gyzy halarsyňyzmy ýa suratdaky gyzy: - diýip soradym

Ol esli wagt dymyp ýoredi we meniň jogaba garaşýanym bilip

- suratdaky gyz siz, maňa berlen surat siz, ýone şol ses, sen dal bolsaň men şol telefonda gepleşen gyzymy saýlardym goý ol maýyplyk arabada bolsada sebabi men ol gyzyň hasiýetini, özini alyp barşyny haladym, bu soragy siz maňa name üçin berdiňiz

Men şony size nadip aýtjagym bilman duryn

- aýt, hakykat hakykat bolsyn, men gaty görmen, nahili bolsada men şo durşyna kabul edýan

- aýtsam, siziň gepleşen gyzyňyz men dal, ol biziň köçamizde ýaşaýan maýyp gyz, ýone adamçylygy siziň aýdyşyňyzdanda has gowy gyz, ýone durmyşda maýyplyk araba baglanaýdyda, ýone oňat bolar diýip lukmanlara aýdypdyr

- surat name

- surat menkiler, men ol gyza hiç dözmedim we surat bilen şonyň gowni azajyk hem gulýan bolsa naçe surat diýsede duşup berdim, siz meni bagyşlan, ola bir maýyp gyz siz bir  aýdaýmaly ekeniň diýmegiň mumkin, men naçe gezek aýtjak boldym size ýone hiç şol gyza dözmedim, yzam name bolsa bolarda diýip dymdym, indam ynha men name diýseň diý ýone ol gyza hiç zat diýme, ol gyz ozal hem ýarym gowun, indi bir agladaýma, hazir ol, biziň öňümizden çykar, sen ony tanamadyk bol, ol seni gormek üçin öňümizden çykýar, oda seni çyn ýurekden söýýar,

- mena name diýjegim bilemok

- ýuregiň diňle

- ýuregiň name hereket et diýse şony et

- bolýa

Azajyk egnimden bir ýük aýyrlan ýaly boldy Biz soň arkaýyn ýorap gaýtdyk, ol boýym bilen deň aýysyn goterip ondan mundan gurruň edip gelyadik.

Uly çemen bolsa meniň elimdedi

Biz öýe sowulýan köçamize sowlamyzda öňümizden gelýan maýyplyk arabadaky gyzy gorup ol çalaja üm bilen şomy diýip sorady, menem sesim çykarman başym atdym

Aýjeren biziň deňimize ýetip ýanymyzdan çalaja arabasyn sürüp geçip gitdi. Bize kan üns bermedik ýaly bolyp geçip gitdi. Birden ýanymdaky ýigit meniň elimdaki güli hem aldyda

- ýok men beýle zat edip bilmen, men ol gyzy gorman söýdim, görenimden soň, ony ýitirmek islamok, ondan gizlenmek namartlyk bolýar, ol öziniň bu ýagdaýyny menden gizlap, meni ýitirmezlik üçin edendir, onyň söýgusi ýaly söýgini hazir deňimden geçirsem hiçem beýle söýga men duş gelmen diýdide

- Aýjeren, saklan diýdi

Aýjeren durdy, ol ýanymyzdan geçip gidende eýýam, gözleri gyzaryp durdy, aglandygy bildirip durdy

- beýtme, men seni söýýan diýdi

Aýjerenden ses çykanokdy. Men saklanyp bilman, olaryň gürrüňleriniň arasyna goşyldym

-Aýjeren bu ýigdiň söýgüsine name jogap berjek diýip soradym

Ol bolsa şo aglap durdy

- aglama, sen ýeke goýmasaň menem seni ýeke goýman: - diýip ol ýigit onyň göziniň ýaşyn eli bilen supurup elindaki güli we boýym bilen deň bolyp duran ullakan aýysyn Aýjerene gowşurdy

Men bulara pasgel bermaýin diýip öýe gaýtdym

Agşamlyk Aýjeren ýene meni ýanyna çagyrdy.....

Dowamy bar...
15
46
Arslan_Alaýew
12.08.2024 09:23
"HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY."

1- nji bölümi...



Biziň ýaşaýan köçämiziň ilerki çetinde Nepes aga diýip goňşymyz bardy. Onyň meniň bilen deň duşrak gyzy bardy. Ol gyzyň ady Aýjerendi. Ol  iki üç ýyl mundan öň, ýol heläkçiligine sezewar bolypdy. Şondan bari hem maýyplyk arabasyna baglanypdy

Aýjeren özi alçajykdy, ýone ýüzi mydama gaýgylydy

Ol indi ýöräp bilmejegini doly boýnyna alypdy

Günlerde bir gun onyň ejesi öýe gelip

- gyzym işden gelen bolsaň Aýjerenjana ukol edip beraýda, ol düýnden bari düşeginden hem galanok, şol aglap ýatyrda : -diýdi

- bor gelneje hazir baraýaryn diýip ony  öýlerine ugratdym

Az wagtdan men olara ukola baramda, hakykatdanda Aýjeren aglap ýatan ekeni

- name boldy saňa

- meniň ýaşasym gelenok

- o nameüçin, name boldy beý diýer ýaly

- maňa kyn maýyplyk arabasyna baglanmak

- oňat bolarsyň, sunkler bitişmek üçin wagt gerek

- naçe wagt bir ýylmy ýa on ýyl

- az wagt

- bilmedimda

Şol barmana meniň imoma jaň geldi, men olarda imoň üstu bilen bir ýigit bilen gurleşdim, ol ýanymda biziň gepimizi diňlap otyrdy we

- Söýguliňmi

- ýoklagyz dostym

- o nahili dost,

- internet dostym

- gowlygyn meniň hem şeýle dostym bolsada

- bolar hemme zat, men seniň imoňy alaýyn we seni gruppa goşaýyn, sen ol taýdan öziňe ýakyn dost tapda gruppdan çyk, ýone söýup aldaýma iliň çagasyn

- maýyp gyz bilen  kim dost tutunsyn

- beý diýme gowy gowy oglan gyzlar içinde kop, diňe söýgi dal, dost ýaly habarlaşýanlar hem juda kan

- bolýa

Men şeý diýdim-de ony gruppa goşdym

Şol wakadan soň men olara iki üç gün ýaly ukola bardym we şonda ol özine dost, jora tapynandygny begenip guruň berdi, men onyň begenşini daşyndan synlap hem begendim hemde gynandym

Iki üç ýyllykda Iki ýana ylgap iş edip ýoren gyzyň bu gun beýle ýagdaýa duşmesi meni gynandyrdy, ol bolsa ýorasim gelýar, dostlarym goresim gelýar diýip diňe arzuw edip maňa gurruň bererdi

Günlerde bir gun Aýjeren

- öýde bolsaň bize gelip gidaý diýip jaň etdi

Men ýene ýaranokmyka diýip olara ylgap diýen ýaly barsam ol maňa

- senden bir zady haýyş etjek bir dostym boýyň göräýin,vdik duryp  surata duşup ugradaý diýip, surat soraýar welin sen surata duşup beraý şony ugratjak diýdi

Elenip ýalwaryp duranyna ýuregim etmedi we ol ýigdiň edil aýdyşy ýaly surata duşup berdim

Aýjeren begenip ony ol ýigde ugratdy

Men öýe gaýtdym

Aradan bir hepde geçip geçmankä ýene Aýjeren meni çagyryp surat sorady, ýene bu maýyp gyza dözmän surata duşup berdim

Soň soňlar hem birnaçe gezek surat duşup berdim

Günlerde bir gun ol maňa telefon nomer soraýar, seniň nomeriň beraýin diýdi, sen men bolyp gepleşip beraýda diýdi menem nomerim sypyryp onyň eline berdimde

- sen öziň arkaýyn gepleşiber diýip nomerim goýup gaýtdym

Aradan 6 aý towerek geçdi Aýjeren ol ýigdi doly derejede söýdi, ýone onyň gözine gornip biljek daldi, sebabi Aýjeren ol ýigdi söýupdi ýigit bolsa şol suratdaky gyzy, surat başga ses hem başgady

Ýene sesim çykarmadym, ýarym gowun çagaň begeneni nama degenok diýdimde dymdym

Bir ýyla golaý wagt geçdi. Indi ol ýigit hiç Aýjereni gunine goýanokdy, gorşeli toý edeli diýip

Aýjerende bolsa muň bahana bardy, ol nadip gorsun, özi maýyp gyz, surat hem başga

Bir gun soň Aýjeren maňa şol ýigdi görmegi haýyş etdi

Menem bolýa işden gaýdyşyn bile gaýdaýaryn diýip aýtdym, şonda gelýakak Aýjeren ýola çykmaly we ol ony görmelidi ýone tanatmaly daldi ....

Men ony gorjekligim Aýjerene aýdyp öýe gaýtdym

Ertesi işden çykan badyma howlyň daş ýuzinde eli gulli boýym bilen deň ullakan aýyly bir ýigde gözim kaklyşdy we men

- gelnejesiniň yzyndan uly aýysy bilen  gelaýipdir diýip içimi gepledip onyň ýandan sahel geçdim welin ol ýigit

- Aýjeren, bu senmi: - diýip sorady

- ha hm ha howa diýmamkam

- suratyň boýunça tanaýandyryn gorseň, sen bolsa şonça  surat görübem meni tanaman ýanymdan geçip gidip barýaň

- wi, üns bermandirin diýen boldym, men nadip tanayyna men onyň suratyn goremoga, Aýjeren ony maňa gorkezdam öýtýan bir iki gezek ýone kan üns bermamsoň ýada duşenokdy

-siz öýemi diýip ol ýigit dymyşlygy pozdy

- menem howa diýdim

- onda sizi öýňize çenli ugradaýyn garşy bolmasaň

- yok garşy dal





Dowamy bar...
16
49
Arslan_Alaýew
12.08.2024 06:27
ZEHINI YHLAS AÇÝAR

Okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul bolsa-da, aralarynda biri hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Mugallym ol okuwçydan hiç zada baş galdyrman oturmagynyň sebäbini sorapdyr. «Sen näme üçin boş otyrsyň? Sapagyň ahyrynda kimde nähili zehiniň bardygyny ýüze çykararys. Ýasan ýa-da ýazan zadyň muňa tutaryk, makul jogap bolar. Henizem giç däl, başla!» diýip, mugallym onuň ýüzüne bakypdyr. «Ýoldaş mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim. Menden köp zada garaşmaň» diýip, müýnli ýüzüni aşak salypdyr. «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip, mugallym okuwçysynyň ýüzüne seredipdir. «Ýeke-täk diýýäňizmi? Nädip men ýeke-täk bolýarkam?» diýip, okuwçy geňirgenipdir. «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr: ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de sen häzire çenli özüňi zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň gömükdigiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakda düýpli pikirlenmändigiňi görkezýär» diýip, mugallym okuwçysynyň başyny sypalapdyr. «Tebigaty synlaýaryn-da, bir zatlar ýazmak isleýärin. Elime galam alýaryn, ýöne sözlerimi sepläp bilmän, bu pikirimden sowaşýaryn: mende ýazmaklyga zehin ýok diýýärin. Käteler bir zatlar düzesim, ýasasym gelýär. Gerek-ýarak zatlarymy jemleýänem, ýöne başlamagyň ebeteýini tapman, ýa-da bir başlasamam, ugrugyp bilmän, ol pikirimden hem dänýärin: mende zehin bolan bolsa, ol zatlary bireýýäm bitirerdim diýýärin» diýipdir. «Düşnükli» diýip, mugallym ýylgyrypdyr we sözüni dowam edipdir – onda sen özüňde zehin ýoklugyndan zeýrenme-de, bir işe uzak dümtünip bilmeýändigiňi, sabyr-kanagatyň azdygyny boýnuňa al. Ukyp-zehin gymmatbaha göwherler ýalydyr. Göwher daşlaryny gazanmak isleseň hem ýa daglary köwlemeli, ýa-da çuň deňizleriň düýbüne çümmeli bolýar. Zehini ýüze çykarmagyň ýoly hem hut şeýle – öz üstüňde köp işlemeli. Yhlas etmeli, ýöne ýaltanmaly däl. Dyrjaşmaly, hergiz yza dönmeli däl. Arzuwlaryňa wepaly bolmaly, sähel müşgillik ýüze çyksa, ondan ýüz öwürmeli däl. Bir zada höwesiň barmy, diýmek, şol zada zehiniň hem bardyr. Sebäbi zehin seni şol işi bitirmeklige iterip durýar. Onsoňam, az bolsun – uz bolsun, her eden işiňi kämil ýerine ýetir. Ýalňyş ýolda keýik deýin çapanyňdan, dogry ýolda pyşdyl ýaly ýöräp, öňe ilerlemek has dogrusydyr» diýipdir. Mugallymyň bu sözleri okuwçysyna ýagşy ugrukdyryjy bolupdyr. Ol dessine öz halaýan işini – zehiniň höwes arkaly salgy berýän işini bitirmäge girişipdir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.
15
32
Arslan_Alaýew
11.08.2024 17:49
Esger
Wýetnam söweşinden soň bir amerikan esgeri öýüne gaýdyp barmanka maşgalasyna jañ edýär.
“Eziz ejem we kakam. Öýe gaýdyp barmakçy bolyaryn ýöne sizden bir zat soramakçy ýagny Bir dostumy ýanym bilen alyp gaýtmak isleýärin. "Elbetde, oglum" diýip, maşgalasy aýdýar, "yöne bilmeli bir zadyňyz bar. Uruşda dostum agyr ýaralandy. Partlama netijesinde elini we aýagyny ýitirdi. Hiç kimi ýok. Men ony ýeke goýup bilemok Onuň hem biziň bilen ýaşamagyny isleýärin. Siz muña nähili garaýarsynyz?"
“Oglum, bu gaty gynandyryjy ýagdaý. Biz oňa hakykatdanam gynanýarys. Ýöne onuň ýaşamagy üçin başga ýer tapyp bilmediňmi? "
" ÝOk! Onuň gitmäge başga ýeri ýok. Onuň biziň bilen galmagyny isleýärin" 

"Ýöne oglum, sen bizden gaty agyr ýüki çekmegimizi isleýärsiň. Onuň ýaly maýyp adam bize gaty agyr ýük bolar. Biziñ öz durmuşymyz hem gaty kyn. Oňa nädip ideg etmeli? Şol dostuñ üçin biziñ edip biljek zadymyz ýok. Sen bagtymyza, sag-aman öýe dolansañ bolýar. Bu bize ýeterlik.” Soňra telefon birden kesilýär we “ Dıt dıt dıt” sesi eşidilýär.
Bu maşgala çagalaryndan gaýdyp habar alyp  bilmeýär.
Bir gün, günortan telefona jaň gelýär. Gelen jañda ogullarynyñ öz janyna kast edendigini aýtýarlar.
Bular morga oglunyñ jesedini görmek üçin baranda, oglunyň eliniň we aýagynyň ýokdugyny görýärler ...
21
113
Arslan_Alaýew
11.08.2024 14:33
ZIKIR

Dini düşünjelerden, käbir çeşmelerden, ene-mamalarmyzyñ gürrüñlerinden bilişimize görä, ýaramaz ruhlary kowup, ruhy hassalygy bejermek üçin "huw hak" diyip seslenip ilki egilip ýõräp, soñ aýaklaryny tarpyldadyp, Allany ýatlap ylahy sõzleri gaýtalap "Ylahy Omyn-eý " diýip başlanýan zikir çekmek küşt depdiniñ has irki gõrnüşidigini bilmeýanimiz az-azdyr. Zikir çekmek ýaramaz ruhlara garşy okalýan doga hõküminde kabul edilipdir.
"Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlüginde"
"zäkir" sõzüniñ arap sõzi bolup "ýada salyjy, Hudaýyñ atlaryny gaýtalaýjy, hereket ediji" diýmekdigi bellenilýär.
Rowaýatda aýdyşlaryna görä: "biziñ eramyzdan alty asyr õñ ýaşap geçen Zekerýa pygamberi şeýtanyñ aldamagy sebäpli duşmandan gaçyp, agajyñ kõweginde gizlenipdir, şonda pygamberi jezalandyrmak üçin ol agajy byçgy bilen kesipdirler. Agaç bilen bilelikde Zekerýa pygamberiñ hem başyndan kesipdirler. Pygamber jan bereninde zikri-rahman edip, Allanyñ atlaryny tutup hiñlenýan ýaly owazlanyp jan beripdir." Küştdepdiniñ döreýşi, aýdylyşy baradaky gyzykly maglumatlary enemiñ manyly gürrüñlerinden diñlemek has ýakymlydy. Hut şuña meñzeş rowaýaty enem (Tuwakgül) ir wagt gürrüñ bereninde pygamberiñ (r.a) yanynda şol wakany synlap duran ýaly, gyýylyp diñlänim ýadymda galypdyr.

Hezreti Magtymgulynyñ keramatly, hazynaýy hikmetli, dogaýy setirlerinde gabat gelmek bilen rowaýatyñ añyrsynda nähili-de bolsa bir hakykatyñ bardygyna ynanmyñ artýar:

Ol Zekeriýa pygamber kim Tañrynyñ Zäkir guly,
*Erre goýdy başyga ol zikri-rahman eýledi.

"Babarõwşen" dessanynda:

Kapyr erreledi ol Zekerýany,
Saña gelip kimniñ gõwni şat oldy.

diýip tekrarlanyp geçilýar.
Küştdepdiniñ asly Zekerýa pygamberiñ hormatyna zikir atlandyrylyp yslam edebiýatynda türkmen halkynyñ Zekeriýa pygambere goýan sarpasyndan hasyl bolanyny çeşmeler habar berýar.
Deñiz ýakasynda ýaşan türkmenler oglanlary deñize awa gidenlerinde yzynda galýan hossarlary eneleri, uýalary, atalary olaryñ uç gyraksyz, haçan tupan turjagy näbelli bolan, çaýkanyp ýatan mawy dünýäden balalarynyñ, agalarynyñ, sõwer ýarlarynyñ sag-aman ojaklaryna dolanyp gelmegini Beýik Ýaradandan zikir çekmek, gazal aýtmak bilen towakga edipdirler. Ellerini asmana galdyryp aman diläpdirler. Howply ýolçulykdan aman dolanyp gelen deñizcileriñ gaýdyp gelen wagty bolsa oba bolup garşylap, şatlykly küşt depipdirler, şükürli zikirler bilen senalapdyrlar.
Eýse bu wagtky ýaly tehnalogiýalaryñ ýok dõwründe, telefon ýaly habarlaşyjy serişdeleriñ yok, ýerinde perzendini howply ýola ugradan ene nädip õýde ynjalyk tapardy. Gõzüniñ nury arkadaýanjy agasyny, doganyny, ýüreginiñ karary sõwer ýaryny gaýdyp geljegi gelmejegi gumana ýola ugradan naçar Alladan zikir etmekden başga näme bilen ýüregini rahatlandyryp bilerdi?! Ak umytlara beslenip çekilen gazallardan soñ şikardan gaýdyp gelenleriñ şükranasyna şatlanyp oýnalan tansy, aýdylan gõwün begenjine küşt edepdi diýilipdir.
Elbetde wagtyñ geçmegi bilen küşt depdi ýurduñ beýleki ýerlerine ýaýrap her welaýatyñ õzüçe küşt depip, gazal aýdyp bu dessuryñ asylky görnüşinden tapawutlanmagyna getiripdir.

-------------------------------------
*(Erre - salyr, ärsary şiwelerinde byçgy diýmegi añladýar eken)

Bellik:
"Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlügi"
Magtymguly Pyragynyñ goşgusy
"Babaröwşen" dessany hem-de
Enem Tuwakgüliñ gürrüñlerinden peýdalanyldy.c

2018 ý
13
25
Arslan_Alaýew
11.08.2024 06:57
GÖMÜK

Arzuwlaryň ölýän eken käbiri,
Eliň bilen jaýlanyňy bilmeýäň.
Olaň mazaryna mawy asmandan,
Ýagyş ýagýar,
Ýagyş ýagýar,
Diňmeýär.

Güllemeýär depesinden, bägülem,
Öseni hem juda meňzeş tikene.
Düşünmedim näme boldy, nägünäm,
Ýürek kesel tapdy saldym tikine.

Lukmanam tapmady kesel kesgidi,
Onuň körlügini bilmedik boldum.
Men öz gaýgylarmy hiç kime bermän,
Öz başyna gezip ýören oglandym.

Boýny ýogyn diýmäň maňa,
Beýle däl!
Ugry ýiten, ýady göýdük birzat men,
Men ýeri söýýärin ýöne beýgi däl.
Arzuwlaryn jaýlap gaýdan berbat men.

© Amangeldi ATAÝEW

15.07.2024ý
25
74
Arslan_Alaýew
11.08.2024 00:41
Durmuşda öz ýeriňi tapmakmy

Daş töweregiňe seredýäň welin her kim öz işi bilen başagaý bolup ýör. Bazardaky satyjylar, taksistler, edara işgärleri ýa-da daýhanlar. Göwnüme bolmasa şularyň hemmesi durmuşda öz ýerlerini tapyp, kanagat edişip işläp,gezip ýörler. A sen näme edip ýörsüň? “Näme iş bilen meşgullanýarsyň? Käriň näme?” diýlen soraglara takyk jogap berip bileňok.
 Munyň sebäbi bir işde ökdelemegiň ýerine hemme zada ýetjek bolduň. Ählisinden biraz öwrendiň taşladyň, öwrendiň taşladyň. “Käri öwren-de ýigren” sözüne ýalňyş düşünäýdiň öýdýän hä körpe? 
Bu zatlar barada bir iki adamyň ýanynda söz açan wagtyň hem sen “Şükürsiz” bolýarsyň. Daş töwerekde seniň günüňe ýetip bilmeýänler barmyşyn. Dogry welin bärde meniň günäm näme?

Meniň pikirimçe bärde çagalykda eşiden “Pylanyň çagasy bela ýaly” gürrüňimiziň täsiri gaty uly. Sen ýaňy bir käri öwrenip başlaýarsyň welin ýaňky gürrüňi aýdýarlar. Onsoň sen şol pylanyň çagasynyň edýän zadyny etjek bolýarsyň. Şeýdip şeýdip azyndan 10 ýylyňy iýdiň. Oturlyşykda sen kelläňdäki maglumatlar bilen hemme kişini güýmeýärsiň welin ol maglumatlar pul gazandyranokda köşek.

Ene ataň senden soraman köp seniň hakyňda köp kararlar aldymy? Aldy. Kä wagt senden näme isleýändigiňi soran wagtlarynda welin sen jogap berip bilmediň. Sebäbi sen bu soraga garaşmandyň. Jogabyny pikirlenip tapýançaň eýýäm olar sen barada kararlar aldy. Bagyşla gija galdyň han ogul!

Bolan zatlar üçin hiç kimi (maşgala) günäkärläsiň gelenok welin kän bir özüňde-de günä goýasyň gelenok.

Durmuşda sen hiç kime garşy erbet bolasyň gelenok, ýagşylykda tanasynlar isleýärsiň emma jemgyýetde çenden aşa ýagşy adam ejiz adam hökmünde görülýänine soň düşünýärsiň. “Dawaý indi erbet adam boljak!” diýersiň welin onuň üçin hem gijräk. Sebäbi 25–30 ýyllyk öwrenilen endik,häsiýeti üýtgetmek aňsat zat däl (mümkin däl).

Indi wagtyň geçmegi bilen sen ene ata bolýarsyň. Indiki maksadymyz ene atamyzyň ýalňyşyny gaýtalamazlyk. Olaryň öz ýaşap, başaryp bilmedik zatlaryny biziň başarmagymyzy isläp eden ýalňyşlaryny sen öz çagaňda etmeli däl welin sen hem köp zady başarmadyň ahyry. “Men edip bilmedim çagam bir etsin” diýýärsiň. Onda bu herekete paradoks hem diýip bileris. (Çözgüdi barmy? Pikirlenmeli)
15
41
Arslan_Alaýew
10.08.2024 20:00
Kaka, şu wagt ertir boldumy?

Eýýäm sagat gije 11-e golaýlap barýar. Eýýäm ertir bolup barýar.

Men welin henizem bu günki meýilnamamy dolamok. Yzda galan 23

sagat etmedik işimi (öz öňümde goýan gündelik meýilnamamy) bir

sagadyň çäginde bitirjek bolýaryn. Ýogsam meniň bu meýilnamamy

özümden başga bilýän hem ýok. Şeýle-de bolsa, özümden müýnür-

gäp, barmaklarymyň tizligini artdyrmaga çalyşýaryn. Sagadam haýal-

ladasym gelýär. Hyýalymda Londona gidip, ýene-de dört sagat pury-

ja aldym (Göwün aldawy-da, garaz). Sebäbi olarda (tomusda) ertiriň

bizden dört sagat giç gelýänligini eşidipdim. Gümansyratmak nämä

gerek, ol ýerde okaýan dostuma bir ýola säher bilen jaň etsem, ol

entek tünüň ýarynda ýedinji düýşüni görüp ýatan eken... Wagt gidip

barýar, gyssanmak gerek. Men ertiriň gelmegini näçe gijikdirjek bol-

sam hem, wagtyň bady haýallar ýaly däldi. Nähilidir bir güýç onuň

çarhyny has batly aýlaýan ýalydy...

Asyl meniň ýeke özüm şu günde eglenmek isleýän bolsam gerek.

Ertiriň tizräk gelmegini isleýänler bolsa köplük bolarly. Muny nire-

den bildim (ýagny çakladym) diýseňizläň, süýnüp ýatan ýerimden

haýdap ýazyp ýatyşyma ünsüm bölündi. Işläp oturan otagyma gyzym

girdi-de: «Kaka, çaý demläýinmi?» diýdi. Men başymy galdyryp, oňa

bir söz bilen «Ýok» diýip jogap bersem hem, edil şu pursat öň hem

bolup geçen ýaly, oýa batdym. Oňa dežawýu diýilýär (bu sözi fransuz

dilinden göni terjime edeniňde, ol «öň hem görlen» diýen manyny

berýär). Ýekeje sowal-jogap alşylar salymyň içinde täsin bir ýagdaý
bolup geçdi. Ýap-ýaňy hem sähelçe müddet säginmegi ýokuş gör-

ýän wagt birdenkä 6-7 ýyl yzyna aýlanan ýaly boldy. Otag, gapy...

garaz, hemme zat öňküligine dur. Emma gyzym kiçelip, ýaňy bir dil

bitenindäki hala bardy. Ynha, ol ukuly gözjagazlaryny owkalap, bo-

sagada dur. Ýene ol özüniň sowalyny berýär. Emma bu soňky gezek-

däki ýaly, çaý bilen bagly däl. Ertir bilen bagly: «Kaka, şu wagt ertir

boldumy?». Asyl men hälki «Ýok» sözüni hyýalymda aýdan ekenim.

Gyzym hem entek meniň jogabyma garaşyp duran eken. Şu halda

bir zad-a bolup geçdi. Ýa-ha sähelçe wagtlyk wagt ýitdi, ýa-da men

uklap-oýandym. «Ýarym sagatdan ertir bolýar, gyzym!» diýen joga-

byma ol aňk-taňk boldy. Sebäbi ol menden tapawutlylykda, 6-7 ýyl

mundan öň hem oňa edil şu jogaby berenligimi ýadyna salyp bilenok.

Onsoň men özümi ele aldym-da, giňişlikden häzirki pursada tarap to-

wusdym. Edil ýapdan böküp geçen ýaly, başga ölçege — bu kenara

düşdüm. Ýaňky aýdan sözlerimi häzirki pursadyň diline terjime et-

dim: «Çaý içjek däl, gyzym, ertire çenli ýazyp ýetişdirmeli zadym

bar, başlyk ýumuş tabşyrdy».

Gyzymyň şol sowaly — çaýly sowaly däl-de, ertirli sowaly nä-

me üçin berendigi anyk ýadymda däl. Belki, ertir bir ýaňa gezelenje

äkitmegi ýa-da nämedir bir zat alyp bermegi wada berendiris. Garaz,

onuň tizräk ertir bolmagyny isleýänligi-hä anykdy. Başga-da bahym-

rak ertir bolmagyny isleýänler, megerem, köpdür. Özüm hem köp ýo-

la isläpdim. Harby eşikli uzyn gije şöwür çekmeli bolanymda gün-

dogardan görünjek şapaga, kakamyň işden gelerine garaşyşym ýaly,

intizar bolan gezeklerim az-küş däldir. Nämedir bir zadyň haçan bol-

ýanlygyny soranymda, «Eeeertir» diýip jogap berlen gezekleri köp

bolupdy çagalykda. («E» harpynyň süýndürilip aýdylmagy meniň

şol wagtky sözlük gorumda köp wagty aňladýardy). Onsoň men ony

anyklaşdyryjy ikinji sowaly hem bermeli bolýardym. «Oňa çenli üç

ýatsak, bolýarmy eeeertir?» Garaz, şol «e»-leri azaldyp, «ertiriň» «şu

güne» öwrülmegini çynym bilen islän gezeklerim köp bolandyr…

Emma şu wagt welin ertiriň biraz eglenmegini isläp, haýdaýaryn. Ol

eýýäm ýetip gelýär. Gelse-gelibersin. Menem şu günki meýilnama-

myň ahyryna ýetip gelýän. Indi men muňa kaýyl. Bu gün üçin müý­nürgemän biljek. Emma men başga bir günüň (31072002) welin ertire öwrülmezligini gara çynym bilen isläpdim. Ol gün men kakamy iň

soňky gezek görüpdim…
15
54
Arslan_Alaýew
10.08.2024 09:16
Ejeňize til kakyň!


Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda sms geldi: «Häzir

sagat 12 bolar welin ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap

otyr!» Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň ba-

da-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikir-

lerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haý-

sydyr bir sany ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan

habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga

ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan

bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolar-

dy. Ençeme eneler bolsa… ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa

şat bolardy. Men bu habaryň ähli adamzada ýollanan bolanda, juda

gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakden peý-

da bolmajagyna magat gözüm ýetensoň, «Ýeri, bu hyýalyň hakykata

aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Bel-

ki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip

biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip içimden bir ses — özüm

özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym, ýok, bu leji çykan,

edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, komp-

ýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym…

Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, ony doglan güni bilen gutlaň.

Sebäbi şol gün bolmadyk bolsa, onda sizem bolmazdyňyz. Onuň ha-

lyndan habar alyň. Agzyňyzdan süýt ysy gitmedik bäbekkäňiz, «iň-

ňäläp», ukusyny harama çykaranlygyňyz üçin ötünç soraň. Şonda ol ýylgyrar. Siziň bäbek halyňyzdaky pursada dolanyp baran ýaly bolar.

Sizi akja arlykda ýatan päkize guşjagaz hökmünde alkyşlar. Oňarsa-

ňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlary-

ny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Ese-boýa galyp ugran wagtlaryňyzda hapalap ge-

len egin-başyňyzy, dyzanaklap ýyrtan jalbaryňyzy ýuwup-tämizläp,

tikip-çatyp, ertire taýýarjak edip goýanlygy üçin, munuň üçin uzynly

gijesini gydyrdanyp geçmeli bolanlygy üçin, sag bol aýdyň. Şonda

ol sizi eliňizden tutup, ilkinji gezek mekdebe alyp barşyny göz öňü-

ne getirer-de, ýylgyrar, hyýalynda özüniň gaýan akgaýma tahýasyny

siziň başyňyza geýdirer-de, «oglum, gyzym» diýip, siziň başyňyzy

sypalar. Oňarsaňyz-a şol pursatda aýtmadyk minnetdarlyk sözüňizi

ýanyna baryp aýdyň-da, onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Belki, ol bu wagt Kerim Gurbannepesowyň «Ýaz-

masy agyr düşen goşgusyny» okap, oýurganyp, agyr oýlara batyp otu-

randyr. Belki, hut şu pursat şu ýazgylary okaýandyr-da, perzendiniň

şu tymsaldaky Baýazid Bistami ýaly bolmagyny arzuw edýändir:

«Baýazid Bistaminiň ejesine goýan hormatyny ýatlalyň. Garry ene

aýazly bir gyş gijesinde oýanyp, suw içmek isläpdir. Baýazid görse,

suw taňňyry boş eken. Daşaryk ylgap gidip, suw getirýänçä ejesi ýa-

ňadan uka giden eken. Başujunda eli suwly pyýalaly birnäçe sagatlap

gözüni gyrpman garaşyp durupdyr. Ýene oýanan ejesine elinde saklap

durşuna ýylap giden suwy uzadypdyr. Şol günki alan alkyşy-dogasy

Baýazid Bistamini welilik makamyna (derejesine) ýetiripdir».

Oňa mähremligiňizi duýduryň. Mekdepde, institutda käte mugal-

lymlaryňyzyň öňünde ýüzüni gyzartmaly bolanlygyňyz üçin ondan

ötünç soraň. Şonda ol siziň orta bilim hakyndaky şahadatnama, ýoka-

ry bilim alanlygyňyz baradaky diplom alyp gelen pursadyňyzy ýatlap,

size guwanar, buýsanar. Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak söz-

leriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Ejeňize til kakyň! Hawa, meňk-ä bir ýatlatmak. Entek giç dälkä til

kakyň! Oňarsaňyz-a ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de

onuň alkyşlaryny nagt alyň… Ine, meselem, mende sizde bar bolan

bu artykmaçlyk ýok. Men şol hukukdan mahrum. Men diňe her an­na agşamy — şu agşam edişim ýaly, ejemiň… ruhuna bagyşlap aýat

okaýan. Meň ýagdaýymda bolsaňyz, onda, hiç bolmanda, sizem şeýle

ediň. Şonda onuň ruhy tirsegine galar.

Ejeňize…
20
144