"SÖÝGI ÝOKDUR DÜNÝEDE"
1-nji bölümi...
Jennet orta mekdebi gowy bahalar bn gutaryp daşary ýurda okuwa girmäge synanyşdy. Synaglardan gowy geçdi. Birnäçe wagtdanam ol okuwa gitdi. Täze ýurt, täze dostlar, täze okuw jaýy Jennedi has hem gyzyklandyrýardy. Okuw ýylynyň başynda ol öz ene ýurdundan bolan Myrat atly oglan bn dostlasdy. Myrat görmegeý çakgan oglandy. Jennet boş wagtlaryny Myrat bn gecirerdi. Bir gezek adaty gezelençde Myrat Jennedin gozlerine seredip durdy.
Jennet: Name boldy?
M: Näme diýsemkäm. ....Bolýala. ... Men seni soyyan Jennet! Ynanay seni ilki göremde saňa aşyk boldum! Seni soyyan!
Jennet hiç zat diyman durdy.
M: Eger meniň soygime garşy bolsaň onda hiç zat diyme.
Jennet onuň gözlerine seretdi. Bu bolsa söýgiň alamatydy. Aslynda Jennet şu wagta çenli soyup gormandi. Ol bu zatlary söygidir diyip düşündi...
Olar elmydama bilediler. Talyplar olary aşyk-magsuk hökmünde gorerdiler. Jennet Myrat bn geçen her bir gununi bagtly sayardy. Şeýdip olar dört ýylyň gutaryberenini duyman galdylar...
Okuw ýylynyň soňky gunleridi.
Soňky wagtlar Myrat Jennedin yanyndan çekilip başlady. Jennet ilki muňa üns bermedi. Yöne ol sona baka has daşlaşyp barýardy. Haçan-da Jennet bu zatlaryň sebäbini sorasa :
--Jennet su wagt maşgalamda kynçylyk döredi. Hayyş edýän ters düsünme! Biraz wagt ber, hemmesi ýerli -ýer bolar. -diydi.
Şeydip okuwyň soňky synagyda gutardy. Aradan birnäçe günem geçdi .Ýöne Myradyň şol bolşy. Soň sonlar ol asla yitirim boldy. Jennet oňa jaň edip gördi. Bary biderek boldy . Ol jaň etmegini dowam edýär. Ahyry ol telefony göterdi
J: Alo Myrat name boldy? Ýitirim boldynla? Men alada edyan
Myrat gülümsiräp :
Ezizim men şu wagt öyde! Düyn gijeki uçarda gaýtdym. Wagtym bolmansoň aydyp bilmedim. Meni bagyşla janym!
J: Bolya ýöne sen.....
M: Sen haçan gaytyan? Seni gaty goresim gelyar. Tizrak geljek bol. Gelen dessine ejem dagyny oyünize iberjek janym. Şu wagt diňe seniň gelmegin gerek. Haçan gaytyan?
J: Neme biraz wagtdan ....
M: Bolýa ezizim şu wagt wagtym ýok. Soň gurleseris. .....
Jennet bu sözleri eşidip öran begendi. Ozuni iň bagtly adam ýaly duýdy. Ýöne onyn hiç zatdan habary ýokdy. Aňyrda oňa näme garaşýandygyny bilen bolsa, megerem ol gitmek islemezdi.
Jennet resminamalaryny dogurlap öýüne gaýtmak bn boldy. Onyň dostlary ýene biraz galmagyny haýyş etdiler. Jennet özüniň galyp bilmeýändigini düşündirip olar bn hoşlaşyp gaýtdy. Ol uçara münenden tä öýüne barýança Myradyň pikirini edip geldi. Ol öýüne baranda ony ähli dogan-garyndaşlary garşy aldylar. Jennedin gelenini uly dabara bilen bellediler. Hemmeleriň ýüzünde begenç, şatlyk bardy ýöne Jennedin ýüzünden gar ýagýardy. Ol sustypesligi özüniň ýadawlygy bn bahanalady. Jennetdin gelenine birnäçe gün geçdi. Ýöne Myratdan hiçhili habar ýokdy. Jennet ýerli hassahanalaryň birine lukman bolup işe ýerleşdi. Onuň uçin durmuşyň gyzygy galdy. Ol henizem Myradyň özini unudanyna ynanyp bilenokdy. Jennet hiç zada düşünenokdy.Ol Myradyň okuw döwründe ýitirim bolyp, birdenem bir ýerlerinden sowgatly gelip ony begendirislerini ýatlady. Ol bu zatlary Myrat bn düşünişmek üçin jaň etdi. Yöne jaňa jogap beren bolmady. Jogapsyz jaňlar köp boldy. Bu gezek ol jaň etmek bn näsagyň ýagdaýyny görmeli wagtyň geçip gidenini bilmän galdy. Ol telefony eline alyp kabinetden çykdy. Zalyň ugrunda gidip barşyna şol jaň edip barşy. Birdenem ol kimdir biri bn çaknyşdy. Jennedin elinden telefony gaçdy.
J: Nädäýdiň muny? !
Ol oglan
Bagyşlaweriň, men bilgeşleýin etmedim. Jennedin gözlerinden akýan göz ýaşlary görüp ol oglan geň galdy.
O: Eger isleseňiz men size ony bejerdip bereýin.
J: Men jaňa garaşýardym. Jennet döwlen telefonyny haladynyň jübüsine saldy. Ol näsagyň otagyna gitdi. Biraz wagtdanam işlerini gutaryp otagdan çykdy. Zalyň ugrunda gidip barşyna ýaňky oglan ýene onyň öňünden çykdy.
O: Telefon ün ötünç soraýan. Men bilgeşleýin etmedim.
Jennedin gahary gelip
Bu gezek elimde hiç zat ýok. Siz dower ýaly.
O: Ýogsa-da siz hem şu ýerde lukmanmy?
J: Näme satyja meňzeýänmi?
Ýok-laý aslynda menem birnäçe günden soň şu ýere işe gelmeli. Tanyşlyk bize zelel bermezdi. Adym Mekan!
Tanyşanyma şat!
Siziň Adyňyz?
Jennet
Owadan Adyňyz bar
Jennet bu söze hiç zat diýmän öz ugry bilen gidiberdi. Mekan oňa garap galdy. Ertesi Jennet irden işe gelip näsaglaryň dermanlary bilen meşgullandy. Ol ýazgylary alyp otagdan çykdy. Öňünden ýene Mekan çykdy
Dowamy bar...