"SÖÝGI ÝOKDUR DÜNÝEDE"
2-nji jemleýji bölümi...
Ertiriňiz haýyrly bolsun Jennet!
J: Siziňkem haýyrly bolsun. Ýalňyşmasam siz işe birnäçe günden soň gelýän diýipdiňiz.
M: Aý bärde näsaglar köpelse menem öýde bolsam gelşiksiz bolara.
J: Dogry aydyan diýip gidiberdi.
Mekan oňa garap kömek gerek bolsa ýüz tutup bilersiňiz!
Jennet gülüp
Aý geregi ýok , sag bol...
Jennet Myrada jaň edip bilmeýänine gaty gynanandy. Ol biraz pikirlenip, birdenem Mekanyň telefonyndan jaň etmegi ýüregine düwdi. Ol Mekanyn kabinetine baryp gapyny kakyp otaga girdi. Mekan aljyrap otyran ýerinden turup bilmän galdy...
Mekan aljyrap otyran ýerinden turup bilmän galdy...
Jennet geliwerin.
Mekan maňa telefonyňy berip bilmezmin jaň edäýjekdim.
M. Bolýa me
Jennet telefony alyp derrew Myradyň belgisine jaň etdi. Bu gezek ol jaň gury galmady. Telefony göteren Myrat boldy.
J. Alo salam Myrat.
M Salam kim bu?
J Näme tanamadyňmy men jennet.
M Senmi. ...
J Ýagdaýlaň gowymy birden ýitirim boldynla?
M Näme düşnüksizmi?
J Ýok nämä düşünmelidim ?
M Meni unutmalydygyňa
J Näme üçin unudaýyn?
Söýeniň üçinmi? !
M A how nämäniň söýgüsi? ! Gözleriňi giňräk aç! Nirede söýgi görýäň? Ol bir gatnaşyk açmak üçin ulanylýan sözler.
J Diýmek Meni söýmänsiňdä? ! Onda Söýýän diýip aldamak nämä gerekdi?
M Düşün dört ýyl az däl. Ony geçirmek üçin bir güýmenje geregä! Onsoňam meni yzarlap ýörme! Meni günüme goý. Meň adaglym bar. Nesipbolsa. ...Telefony Mekan elinden alyp öçürdi. Jennet aglady.
Nädip diňläp dursyň? !
Ol hiç zat diyman aglady.
Mekan
Su gun irräk gidip dynç alsan saňa has gowy bolar. Jennet şol wagt başlykdan jogap sorap öýüne gitdi. Mekan telefondaky gepleşikden soň bar zada düşündi. Onyň telefon üçin aglany, yzyndanam zordan ýeten adamyň ony kemsideni bularyň bary Jennet üçin gaty agyrdy. Mekan Jennedi gowy görýärdi. Ýöne Myrat bn bolan wakadan soň ol öz söýgüsini aýtmagy biraz soňa goýdy. Ol Jennedin azajygam bolsa şadyýan bolmagy üçin her zat ederdi.
Jennet bolan wakadan soň özüni ýalňyz duýdy. Ýöne Mekan ony bir minudam ýeke goýanokdy. Her gezek bir zatlar bahanalap onyň ýanynda bolardy. Jennet eýýäm oňa öwrenişdi. Mekan günde ony işden soň öýüne çenli ugradardy. Şeýdip aradan bir ýyl geçdi. Mekan Jennet bar zady unudandyr dp pikir etdi. Ol ahyry bar zady aýtmagy ýüregine düwdi. Işden soň olar bile ýöräp barýarlar
Jennet bir minut saklansana
Näme boldy
Saňa bir zat aytjakdym.
Howa diňleýän
Seni soyyan Jennet! Seniň söýgiň ün hemme zada taýýar.
Jennet güldide
Söýýän diýdiňmi ?
Howa söýýän
Besetsene gözleriňi giňräk aç. Nirede söýgi görýäň?
Mana sensiz sensiz kyn men nädeýin
Unut
Unudyp bilemok sebäbi söýýän.
Adamlaryň düýş görüp ertesi unudyşy ýaly unut! Söýüp ertesi unut diýşi ýaly unudaý!
Nirede söýgi görýäň diýýäňmi söýgi ýürekde bolýa adamyň ýüzünde däl, düýş görüp ony unudanoklar ondan many çykarýalar, çyny bilen söýen hiç haçan unut diýmez.
Jennet bu sözlere jogap tapmady.
Sen ynanaý meň saňa bolan söýgimi hiç zat ýok edip bilmez. Ol söýgi meň ýüregimde bakydyr. ...
Jennedin damagy doldy aglasy geldi. Hiç zat diýmän öýüne gitdi. Baran badyna otagyna baryp bar sesi bilen aglady. Ejesine bar bolan zady aýtdy. Bu zatlary eşidip gyzyna gynanandy.
Gyzym ýalňyşmasam sen Mekana ynanman ters iş edýäň. Sebäbi konelerimiz aýdypdyr "öz söýeniňe däl seni söýýäne " ...
Ol seni çyny bilen söýýär. Sebäbi bolan zady bilibem saňa goltgy berdi, Señ ýanyňda boldy.
Eje senem söýgi diýýäň nämäniň söýgüsi? Söýgi öňem ýokdy häzirem ýok indem bolmaz eje !
Sen ýalňyşýaň gyzym ol duýgy her kimiň kalbynda bar.
Özüni gynama jan gyzym.