Söýen ýigdim indi kyýamatlyk doganym
2-nji bölüm
Ejem bir gezek görişmegime razy boldy .
Yhlas görüşmäge gelende ýüzi salykdy, diňe dymýardy.
Menem baryp diňe dymyp gaýdym. Gaýtjak bolamda
Maýam men saňa düşünýan, özümize galsa bir birimizi hiçem ýeke goýmajagymyzy ýuregim syzýar, ýöne ene atamyz üçin biz bir ýolymyzy aýralamaly boldyk. Ykbalym beýle daramagyny hem hiç kimden hem göremok,maňlaýyma ýazylmasa bir sebap bolaýmaly
Maýam, ýatlap dur, seniň arassa päk söýgüňe mynasyp bolan ýigdi sylap hormatlap bagtly bol, sen bagtly bolsaň men bagtlydyryn, egerde göziňden göz ýaş dökülse onda men hem aglaýandyryn, mydama şadyýan ýaşa, soň menem şadyýan bolaryn, diýdide elimden gysdy. Onyň gyzgynjak eli bu gün buz ýaly sowukdy.
-bor Yhlas, senem bagtly bol, diýip öz ýolym bilen ýöredim. Diýmesinä diýdim welin söýýan ýigdiňi ýitirmek gaty agyr degdi, öýe gelip kellami ýassyga berdim, diňe agladym, göz ýaşdan başga zada welin güýjüm ýetmeýardi....!?
Şeýdip Yhlas öýlendi. Onyň öýlenenine bir hepde geçmänkä kakasy aradan çykdy.
Yhlas öýlenenden soň men ony görmedim bolmasa, obamyz uly bolansoň ol merkezde ýaşaýardy men bolsa bölümindedim, ýöne bir oba diýip gitýärdi. Ol obaň ýaşaýjylarny yaşulylar bir birini tanaýmasa, bir birini tanamyzokdyk
Ondan soň ony bir gezek hem daşdan hem görmedim
Aradan ep esli wagt geçdi. Menem şo tikin çatyn bilen başagaý bolyp gezip ýördüm. Öýde koýnek tikýardim, öýden daşa hem toý poý bolaýmasa çykamokdymam
Aradan üç ýyl geçenden soň menem şaherde ýaşaýan daýzamyň oglyna durmyşa çykdym. Söýişmedimem öýdäkiler halady, öň hem görüp ýöremsoň, bir iki gezek duşyşyp toý etdik
Ýöne oňat gelen ýerim daýzamyň öýi bolansoň daýymam daýzamam ýaşyndyrmadam, öýe garylyp gitdim
Aý gün geçip durdy, name gelin bolyp geleňsoň gaýynlar hem derrew agtyk söýjek bolýalar, nämede bolsa Alla diýen ýerimiz bar ekeni, gelin bolyp gelenimden soň derrewjik göwräme hem çaga galdy.
Daýzam hem daýymam eýýam at hem taýynlap goýdylar....
Aý gün geçip aýym günüm dolyp, çaga dogulýan bölüme düşdüm.
Çagaňa ýoly doly açylmansoň men çaga dogulýan bölümiň dogrym zalynda, çaga dogurjak gelinleriň ýanyna ýerleşddirdiler.
Birinji göwräm bolansoň äm-säm bolyp durdym.
Ýanymdaky gelinleriň gygyrşyny görüp has hem aljyraýardym, özäm öler ýaly gorkyardym. Sol guni menin oglum boldy, lukmanlaram oglanjyk boldy, gerçek yigit bolar nesip bolsa diýip göwegin kesip, garaşyp duran şepagat uýasyna geçirdi.
Menem görkezäýdä diýip duryn
Şepagat uýasy bäbegi agladyp sanjymyn uryp garnymda ýatyrdy
30 munudyň dowamynda bäbegi emdirmäge berdiler
Soň bolsa näme bolanyn bilemok. Özümden gidipdirin, dogrymdan soň gan köp gidipdir.....
Meniň çagam bolmanka bir özüm bilen deňiräk bir gelin ýanymda ýatyrdy. Meniň turanym görüp, lukmanlar meniň gan basyşymy barlaýança, ol bir käse nabatly çaý taýynlady
Lukmanyň indi ýagdaýyň gowy, özä birden gaty gorkyzdyň, diýdide otagdan çykdy
Ýanyma ýaňky gelin bir käse nabatly çaýyn getirip
=siziň adyňyz näme jora
=Maýa
=Men Mährijemal, Mähri diýäý
=maňa näme boldy Mähri, çagam ýagdaýy bir gowymy
=howwa çaga gowyla, ýöne birden çagaň bolandansoň, gan köp gidip öziňden gitdiň, gan toparyň bilen deň gan tapylman gaýnyň dagy iki ýana elewredi
=ýoldaşym gelmedimikä
=ýoldaşyň geldi, ýany bilen 4 sany oglan hem alyp geldi, ýanynda getiren ýigitleriňä hiçisiniňem gany gabat gelmedi
Onda maňa kim gan berdikä
=meniň ýoldaşym
=seniň ýoldaşyňmy
=howwa jora meniň ýoldaşym saňa gan berdi, indi sen onyň bilen kyýamatlyk dogan boldyň
=gowy bolyp çykamda aýratyn sagbolsun aýdarynda
=sagbolsyna men aýtmaly size
=hä näme boldy
Dowamy bar